Ogurjaly – keýikler adasydyr

117
 1982-nji ýylyň Ýanwar aýynyň 12-sine Ogurjaly adasynda ýarymerkinlikde saklamak maksady bilen döwlet tebigy çäkli goraghanasy döredildi. Seýrek haýwanlaryň biri diýip hasaplanylýan, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen keýigi Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän Ogurjaly adasynda ýarymerkinlikde saklamak we köpeltmek. Şeýlelikde keýikleriň mesgen tutup ýaşan ýerlerinde olaryň baş sanyny artdyrmak hem-de Türkmenistanyň haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagyna ýardam bermek maksady bilen döredildi. 
Hazar deňziniň türkmen böleginde ululy-kiçili ençeme adalar ýerleşýär. Olaryň biride Ogurjaly adasydyr. Ony asmandan synlanyňda onuň ýaňy dogan aya çalymdaşdygyny görmek bolýar. Kenarýakasynda ýaşaýan türkmenleriň arasynda bu adanyň öňki döwürlerden bäri gelýän ýörgünli ady ”Aýdakdyr”. Biziň günlerimizde-de oňa aýdak diýýärler. Bu adanyň keşbiniň aýa çalymdaşlygy sebäpli şol adyň “ Aýdek” sözünden gelip çykan bolmagy ähtimal. 
Ogurjaly adasy bir wagtlar haňlap ýatan boş meýdan ýalydy, ol ýabany janly-jandarlara hem örän garypdy. 1982-nji ýylda bu adanyň ýerlerinde Nebit-Dag döwlet pitomnigi döredilenden soň ýagdaý düýpgöter üýtgäp başlady. Häzir onuň ady üýtgedilip Ogurjaly döwlet tebigy çäkli goraghanasy diýip atlandyrylýar.  Ogurjaly adasyna Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlaryndan 13 sany baş keýik getirilip goýberildi. Bu adanyň tebigy şertleriniň amatly bolmagy bu wajyp işleri amala aşyrmak üçin uly mümkinçilik döredýär. Şol wagtlar geçirlen barlaglaryň netijesinde adanyň meýdanlarynyň tebigata şikes ýetirmezden 1 müňe çenli keýigi iýmitläp-saklamaga mümkinçiliginiň anyklanypdyr. 
Hazaryň tämiz suwlary bilen gurşalan Ogurjaly adasy özboluşly janly tebigata baý künjekleriň biridir. Şol sebäpli keýikleri ýarymerkinlikde saklamak üçin bu adanyň saýlanyp alynmagy ýöne ýerden däldir. Ýeri gelende Ogurjaly döwlet tebigy çäkli goraghanasy özüniň öňünde goýlan esasy wezipesini, ýagny keýikleriň baş sanyny köpeldip, materige ýaýratmagyny üstünlikli amala aşyrýandygyny belläp geçmek gerek. Goraghananyň işgärleriniň köp ýyllaryň dowamynda çeken zähmetleri, alyp barýan gorag we ylmy-biotehniki çäreleri öz miwesini berýar. Soňky onýyllyklaryň dowamynda keýikleriň we olaryň  owlajyklarynyň ýüzlerçesi adanyň ýerlerinden materige, ýagny ýurdumyzyň  künjeklerinde ýerleşýän beýleki döwlet tebigy goraghanalaryna göçürilip äkidildi. Adadaky keýik populýasiýasynda genetiki durnuklylygy saklamak üçin ýurdumyzyň beýleki tebigy goraghanalaryndan keýikler getirilip, Ogurjaly adasyndaky keýik sürülerine goşuldy.   
