Bathyz döwlet tebigy goraghanasyna iş sapary.
25 Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” žurnalyň we Altyn Asyr Türkmenistan teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda döredijik iş topary 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 7-12 aralygynda Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň gözel tebigatyny, ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň wekillerini ýokary hilli fotosuratlara düşürmek üçin žurnalyň baş redaktory Myratberdi Akyýew, foto habarçysy Igor Lomow, söhbetdeşli gürrüňdeşlikleri taýýarlap ýaýlymda görkezmek üçin Türkmenistanyň Telewideniýe Radiogepleşikler we Kinomatografiýa baradaky Döwlet kamitetiniň teleoperatory Bezirgen Babaýew we gepleşikleri alyp baryjysy Jeýhun Ýagşyýew iş saparynda boldylar
.

Bathyz döwlet tebigy goraghanasy 1941-nji ýylyň 3-nji dekabrynda döredildi. Döredilmeginiň esasy maksady gulanlary gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek we pisse tokaýlaryny gorap saklamakdan ybarat. Häzirki wagtda goraghananyň meýdany 140430 ga. Goraghana üç sany Pulhatyn çäkli goraghanasy (15000 ga),
Gyzyljar çäkli goraghanasy (30000 ga), Çemenabat çäkli goraghanasy (26000 ga). Goraghananyň Pisse tokaýlygy bilen örtülen meýdany 14230 ga (Pulhatyn, Agarçeşme pisse tokaýlygy.). Goraghananyň Gyzyljar, Kepele, Howdan, Agarçeşme, Pynhançeşme ýerlerini we Ýeroýlanduz çöketligini fotosuratlara we widioýazgylary düşürildi.
![]()
![]()


“Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” žurnalyň baş redaktory
Myratberdi Akyýew
