5-nji iýun - daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni
54 Mälim bolşy ýaly, her ýyl bütin dünýäde “Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni” bellenilip geçilýär. Ol BMG-nyň daş-töwerekdäki gurşaw boýunça Stokgolm konferensiýasynda 1972-nji ýylyň iýun aýynyň 5-ne yglan edildi. Konferensiýada daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary aýawly peýdalanmak, olary köpeltmek, tebigat bilen elmydama sazlaşykda bolmak we başga-da tebigaty goramaklyga degişli iňňän wajyp halkara ähmiýetli meseleler boýunça kararlar kabul edildi. Ýurdumyz Garaşsyzlygyny we Baky Bitaraplygyny alanyndan soň daşky gurşawyň Bütindünýä gününi belläp geçirmeklik däbe öwrüldi we 2008-nji ýylda ol milli baýram diýlip yglan edildi.
Ýurdumyz boýunça tebigaty goramak meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly konferensiýalar, tegelek stollar, ilatyň ekologik düşünjelerini ýokarlandyrmak boýunça çäreler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gönüden-göni ýolbaşçylyk etmeginde daşky gurşawy aýawly saklamaklyga, halkyň saglygyny berkitmeklige gönükdirilen birnäçe çäreler durmuşa geçirildi. Türkmenistanda tokaý we ýaşyl zolaklary döretmeklige uly orun berilýär. Häzirki wagtda şäherleriň, şäherçeleriň, obalaryň, “Awaza” Milli Syýahatçylyk Zolagyny öň töwereklerinde millionlarça saýaly we pürli agaçlaryň nahallarynyň oturdylmagy muňa aýdyň mysaldyr.
Daşky gurşawy we onuň tebigy baýlyklaryny goramaga degişli ýurdumyzda täze kanunlaryň tutuş toplumy kabul edildi. Şol kanunlar halkyň ykdysady we durmuş abadançylygyny üpjün etmäge, daşky gurşawa we ýurduň tebigy baýlyklaryna aýawly garamagy ýola goýmaga gönükdirilendir. Olar “uglewodorod serişdeleri hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda”, “Türkmenistanyň tokaý kodeksi”, “Ekologiýa seljermesi hakynda”, “Ýerasty baýlyklar hakynda”, “Tebigaty goramak hakynda”, “Galyndylar hakynda” we beýleki kanunlardyr.
Biziň ata-babalarymyz gözel tebigatymyzyň baýlyklaryny aýawly ulanmagy geçmişde öwrenipdirler we bu baradaky däpler hem pähimleri biziň günlerimize ýetiripdirler. Olaryň ählisinde tygşytlylyk, kanagatlylyk we ertirki günüň aladasy ýaly tüýs türkmen durmuşyna mahsus meýiller duýulýar. Adam üçin derwaýys baýlyklarynyň biri-de topragy, suwy aýawly peýdalanmaga uly üns berendigine “Ýeri güýz sür, güýz sürmeseň ýüz sür”, “Suw hasyllygyň özenidir” diýen pähimler hem şaýatlyk edýär. Daşky gurşawy onuň tebigy baýlyklaryny goramaga degişli başga-da, birentek däp-dessurlar asylly pähimler bar. Türkmenistanyň döwleti Hazar deňziniň hapalanmagynyň öňüni almak, onuň biologiki dürlüligini gorap saklamak, ony tygşytly peýdalanmak we köpeltmek maksady bilen Hazarýaka döwletler hem-de halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Hazarýaka döwletleriň tagallalary bilen 1998-nji ýylda Hazar ekologik maksatnamasy işlenip düzüldi we ol üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Hazar deňziniň kenarýakasyndaky Hazar döwlet tebigy goraghanasy biodürlilige baýdyr. Bu ýerde ösümlikleriň 419 görnüşi ösýär. Onuň saý suwly deňiz aýlaglarynda suw otlaryň 41 görnüşi ösýär. Şolardan hara, zostera, ruppiýa, enteramorfa şeýle hem şol suw otlaryň arasynda ýaşaýan mollýusklar, leňňeçşekilliler, gurçuklar suw guşlary we käbir balyklar üçin iýmit binýady bolup hyzmat edýärler. Bu ýerde oňurgaly haýwanlaryň 448 görnüşi ýaşaýar. Şolardan 61 görnüşi balyklardyr, olardan: kepir, çapak, garabalyk, takgaz, kefal, külke şeýle hem doky, bekre, tirana ýaly iňňän gymmatly balyklary mysal getirip bolar. Ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 2 görnüşi duş gelýär. Bu ýerde duş gelýän oňurgaly haýwanlaryň iň köp sanlysy guşlardyr. Şu güne çenli olaryň 302 görnüşiniň duş gelýändigi anyklanyldy. Süýrenijiler 37 görnüşi duş gelýär.Süýdemdiriji haýwanlaryň 46 görnüşi gabat gelip, olardan: hazar düwlen, keýik, gamyş we ýabany pişik, tilki, şagal, gulakly kirpi, oklykirpi, alaka we atýalmanlaryň dürli görnüşlerini bellemek bolar. Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy we gorag bölüminiň hünärmenleri dünýä ähmiýetli biodürliligi aýap saklamak we durnukly peýdalanmak hem-de ony ylmy nukdaýnazarda öwrenmek üçin güýç-kuwwatlaryny gaýgyrman zähmet çekerler.
Adamlar tebigat bilen ysnyşykly gatnaşykda ýaşap gelýärler. Mälim bolşy ýaly ösümlikdir haýwanlaryň ýaşaýşy diňe bir tebigy şertlere bagly bolman, eýsem adama we onuň işewirligine hem baglydyr. Adam olara elmydama aýawly göz bilen garamalydyr. Ülkämiziň tebigy baýlyklaryny goramak we köpeltmek, gözüňi dokundyrýan gözelligi indiki döwürlere, nesillere ýetirmek Watanymyzyň her bir raýatynyň borjudyr. Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşky gurşawy goramak meselesi barada edýän ýadawsyz aladasy we goldawy bilen ene topragymyzyň tebigy baýlyklaryny ygtybarly gorap saklamaklyga we olary köpeltmäge güýçli itergi berýär.
Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň
Tebigat muzeýiniň müdiri
Arzygül Baýramgulyýewa