Indi Ogurjaly adasyny görmäge göz gerek: daş-töwereginde goja Hazaryň tolkunlary çyrpynyp ýatan bu adada çölleriň bezegi bolan jerenleriň ýüzlerçesi mesgen tutýar. Deňziň içindäki bu adada ýaşaýan keýikler barada söhbet açanyňda köp adamlar oňa haýran galyp, sorag baryny berýärler: 
Ülkämiziň milli Gyzyl kitabynyň sanawyna girizilen seýrek haýwan bolan keýik ýa-da jeren diýip at berilýän bu haýwan goşatoýnaklylar toparynyň “Gazella” toparynyň hataryna degişlidir. “Gazel” diýmekligiň özi-de ajaýyplygy aňladýan sözdür. Bu haýwany synlanyňda, dogrudanam, onuň gözelligini, owadanlygyny görüp, aňk bolup galýarsyň. Keýik, köp haýwanalar bilen deňeşdireniňde, özüniň owadanlygy, näzikligi, bedeniniň syratlylygy we örän kaşaňlygy bilen tapawutlanýar. Türkmen klassiki edebiýatlarynda, ertekilerde, dessanlarda, rowaýatlarda keýige “Gazal” we ‘Gyzal” diýip dakylan atlara-da duş gelmek bolýar. Oňa “Gözel” diýseň has hem ýaraşykly boljak, sebäbi tebigatyň ýaradan bu haýwany gözel diýseň gözeldir. Eýsem biz keýigiň biologiýasi we ekologiýasy barada nämeler bilýäris? Mälim bolşy ýaly, keýigiň bedeniniň uzynlygy 115 santimetre, beýikligi 75 santimetre, agramy bolsa 30 kg. çenli ýetýär. Onuň urkaçysy erkeginden biraz kiçi bolup, özi-de şahsyzdyr. Erkekleriniň bolsa gara reňkli, uzyn, egri, özi hem halkalar bilen örtülen owadan şahlary bar. Bedeniniň ýokarsy we gapdal taraplary çäge reňkli, aşak tarapy we aýaklarynyň iç taraplary ak reňklidir. Yzynda, guýrugynyň ýanlarynda tegelek ak reňk bar, şonuň üçin il arasynda şol ýerine ak “aýna” hem diýýärler. Guýrugy iki reňkli: başlaýan ýeri çäge reňkli, ujy bolsa gara reňklidir. Ürküzilen keýik ylganda, guýrugyny galdyryp ylgaýar, şol wagt gaçyp barýan haýwanyň gara guýrugy yzyndaky ak “aýnasynyň” ýüzünde gara tegmil ýaly bolup görünýär. Şol sebäpli oňa käbir halklaryň arasynda ( mysal üçin gazaklarda) “gara guýruk” diýip at berýärler. Keýikler Türkmenistanyň, Eýranyň, Owganystanyň, Günbatar Pakistanyň, Günorta Mongoliýanyň, Demirgazyk-Günbatar  Hytaýyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň çöllük ýerlerinde ýaşaýarlar. Ol tekizliklerde, çöllüklerde, ýarym çöllüklerde, baýyrlarda we dag eteklerinde süri-süri bolup gezýär. Çöllügiň dykyz toýun toprakly ýa-da daşsöw toprakly ýerlerini has-da gowy görýär, ýöne, gyş paslynyň şemally günlerinde sowukdan goranmak üçin Ogurjaly adasynda giňden ýaýran beýik   çäge depeleriniň arasyna gelýär. Ýaz paslynda, gökje otlaryň bol-elin wagtynda keýikler bir näçe günläp suwsyz hem oňup bilýärler. Mysal üçin, materikde erkin ýaşaýan ýerlerinde iň gurak we yssy aýlarda (iýul-awgust) olaryň aglabasy çeşmeleriň we derýalaryň golaýlaryndaky öri meýdanlaryna aralaşýarlar. Güzerdir-çeşmelerden suwsyzlyklaryny gandyrmak üçin keýikler 10-15-km. aralygy geçip, oňa hepdede 1-2  gezek inýärler. Hazar deňzinde bolsa suw akwatoriýasynyň üstki gatlagynda ýerleşýän şorumtyk, süýjileşen suwy içip ýaşaýarlar.   