AMYDERÝA JÜLGESINDE ÝER WE TOKAÝ SERIŞDELERINI DURNUKLY DOLANDYRMAK

78
     Türkmenistanyň tokaýlary howanyň iň bir gurakçylyk şertlerinde önüp ösýärler, çünki ýurduň 80% meýdanyny Garagum we Gyzylgum çölleri tutýar. Şonuň üçin Türkmenistanyň çägindäki tokaýlaryň (tebigy we emeli) ýagdaýy hem-de täze tokaýlary döretmek, döwletiň ilaty üçin, umuman, ykdysady ösüşi üçin möhüm ähmiýeti bar. Howanyň üýtgemegi tokaý serişdelerine, şol sanda toraňňy tokaýlara zyýanly täsir edýär. Amyderýanyň suwunyň derejesiniň aşak düşmegi, toraňňy agaçlaryň we umuman, ösümlik ekoulgamlarynyň tebigy şertlerde köpelmegini çäklendirýär, aýratynam Türkmenistanyň gymmatly tebigy serişdesi bolan buýan kökuniň meýdanlarynyň azalmagyna täsir edýär.
Adamzat tebigat bilen täsirleşmegiň netijesinde kämilleşýär, ösýär, adam ýerden peýdaly magdanlary gazyp alyp olary täzeden işleýär, iýmit we egin-eşik öndürýär, tebigatdan taýýar biologik önümleri ýygnaýar. Adam tebigatdan özüne gerek zatlaryny alyp, daşky gurşawy üýtgedýär we özüne täze maddy gymmatlyklary döredýär. 
Amyderýanyň orta akymy Gyzylgum we Garagum çölleriniň arasyny bölýän ini 10-15 km bolan inçe-uzyn zolak bolup, günortada Kelif obasyndan başlap, demirgazyk-gündogarda Düýeboýun suw howdanyna çenli 600 km töweregi uzalyp gidýän giňişligi tutýar. Jülge, takmynan, deňiz derejesinden 200-300 m beýiklikde ýerleşýär. Klimaty maýyl, ýanwar aýynyň ortaça temperaturasy 0°C-den ýokary, iýul aýynyň ortaça temperaturasy bolsa +30°C-e deňdir. Tomsuna iň ýokary temperatura +46°C-e çenli baryp ýetýär. Ygallaryň mukdary 150 mm töweregidir. Ösümlik örtügi, esasan, şor ýerlere çydamly galofit gyrymsy agaçlardan, ýagny kiçi boýly ojardan, ýylgyndan, çerkeziň görnüşlerinden hem-de otjumak galofitlerden - ýowşandan, selmeden, kermekden we ş.m. ybaratdyr.
Asyrlaryň dowamynda Amyderýa jülgesinde ýaşaýan ilat suwarymly ekerançylyk bilen meşgullanyp, pagta we däne öndüripdirler. Şeýle hem bu jülgede bagçylyk, üzümçilik, bakjaçylyk, ýüpekçilik we şugundyrçylyk ýerli adamlaryň goşmaça eklenç çeşmesi bolupdyr. Bu jülgedäki ägirt uly öri meýdanlary dowardarçylygyň ot-iým binýady bolup peýdalanyp gelnipdir. Öri meýdanlar, kenarýaka tokaýlar, suwarymly ýerler we suw üstüniň akwatoriýasy bilelikde durnukly ekoulgamy emele getirýärler. Bu ekoulgam diňe bir sebitde ýaşaýan ýerli ilaty durmuş-ykdysady mümkinçiliklerini şertlendirmän, eý- sem global derejedäki meselelere hem öz täsirini ýetirýär.Bu jülgede takmynan bir milliondan gowrak ilat ýaşaýar. Beýle diýildigi Amyderýanyň kenarýaka etraplarynda Türkmenistanyň ilatynyň, takmynan, bäşden bir bölegi ýaşaýar diýildigidir.
Türkmenistan ägirt uly ýer baýlyklaryna eýedir, emma suw baýlyklary çäklidir. Howanyň üýtgemegi sebäpli ekinleriň suw talap edijiliginiň we topragyň üstünden suwuň bugarmasynyň artmagy ýurtda goşmaça suw çeşmelerine bolan zerurlyk meselesini döwrüň öňünde keserdip goýýar.
Howanyň üýtgemegi boýunça hökümetara bilermenler toparynyň gelen netijelerine laýyklykda Ýer ýüzünde ortaça temperatura şu asyryň ahyryna çenli 1,8-den 4,6°C-e çenli ýokarlanar. Häzirki döwürde hem Merkezi Aziýa sebtinde gurakçylygyň artmagy, suw joşmalary, daglardaky buzlaryň eremegi, ygallaryň mukdarynyň we ýygylygynyň üýtgemegi ýaly hadysalaryň ýüze çykýandygy hasaba alyndy.
Howanyň üýtgemeginiň daşky gurşawa, ykdysadyýete we jemgyýetiň dürli taraplaryna täsir etjekdigini hasaba alsak, onda howanyň üýtgemegine jogap çärelerini işläp düzmek zerurlygy ýüze çykýar.
Türkmenistan 2012-nji ýylda Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýasyny kabul etdi. Strategiýa howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere milli garaýşy beýan edýär we döwlet syýasatynyň Türkmenistanda howanyň üýtgemegi, onuň täsirleri baradaky meselelerde emele gelmegine we durmuşa geçirilmegine esas bolup hyzmat edýär.
Milli strategiýanyň wezipesi ýurduň ykdysadyýetinde howanyň üýtgemeginiň täsirlerine jogap çärelerini taýýarlamak arkaly döwletiň ykdysady, azyk, suw we ekologiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmakdyr.
Milli strategiýa howanyň üýtgemegine jogap çärelerini işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde halkara guramalar bilen hyzmat daşlygy göz öňünde tutýar. Bu ugurda Türkmenistanda birnäçe halkara taslamalar ýerine ýetirilýär. Halkara jemgyýetçiligi ýerli hünärmenleriň bu ugurdan bilimleriniň artmagyna howanyň üýtgemegine jogap çäreleriniň esasylarynyň biri hökmünde garaýar. 
Ýurdumyzyň suwarymly ekerançylygynyň esasy suw çeşmesi bolan Amyderýanyň suwy häzirki wagtda goňşy Özbegistan, Täjigistan we Owganystan döwletleri bilen bilelikde peýdalanylýar. Şu sebäplere görä mundan beýläk Merkezi Aziýada, şol sanda kenarýaka ýerlerde ýerli ilatyň durmuş derejesiniň ösmegi bu sebitde suw we ýer serişdelerini durnukly dolandyrmaklyga berk bagly bolýar. Bu baglanyşyk suw we ýer serişdelerini dolandyrmaklyga ekoulgamlaýyn çemeleşmäni talap edýär. 
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen birnäçe halkara konwensiýalary, maksatnamalary, taslamalary yzygiderli durmuşa geçirmäge gatnaşyp, dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan meseleleriň çözgüdine saldamly goşant goşup gelýär. Bu hereketleriň maksady geljekde tebigy baýlyklarymyzy utgaşykly peýdalanyp, adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, ýagny durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir.

