GORAGHANALARYŇ ARASYNDA TEJRIBE ALŞYK.
60 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň täsinliklere baý bolan gözel tebigatyny gözüň göreji deýin gorap, geljekki nesillere ýetirmek dogrusynda ummasyz işler amala aşyrylýar. Tebigy baýlyklarymyzy ylmy esasda öwrenip, giňden dünýä ýaýmak biz daşky gurşawy goramak ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler üçin mukaddes borç bolup durýar.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň gurnamagynda ýurdumyzyň aýratyn goralýan tebigy ýerlerinde tebigy baýlyklary ylmy taýdan öwrenip, ýüze çykýan üýtgeşmeleri ýazyp beýan etmek maksady bilen ýygy-ýygydan goraghana işgärleriniň arasynda tejribe alyşmaga mümkinçilikler döredilýär. Ynha, şu ýylyň maý aýynyň 5-7-si günlerinde ýurdumyzyň Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň hünärmenleri Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň hünärmenleri bilen tejribe alyşdylar. Maý aýynyň 5-i güni Repetek döwlet biosfera goraghanasynda Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň ylym bölüminiň başlygynyň, ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini goramak bölüminiň başlygynyň, Germap meýdançasynyň başlygynyň, Guryhowdan meýdançasynyň başlygynyň, Mäne-Çäçe meýdançasynyň başlygynyň, Ruhabat meýdançasynyň başlygynyň, Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň ylym we ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini goramak bölüminiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. Bu geçirilen okuw sapagynda ady agzalýan aýratyn goralýan tebigy ýerlerde giňden ýaýran ösümlikler, haýwanlar, olaryň Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen görnüşleriniň ýaýraýşy, janly-jandarlaryň duş gelijiliginiň ýyllar boýunça üýtgeýiş ýagdaýlary barada gyzykly gürrüňler edildi we prezentasiýalar görkezildi. Şeýle hem bu geçirilen okuw maslahatynda goraghanalaryň ylym we gorag bölümlerinde ýyl boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda, ýöredilýän resminamalara barasynda pikirler alşyldy.
Soňra şol güni öýlän bu iki goraghananyň hünärmenleri bilelikde Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň garamagyndaky Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasyna gitdiler. Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň meýdanlarynda ýaýran ösümlik we haýwanat dünýäsine, suw gurşawynyň täsinliklerine gözegçilikler geçirildi. Çäkli goraghana ýakyn bolan ýerlerde çopan goşlarynda çopanlar bilen şol ýerleriň tebigatyndaky üýtgeşmeler barada gürrüňdeşlikler geçirildi. Çäkli goraghananyň meýdanlarynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen jandarlaryň we ösümlikleriň hem birnäçesine gabat gelindi.
Tejribe alyşmaklygyň dowamynda Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň ylym bölüminiň başlygy Aknabat Potaýewa meýdanlarda suratgapanlaryň gurnalyşy we baý maglumatlaryň toplanyşy barada aýdyp berdi we Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň meýdanlarynda iki günlük surat gapanyny gurnady.
Geçirilen tejribe alyşmaklygyň barşynda diňe bir bu iki goraghananyň tebigaty barada däl, eýsem, ýurdumyzyň çäginde giňden ýaýran ösümlikler we haýwanlar dogrusynda baý maglumatlar barada aýdylyp geçildi. Goraghanalaryň arasynda şeýle tejribe alyşmaklygyň ýygy-ýygydan geçirilip durulmagy, Watanymyzyň gözel
tebigatyny giňişleýin hemmetaraplaýyn öwrenmeklige, ýaş hünärmenleriň ylym bilime bolan höwesini artdyryp, baý tejribe toplamaklaryna ýardam berýär.
Şeýle ajaýyp pursatda, daşky gurşawy goramak ulgamynda hünärmenleriň zähmet çekmegi, ylym bilen meşgullanmaklary üçin giň şertlerdir we mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys!
Aziza FURKATŽANOWA
Repetek döwlet biosfera
goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy,