Türkmenistan boýunça 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 28-i we maý aýynyň 04-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty.

145
Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-13-den 15-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +15...+17°С-dan +23...+25°С aralygynda maýyl, gündizlerine +21...+23°С maýyldan +36...+38°С aralygynda yssy bolar.

 Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-11-den 13-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +14...+16°С-dan +21...+23°С aralygynda maýyl, gündizlerine +20...+22°С-dan +34...+36°С aralygynda maýyl bolar.

 Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda  ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 13-18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11...+16°С-dan +17...+22°С aralygynda maýyl, gündizlerine +31...+36°С, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +19...+24°С maýyl bolar.

 Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda       8-13-den 14-19 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12...+17°С-dan +21...+26°С aralygynda maýyl, gündizlerine +19...+24°С maýyldan +34...+39°С aralygynda yssy bolar.

 Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda       7-12-den 13-18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +13...+18°С-dan +21...+26°С aralygynda maýyl, gündizlerine +25...+30°С maýyldan +36...+41°С aralygynda yssy bolar.

 Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda      8-13-den 14-19 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11...+16°С-dan +22...+27°С aralygynda maýyl, gündizlerine +20...+25°С maýyldan +36...+41°С aralygynda yssy bolar.

 Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +9...+14°С-dan +19...+24°С aralygynda maýyl, gündizlerine +14...+19°С-dan +30...+35°С aralygynda maýyl bolar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04