Soňky onýyllyklarda howanyň ählumumy üýtgemegi we onuň daşky gurşawa, ykdysadyýete we jemgyýete ýetirýän ýakymsyz täsirlerine jogap çärelerini işläp düzmeklik we durmuşa geçirmeklik halkara jemgyýetçiligiň ileri tutýan meseleleriniň birine öwrüldi. Türkmenistan ösýän ykdysadyýetli ýurt hökmünde howanyň üýtgemegi meselesine uly ähmiýet berip, Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýasyny kabul etdi|. Milli strategiýa Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 15-nji iýunynda çykaran -№. 12366 karary bilen tassyklanyldy|. Milli strategiýanyň maksady Türkmenistanda howanyň üýtgemeginiň täsirlerine jogap edip ýurduň ykdysady we durmuş taýdan ösmegine ýardam edýän durnukly ösüşi üpjün etmekdir. Milli strategiýadan gelip çykýan wezipeler ýer we suw serişdelerini durnukly peýdalanmaklykda ekoulgamlaýyn çemeleşmäni talap edýär. Ekoulgamlaýyn çemeleşmäniň maksatlaryna ýetmek üçin ylmy tarapdan esaslandyrylan çäreleri işläp düzmek we durmuşa geçirmek üçin bilim ýaýradyş merkezlerini döretmek we ösdürmek zerurdyr.  Bilim ýaýradyş merkezleriniň işiniň dogry ýola goýulmagy Amyderýa jülgesinde ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň gaza nan netijeleriniň çalt we ýokary hilli önümçilige ornaşdyrylmagyny üpjün eder. Bu bolsa sebitde aň-bilimiň durumynyň has-da ýokary göterilip, durnukly ösüşiň ýurdumyzda baky berkarar bolmagyna alyp barar.

Amyderýa Döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy. 
Ahmetjan Sadykow. 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04