Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynda ýangyna garşy okuw-maslahaty geçirildi.
209 Köýtendaglary örän baý biodürlülige eýedir. Aýratyn hem ösümlik dünýäsi örän täsindir. Köytendagyň ösümlik dünýäsi 1003 görnüşi öz içine alýar, olaryň 18 görnüşi dar-lokal (ýerli) endemik, 63 görnüşi Pamir-Alaý endemigidir. Şol sanda derman ösümlikleriniň 240-dan gowrak görnüşi, 41 görnüşi medeni ösümlikleriň ýabany kowumdaşlary we 41 görnüşi bezeg ösümlikleridir. Bu ýerde seýrek duşýan we ýitmek howpy abanýan ösümlikleriň 24 görnüşi bolsa Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.
Elbetde tomus aýlarynyň başlanmagy bilen Köýtendagyň ýabany bir ýyllyk we köp ýyllyk ösümlikleriniň köpüsi ösüş döwrüni gutaryp, saralyp samana dönýärler. Bu ýagdaý bolsa ýabany tebigatda ýangyn howpynyň ýokarlanmagyna getirýär. Mundan başga-da, Köytendagda ýokary derejeli ýangyn howply bolan 30 müň gektara golaý arça seýrek tokaýy ösýär. Türkmenistanda tebigaty ýangyndan goramak maksadynda her ýyl 1-nji maýdan 30-njy oktýabr aralygynda ýangyn howply möwsümi yglan edilýär. Sebäbi ýangyny dörämänkä onuň öňüni almak has ygtybarlydyr.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi her ýyl ýangyn howply möwsüme taýýarlyk görmek we ýokary derejede gözegçiligi üpjün etmek üçin ýörite buýruk çykarýar. Bu buýrukda şeýle hem ýangyn howply möwsüm üçin ýörite meýilnama tassyklanýar, onda degişli guramalaryň ýangyn ýüze çykan halatynda gyssagly çäre görmegi üçin, ýangynyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak üçin çäreler kesgitlenýär.
Bu meýilnamadaky esasy çäreleriň biri ilatyň arasynda ýangyn howpsuzlygy çärelerini wagyz-nesihat etmek we tebigaty goramak we daşky gurşawy goramak ulgamy boýunça hünärmenler üçin dürli okuw-maslahatlaryny geçirmeklige bagyşlanýar.
Şeýle möhüm çäreleriň durmuşa geçirilmegine diňe bir döwlet guramalary däl, eýsem Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetçilik guramalary hem gatnaşýar.
Golaýda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi “Gözel tebigatymyzy ýangyn howpundan goralyň” atly amaly maslahaty geçirdiler. Bu amaly maslahat Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Lebap welaýat polisiýa bölüminiň ýangyn howpsuzlygy bölümi we Türkmenistanyň Ekologiki hereketi jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde guraldy we oňa tebigaty goramak we daşky gurşawy goramak boýunça hereket edýän dürli guramalaryň hünärmenleri gatnaşdylar.
Amaly maslahatda Türkmenistanyň tebigatyny goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, Türkmenistanyň ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasynyň we Köýtendag döwlet goraghanasynyň işgärleri öz tejribeleri bilen çykyş etdiler.
Maslahatyň dowamynda ýangynyň öňüni alyş çäreleri, adatdan daşary ýagdaýlarda gyssagly habar beriş usullary we ýabany tebigatda ýangyny söndürmek meseleleri maslahatlaşyldy. Dag tokaýlyklarynda ýangyny söndürmek usullary boýunça tejribe alyşdy. Maslahata gatnaşyjylar Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynda ýangyn howpsuzlygy möwsümine öňünden görlen çäreler bilen tanyşdylar. Şu güne çenli bu ýerde ini 8m bolan 64km minerallaşdyrylan ýangyna garşy sürüm zolagy geçirildi, ýangyn howpsuzlygy ähmiýetli 30 km dag ýollary abatlandy, esasy ýollaryň gyralarynda arassaçylyk işleri geçirildi. Ýangyny söndürmek üçin ýörite ýangyn söndürijiler taýýarlandy. Goraghananyň meýdanlaryndaky Kordonlary (düşelge ýerleri) ýangyna garşy gutylar (Protiwopožarnyý şit) bilen üpjün edildi.
Çopanlaryň arasynda düşündiriş işleri üznüksiz alnyp barylýar, mekdeplerde we guramalarda ýörite leksiýalar geçirilýär. Sahypajyklar taýýarlandy we paýlandy.
Maslahata gatnaşyjylar üçin Köýtendagyň tebigy ýadygärliklerine Daraýdere, Kyrgyz deresine , Dinozawrlaryň belent tekizligine, Umbardere şarlawugy, Arnap tokaýjygy we beýleki tebigy gözel ýerlere gezelençler gurnaldy. Gezelenç wagtynda Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgärleri amaly maslahata gatnaşyjylary tebigy ýadygärlikleriň taryhy we ähmiýeti, şeýle hem Köytendagyň biodürlüliginiň aýratynlygy bilen tanyşdyrdylar. Gezelençleriň dowamynda ýerli ilatyň we jahankeşdeleriň arasynda daşky gurşawy goramak we tebigatmyzda ýangyn howpunyň öňüni almak boýunça düşündiriş wagyz-nesihat işleri geçirildi we tebigatda ýangyn howpsuzlygy düzgünleriniň berjaý edilmegi barada sahypajyklar paýlandy.
Amaly maslahata gatnaşyjylar öz tejribelerini baýlaşdyrdylar we Köytendagyň ajaýyp tebigaty bilen içgin tanyşdylar.
Ýangyndan diňe bir ösümlik dünýäsi däl, eýsem haýwanat dünýäsi hem ejir çekýär, şol sebäpli tomus aýlary biziň tebigatymyz aýratyn bir aladany we goldawy bizden talap edýär. Şol sebäpli raýatlarymyzy ýabany tebigat çäklerinde aýratyn ünsli we eserdeňli bolup, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini birkemsiz berjaý etmekligine çagyrýarys.
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň Ylmy bölüminiň başlygy
Şaniýaz Menliýew
