Milli Liderimiziň türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyna gönükdirilen täze başlangyçlary.

93
      2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Fransiýa Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda möhüm duşuşyklar we gepleşikler, şol sanda dostlukly Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen gepleşikler geçirildi. Munuň özi taraplaryň däp bolan hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändikleriniň aýdyň güwäsidir. Gahryman Arkadagymyzyň saparyna gabatlanyp, Türkmen-fransuz ykdysady forumy geçirildi. Bu foruma Fransiýanyň geljegi uly, durnukly ösýän türkmen bazarynda öz ornuny giňeltmäge gyzyklanma bildirýän işewür toparlarynyň wekilleri çagyryldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz resmi saparynynyň maksatnamasynyň çäklerinde guralan Türkmen-fransuz ykdysady forumyna gatnaşdy we onda çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyz ykdysady forumdaky çykyşynyň üç ugurdan ybaratdygyny, ýagny olaryň ilkinjisi Türkmenistanyň häzirki geosyýasy ýagdaýy, ikinjisi geoykdysady ýagdaýy, üçünjisi bolsa bilelikdäki işleri utgaşdyrmak bilen bagly meselelerdigini belledi. Bilelikdäki işleriň dowamynda toplanan tejribe hem-de onuň netijeleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegine ynamly garamaga mümkinçilik berýär. Türkmenistan fransuz işewürlerine maýa goýumlary goýmak, özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli amatly şertleri döretmegi teklip etmäge taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz bäş ugur boýunça hyzmatdaşlyk meselesine foruma gatnaşýanlaryň ünsüni çekdi.
Birinjiden, fransuz önümlerini we hyzmatlaryny Türkmenistanyň bazarynda mundan beýläk-de öňe sürmäge taýýardyrys. Aýratyn-da, olary nebitgaz pudagy, hemra-aragatnaşyk tehnologiýalary, ulag, kadastr, suw serişdeleri, himiýa senagaty, derman serişdeleri we beýleki ugurlarda öňe sürmäge taýýardyrys diýip Gahryman Arkadagymyz belledi.
Ikinjiden, Türkmenistan şäherleri ösdürmek, metan zyňyndylaryna monitoring, geologiýa gözleg-barlag işleri, nebitgaz enjamlary bilen üpjün etmek, «ýaşyl» we wodorod energetikasy ulgamlarynda öňdebaryjy fransuz tejribesini çekmäge gyzyklanma bildirýär. Bu soraglar Energetika babatda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-fransuz iş toparynyň gün tertibine goşulyp bilner. Iş toparynyň nobatdaky mejlisini şu ýyl geçirmegi teklip edýäris. Şeýle hem 2024-nji ýylda Parižde guralan energetika forumy ýaly halkara çäreleri geçirmegiň tejribesini dowam etdirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, Milli Liderimiz belläp geçdi.
Üçünjiden, kiçi we orta fransuz kärhanalaryny biziň ýurdumyzda işewürligi alyp barmaga çekmek mümkinçiligini öwrenmek zerur bolup durýandygyny aýtdy.
Dördünjiden, Fransiýanyň syýahatçylyk pudagynda dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýändigini we Türkmenistanyň uly syýahatçylyk mümkinçilikleriniň bardygyny göz öňünde tutup, bu geljegi uly ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmalydyrys diýip Gahryman Arkadagymyz belledi.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň bäşinji ugur hökmünde ýokarda bellenenleriň ählisi boýunça milli hünärmenleri taýýarlamakda işjeň hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigine ünsi çekdi. Şeýle hem ýokarda beýan edilen we beýleki teklipleri iş ýüzünde ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys. Türkmenistanyň işewürleriniň hem şu günki duşuşyga gatnaşmagy munuň aýdyň mysalydyr diýip, Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de ykdysady hyzmatdaşlygyň strategiýasyny ulgamlaýyn meýilnamalaşdyrmak üçin ähli şertleriň bardygyna ynam bildirdi.
Türkmen-fransuz ykdysady forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «Airbus Defence and Space SAS» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen «IGN FI» kompaniýasynyň (Fransiýa) arasynda ýer kadastry we oba hojalyk ekinlerine uzak aralykdan gözegçilik etmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen «SUEZ International» kompaniýasynyň arasynda suw hojalyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «SUEZ International» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanyň gaz senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Şeýle hem şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda häzirki wagtda söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin iki ýurduň hem giň mümkinçilikleriniň bardygyna üns çekilip, bu mümkinçilikleri has işjeň ulanmagyň zerurdygy nygtaldy. Nebitgaz toplumy, hemra-aragatnaşyk tehnologiýalary, ulag, gurluşyk, suw serişdeleri, himiýa hem-de derman senagaty, oba hojalygy we beýlekiler türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Fransiýanyň özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy tassyklanyldy.
