Türkmenistan boýunça 2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-sy we iýun aýynyň 01-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty.
58Aşgabatda: az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-12-den 13-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +17...+19°С-dan +22...+24°С aralygynda maýyl, gündizlerine +29...+31°С maýyldan +35...+37°С aralygynda yssy bolar.
Arçabilde: az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-11-den 12-14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +16...+18°С-dan +20...+22°С aralygynda maýyl, gündizlerine +28...+30°С-dan +34...+36°С aralygynda maýyl bolar.
Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +15...+20°С-dan +21...+26°С aralygynda maýyl, gündizlerine +33...+38°С yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +29...+34°С maýyl bolar.
Ahal welaýatynda: az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 10-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +15...+20°С-dan +20...+25°С aralygynda maýyl, gündizlerine +28...+33°С maýyldan +34...+39°С aralygynda yssy bolar.
Mary welaýatynda: az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 10-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +15...+20°С-dan +19...+24°С aralygynda maýyl, gündizlerine +29...+34°С maýyldan +33...+38°С aralygynda yssy bolar.
Lebap welaýatynda: az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +14...+19°С-dan +19...+24°С aralygynda maýyl, gündizlerine +29...+34°С maýyldan +32...+37°С aralygynda yssy bolar.
Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7-12-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12...+17°С-dan +18...+23°С aralygynda maýyl, gündizlerine +25...+30°С maýyldan +33...+38°С aralygynda yssy bolar.