Türkmenistan boýunça 2025-nji ýylyň maý aýynyň 19-25-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty.

36
Aşgabatda: az-kem bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-13-den 14-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18...+20°С-dan +22...+24°С aralygynda maýyl, gündizlerine +30...+32°С maýyldan +36...+38°С aralygynda yssy bolar.

 Arçabilde: az-kem bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-12-den 13-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +16...+18°С-dan +21...+23°С aralygynda maýyl, gündizlerine +29...+31°С maýyldan +35...+37°С aralygynda yssy bolar.

 Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +15...+20°С-dan +20...+25°С aralygynda maýyl, gündizlerine +33...+38°С yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +25...+30°С maýyl bolar.

 Ahal welaýatynda: az-kem bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine    +16...+21°С-dan +20...+25°С aralygynda maýyl, gündizlerine +28...+33°С maýyldan +35...+40°С aralygynda yssy bolar.

 Mary welaýatynda: az-kem bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +15...+20°С-dan +21...+26°С aralygynda maýyl, gündizlerine +29...+34°С maýyldan +36...+41°С aralygynda yssy bolar.

 Lebap welaýatynda: az-kem bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +16...+21°С-dan +22...+27°С aralygynda maýyl, gündizlerine +29...+34°С maýyldan +37...+42°С aralygynda yssy bolar.

 Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda        az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +13...+18°С-dan +19...+24°С aralygynda maýyl, gündizlerine +27...+32°С maýyldan +32...+37°С aralygynda yssy bolar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04