Suw içmäge olar adatça giç agşama, gije ýa-da ir säherde gelýärler. Özleri-de suw ýatagynyň açyk ýerlerine barýarlar, gür otluk ýerlerinden bolsa gaça durýarlar. Ene süýdi bilen owlaklaryny ekleýän ene keýikler erkek keýiklere garanyňda suw ýataklaryna has ýygy-ýygydan inýärler. Tomusda keýikler ertirlerine we agşamlaryna otlamaga çykýarlar. Gündizlerine, bedenleriniň suwlylygyny tygşytlamak üçin, köplenç ýatyp geçirýärler. Ýatanda açyk, tekiz meýdanlary saýlap alýar, kellesini haýsydyr bir ösümligiň kölegesine goýup ýatýar. Şonuň ýaly käbir ösümligiň ýanyna baryp göreniňde, onuň daşyndaky haýwan göwreleriniň yzlaryny görüp, şol ýerde birnäçe keýik ýatyp-turup gidendir diýen pikir döreýär. Emma, bu beýle däl. Bir keýik kellesini kölegeden aýyrmajak bolup, günüň aýlanyşyna görä ösümligiň daşyndan  aýlanýar hem-de bir näçe oýtak ýatak ýerlerini emele getirýär. Güýz we gyş pasyllarynda, ýagny, terje otlaryň möwsümi sowulandan soň, keýikler käbir  ösümlikleriň pürleri bilen iýmitlenýärler. Gyşda bütin günüň dowamynda diýen ýaly otlap gezýärler. Ýatanlarynda, ylaýta-da, gijelerine çöketlik ýerlerde ýa-da depedir-baýyrlaryň sowuk şemaldan sowa ýerlerinde ýatýarlar. Ürküzilen keýigiň özüni alyp barşy, ony ilkinji synlaýan adamy haýran galdyrýar. Ol duran ýerinden edil pružiniň üstünde bökdürilen ýaly bolup, ýokarlygyna bökýär, soňra tiz ylgap başlaýar. 200-300 metr aralygy geçenden soň sakga durup, daş-töweregine esewan edýär hem-de hiç-hili howp abanmaýandygyna göz ýetirse, ýuwaşlyk bilen ylgap gidýär. Keýikler sagadyna 55-60 km tizlik bilen ylgamagy başarmak bilen, köp howplardan gutulmagyň hötdesinden gelýärler. Ýaz we tomus pasyllarynda, ýagny öri meýdanlarynda ösümlikleriň has köp wagtynda, keýikler ýekelikde ýa-da 2-3 baş bolup gezýärler. Güýzde bolsa onlarça başdan ybarat bolan toparlary emele getirýärler we şol wagtlar hem (oktýabr- noýabr aýlary) haýwanlaryň erkek we urkaçylarynyň jübtleşme ýagdaýy bolup geçýär. Mart - aprel aýlarynda göwreli ene keýikler sürüden çykyp gidip, özbaşdak, ýekelikde gezip başlaýarlar. Olar gür otlukly we çuňňur oýlukly ýerlerden daşrak durup, ösümligiň köp bolmadyk açyk, tekiz meýdanlary saýlap alýarlar. Keýik owlajyklary aprel-maý aýlarynda dünýä inýärler. Ene keýik adatça, seýrek ýagdaýlarda 1 ýa-da 2 sany owlajyklary guzlaýar. Ýabany tebigatda ähli hadysalaryň juda täsin bolşy ýaly keýikleriň köpeliş döwri hem örän gyzyklydyr. Täze doglan owlajyk köplenç topragyň ýalaňaç meýdanlarynda kellesini, boýnuny uzadyp, ýere ýazylyp ýatýar. Onuň çägesow-goňur reňki öz ýaşaýan topragyna şeýli birmeňzeş weli, ony edil ýakyn ýanyna barýançaň görüp bolmaýar. 
Dünýä inenden soň ençeme gününi owlajyk  ýatyp geçirýär, diňe günüň dowamynda 3-4 gezek gelip-gidýän enesini emmek üçin ýerinden turýar. Ene keýik agşamara çagalaryny emdirenden soň olardan esli arany açyp gidip, özbaşdak ýatyp dynjyny alýar. Daň atandan soň ol ýene-de gelip, çagalaryny emdirip, ýüzlerçe metr aralyga otlamaga gidýär. Çagalarynyň ýanyna her gezek dolanyp gelende hüşgärligini saklaýar: uzagrakda durup, seredip görýär, owlajyklaryň ýatan ýeriniň daşyndan 2-3 gezek aýlanýar. Hiç-hili howp ýokdugyna göz ýetirensoň owlaklarynyň ýanyna gelýär. Eger-de adamyň şol ýere golaýlap gelýändigini göräýse, onuň ünsüni sowmak üçin başga bir tarapa ylgap başlaýar. Iki hepdä golaý wagt geçenden soň owlajyklar enesiniň yzyna düşüp, ýaz paslynyň terje otlaryny iýmäge girişýärler. Takmynan 2 aý ýaşan owlaklar enesinden aýrylyp, özbaşdak ýaşap başlaýarlar. Keýikler tebigatda 6-7 ýyl, erkinsizlikde bolsa 8-9 ýyl ýaşaýarlar. 