Ýokary derejeli gepleşikleriň netijesinde Türkmenistanyň we Fransiýanyň özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda has ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanyldy. Nebitgaz pudagy, hemra-aragatnaşyk tehnologiýalary, ulag, kadastr, suw serişdeleri, himiýa senagaty, derman serişdeleri we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň uly geljegi nygtaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz metan zyňyndylaryny azaltmagy, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny, bank ulgamyny, hususy pudagy geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezdi.
Ýurdumyz ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine, şol sanda «ýaşyl» energetika geçilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurdaky işleriň hatarynda daşky gurşawa goýberilýän metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça çäreler işjeň amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň Glazgo şäherinde geçirilen 26-njy maslahatynda Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjy goldaýandygyny belläp, bu resminamany içgin öwrenmäge we ony durmuşa geçirmäge gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Bu Çarçuwaly konwensiýanyň maslahatlaryny nazara almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň işjeň goldamagynda ýurdumyz howa boýunça Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandyny taýýarlady we ony 2022-nji ýylyň maýynda tassyklady. Strategik resminamada 2030-njy ýylda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny, 2010-njy ýylyň derejesine görä, 20 göterim azaltmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň halkara resminamalardan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigini bellemek gerek. 2023-nji ýylda ýurdumyzda Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça ýokary derejeli pudagara toparyň döredilendigini bellemek gerek. Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyndaky (СOP28) taryhy çykyşynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny dünýä jemgyýetçiligine resmi taýdan yglan etdi. Türkmenistanyň agzalan halkara başlangyja goşulmagy bilen bagly gelip çykýan wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin ýurduň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýerine ýetirilmeli çäreleriň sanawy taýýarlanyldy. Hususan-da, Ählumumy metan borçnamasynda göz öňünde tutulan maksatlarydyr wezipeleri amala aşyrmaga gönükdirilen 2024 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnama hem-de 2025-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça «Ýol kartasy» işlenip taýýarlanyldy. Türkmenistan ýakyn geljekde metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça çäreleriň toplumyny ýerine ýetirmegi, metan gazyny ýygnap, ony gymmatly, ekologik taýdan arassa energiýa çeşmesine öwürmek we rejeli peýdalanmak boýunça netijeli çäreleri amala aşyrmagy maksat edinýär. Bu maksatlara ýetmek üçin ulgamlaýyn esasda nebitgaz, energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, senagat ýaly pudaklarda ekologik taýdan arassa we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de ulanmaga geçmek işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistan Metan zyňyndylary boýunça halkara obserwatoriýa (IMEO) bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem aýratyn ähmiýet berýär. BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň çäklerinde döredilen «Metan zyňyndylary boýunça duýduryş we çäre görüş ulgamy» (MARS) atly sanly platformanyň işine ýurduň giňden gatnaşmagyny ýola goýmak işleri-de dowam etdirilýär.
Üstünlikli durmuşa geçirilýän energetika we ekologiýa syýasatynyň netijesinde Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ilkinjileriň hatarynda ýerine ýetirmäge girişendigi we Merkezi Aziýa sebitinde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýändigi bellenilmäge mynasypdyr.
Parahatçylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarly Türkmenistanyň Konstitusiýa esasynda berkidilen Bitaraplyk hukuk derejesi daşky gurşawy goramak boýunça tagallalarda ýurdumyzy ygtybarly we möhüm hyzmatdaşa öwürýär. Halkara forumlarda öňe sürülýän başlangyçlar Türkmenistanyň adamzadyň durnukly geljegini üpjün etmäge mynasyp goşant goşmaga çalyşýandygyna şaýatlyk edýär. Şeýlelikde, hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny baýram edýän Watanymyz ählumumy ekologik wehimleriň netijeli çözülmegi üçin möhüm binýat bolan aýratyn hukuk derejesini ulanmak bilen, ekologik meseleler boýunça halkara hyzmatdaşlyga mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklaýar.
Geljekde hem, Alym Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adamlaryň baş saglygyny esasy ýörelge edinip alyp barýan döwlet ekologiýa syýasaty barha dabaralansyn, halkara derejesinde ykrar edilýän nusgalyk çäreleriň höwri köp bolsun.
 Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

“Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” 
žurnalynyň Baş redaktory 
Myratberdi Akyýew



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04