ÝHHG-niň Merkezi döwlet edaralary bilen KİT-niň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirýär

59
 2025
  2025-nji ýylyň 27-28-nji maýynda,ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde döwlet edaralary bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen okuw seminary başlandy. Sanly döwrüň çalt ösýän şertlerinde strategik aragatnaşygyň ähmiýeti üns merkezinde boldy.Seminara hökümet wekilleri, metbugat işgärleri we halkara guramalarynyň işgärleri gatnaşdy. Çäräniň esasy maksady — maglumat bermegiň döwrebap usullaryny özleşdirmek we jemgyýet bilen täsirli aragatnaşyk gurmakdan ybarat boldy.
Esasy çykyş edenleriň biri — ÝHHG-niň Metbugat azatlygynyň meseleleri boýunça wekiliň uly geňeşçisi, professor doktor Guido Kell, şeýle hem strategik aragatnaşyk boýunça litwaly hünärmen Žiwile Nawitskaite-Babkina boldular. Olar döwletiň jemgyýete ýetirýän maglumatlarynyň düşnükli we ygtybarly bolmagynyň zerurdygyny bellediler.
Çäräniň dowamynda emeli aňyň (EA) jemgyýetçilik aragatnaşygyndaky roly hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Professor Kell EA-nyň giň mümkinçilikleri bilen bir hatarda, howplarynyň bardygyny we ony ulanmaga taýýarlyk gerekdigini nygtady.
Seminaryň ilkinji güni metbugat-relizlerinde goýberilýän ýalňyşlyklar, nyşana alynýan toparlar bilen aragatnaşyk we düşnükli beýan bilen baglanyşykly amaly sapaklara bagyşlandy. Gatnaşyjylar žurnalistler we çykyş edýänler hökmünde tejribe topladylar, soraglara gysga we mazmunly jogap bermek, interwýu taýýarlamak ýaly başarnyklary ösdürdiler.
Žiwile Nawitskaite-Babkinanyň aýtmagyna görä, bu okuwlaryň maksady – "düşnükli gürlemek, mazmuny ýönekeýleşdirmän beýan etmek, sebäbi güýçli habar hökman çylşyrymly sözler bilen berilmeli däldir."


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04