Ogurjaly adasy keýiklere iýmit bolup hyzmat edýän ösümlikleriň dürli görnüşlerine baýdyr. Bu ýerde has giňden  ýaýran ösümlikler: ýylgyn, gamyş, çyratan, selin, patlak, akbaş, çaýyr we ş.m. Umuman aýdanyňda adada ösümlikleriň 65 görnüşi duş gelýär (professor J.Gurbanow “Botanika” žurnaly 1991ý.)  
Adanyň howasynyň hemişe çygly bolmagy we deňiz suwunyň adanyň meýdanyndaky arassaja çägeliklerden süzülip geçip, onuň süýji gatlagynyň ýaýramagy sebäpli ösümlikleriň ýylyň bütin dowamynda oňat ösmegine tiz gurap gitmezligine uly ýardam edýär. Keýikler ýeke bir süýji däl eýsem şor duzly suwy hem içýärler. Olar öz dogduk mekanlary bolan  Bathyzda tomus aýlarynda Ýeroýlanduz köliň deňiziňkiden-de  hem duzlulygy ýokary bolan suwuny içen bolsalar, Ogurjalyda hem deňiz suwuny içip, oňýarlar.
Ogurjaly adasynda keýiklerden başga-da düwlenler dürli görnüşli guşlar, suw ýylanlary, kirpiler we ownuk mör-möjekler ýaşaýarlar. Umuman aýdanyňda adanyň haýwanat dünýäsi materikden  üzňeligi sebäpli, görnüş taýdan örän garypdyr. Bu adanyň has oňaýly taraplarynyň biri-de, ol-da bolsa bu ýerde ýyrtyjy we gemriji haýwanlar ýaşanok. Munuň özi keýikleriň rahat ýaşamagy we köpelmegi üçin amatly şertleri döredýär. Ýagny Ogurjaly ady tutulan haýwan toparlarynyň we toýnaklylaryň başga görnüşleriniň ýokdugy keýikler üçin iýmit meselesine bäsleşdik ýokdugyny, ikinji tarapdan bolsa ýyrtyjy haýwanlaryň ýoklugy we ene keýiklere ylaýta-da olardan önýän nesillere bu ýerde hiç-hili howp abanmaýandygy aňladýar. 
Şeýlelik-de Ogurjaly çäkli döwlet tebigy goraghanasy özüniň öňünde goýlan esasy wezipäni-keýikleriň baş sanyny köpeldip, onuň hasylyny materige getirip, ýaýratmak wezipesini üstünlikli amala aşyrýar. Her ýylda Ogurjaly adasynda ýarymerkinlikde saklanylýan keýikleri aýap saklamak üçin ýörite biotehniki çäreleri geçirilýär. Bu biotehniki çärelere  Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň we Ogurjaly döwlet çäkli goraghanasynyň işgärleri işjeň gatnaşýarlar.  Ol ýerdäki gözegçilik işleri döwlet inspektorlary  gezekli – gezegine nobatçylyk çekmek arkaly alnyp barylýar, gorag çäreleri adanyň çäginde pyýada aýlanyp görmek, uzagrak ýerlere motorly  gaýyklar arkaly ýerine ýetirilýär. Gyş aýlary Ogurjaly adasyndaky keýikleri ýorunja we saman ýaly otlar bilen goşmaça iýmetlendirilýär. 
  Adanyň käbir ýerlerinde keýikleri suw bilen üpjün etmek üçin ýörite guýylar gazyldy.
Hormatly Prezidentimiziň syýasatyndan ugur alyp günbatar Türkmenistanyň we gojaman Hazaryň tebigatyny ylmy taýdan öwrenmekde, gorap saklamakda, ony baýlaşdyryp geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen goraghananyň işgärleri uly tagallalary edip zähmet çekýärler.


Hazar döwlet  tebigy
goraganasynyň uly laboranty 
Azatgül Namatowa

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04