Daşky gurşawy goramagyň bütin dünýä güni mynasybetli “HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNDA DAŞKY GURŞAWY GORAMAK BOÝUNÇA ÖŇDE DURAN WEZIPELER WE HALKARA HYZMATDAŞLYK” atly ylmy-amaly maslahat.

46
    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz ähli ulgamlar bilen bir hatarda daşky gurşawy aýawly saklamak, tebigatymyzyň haýwanat we ösümlik dünýäsini gorap saklamak bilen bagly wajyp wezipeleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Sebäbi, bu ugur Arkadagly Serdarymyzyň ekologiýa babatdaky abadan geljegimizi nazarlaýan parasatly syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
    Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda her ýylyň 5-nji iýuny bütin dünýä daşky gurşawy goramak güni giňden bellenilip geçilýär.Şu nukdaýnazardan ugur alyp, şugün Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda “HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNDA DAŞKY GURŞAWY GORAMAK BOÝUNÇA ÖŇDE DURAN WEZIPELER WE HALKARA HYZMATDAŞLYK” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
   Her ýyl geçirilýän maslahat ekologiýa ulgamynda gazanylanlary we döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.
    Utgaşykly görnüşde guralan maslahata ýurdumyzyň tebigaty we daşky gurşawy goramak düzümleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň öňüsyrasynda Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamyndaky üstünliklerini şöhlelendirdi.
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1972-nji ýylda esaslandyryldy. Şondan bäri ol dünýäniň köp ýurtlarynda häzirki zamanyň ählumumy meseleleriniň çözülmeginde dünýä jemgyýetçiligini has utgaşykly işlemäge bolan maksatlary özünde jemleýän sene hökmünde bellenilýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04