Türkmenistanyň tebigatyny ylmy taýdan öwrenmeklik dowam edýär.
159 Ýakynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi Milli institutynyň binýadynda ýurdumyzyň goraghanalarynyň 2024-nji ýylda ýerine ýetiren ylmy işlerini jemleýän “Tebigat ýyl ýazgylary” kitaplaryny kabul etmek çäresiniň bolup geçendigini habar beripdik.
Tebigat dünýäsiniň elmydama hereketdedigini we ösüş ýolundadygyny biz bilýäris. Goraghana işgärleri üçin esasy wezipeleriň biri hem, bolup geçýän hadysalary bellige almak, üýtgeşiklere gözegçilik etmekden ybarat.
Ýaz möwsümi her hili täzeliklere baý bolup, gündelik barlaglary geçmeklik zerurlygyny ýüze çykarýar.
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgärleri “Tebigat ýyl ýazgysyna” maglumat toplamak hem-de Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girýän seýrek görnüşleriň häzirki ýagdaýyna gözegçilik etmek maksady bilen şu ýylyň 22-nji aprelinde süýrenijileriň sanyna marşrut ýol hasaplamalaryny geçirdiler.
Esasy üns Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girýän süýreniji, seýrek görnüş bolan daş patmasyna berildi. Bu görnüş goraghananyň meýdanlarynda duş gelmeýän hem bolsa, onuň populýasiýasyna yzygiderli gözegçilik edilmegi, saklanyp galmagy üçin uly ähmiýete eýedir.
Geçirilen gözegçilik işleri daş patmasynyň geçen ýyllardakylardan sanynyň az-kem köpelendigini görkezdi.
Bu görnüşiň hem-de Türkmenistanyň faunasyndaky beýleki seýrek görnüşleriň ýagdaýlaryna gözegçilik etmek işleri, beýleki duş gelýän ýerlerinde hem dowam etdiriler. Olaryň sanlary boýunça toplanan maglumatlar goraghananyň ylmy işgärleriniň işläp düzen ýörite maglumatlar goruna giriziler, bu bolsa tebigaty goramak çäreleriň geljegi üçin möhüm esas bolar.
Ýewgeniý Agryzkow, Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri
