“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy - okuw maslahatlarynyň merkezi
69 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 7-11 aralygynda Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň (TKAMM) “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” sagaldyş merkezinde “Belent maksatly özgertmeler bilen täze ösüşlere tarap” atly okuw maslahaty geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Kärdeşler arkalaşygynyň tertipnamalaýyn işlerini kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak maksady bilen gurnalan okuw maslahatyna Agrosenagat pudagynyň ýurt boýunça kärdeşler arkalaşygynyň şäher geňeşleriniň, başlyklary, hasapçylary, ilkinji guramalaryň başlyklary, gaznaçylary, geňeş agzalary we dürli kärlerde zähmet çekýän işewürleri gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň dowamynda meýilnamalaşdyrylan işler barada Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Berdimyrat Rozyýew öz çykyşynda Agrosenagat toplumynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýurt boýunça pudaga degişli ilkinji guramalarda tertipnamalaýyn alnyp barylýan isler hem-de wezipeler barada tanyşdyrdy, degişli resminamalary talabalaýyk ýöretmek, agzalaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramak, şeýle hem edara-karhanalarda zähmedi goramaklygyň we tehniki howpsuzlygyň talaplaryny berjaý etmek boýunca degişli meseleleriň üstünde durup geçdi. Seýle hem TKAMM - yň kärdeşler arkalaşygynyň agzalarynyň zähmet durmuş hukuklaryny goramak bölüminiň tehniki gözegçisiniň, hukuk maslahatçysynyň, welaýatlar boýunça pudagara utgaşdyryjylarynyň çykyşlary diňlenildi. Okuw maslahatynda Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýan wezipelerine laýyklykda ýurdumyzda agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmakda, sagdyn durmuşy wagyz etmekde ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde zähmetkeşleriň arasynda yzygiderli alnyp barylýan wagyz-nesihat çäreleriň ähmiýeti barada bellendi. Ýylyň ähli paslynda “Daýanç sagaldyş merkezine” raýatlarymyzyň dynç almaga gelýändigini görýäris. Gojaman Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän bu sagaldyş merkezinde raýatlarymyz deňziň arassa howasyndan dem almak bilen sagdyn durmuş şertlerini berjaý edýärler, şeýle hem merkeziň sagaldyş toplumynda dürli bejergileri alýarlar. Bu okuw maslahatyna kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalary bolan Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligine degişli edara-kärhanalaryň hünärmenleri Maral Sahatowa, Jemal Aýhanowa, Nury Atamyradow, M.Hudaýarow hem gatnaşyp ýurdumyzda ekologiýa syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde ýerine ýetirilýän işler barada çykyş etdiler. Her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilelikde köp çäreleri gurnaýar. Ýurdumyzyň tebigatyny gorap saklamakda çekýän zähmedimize aýratyn üns berlip kärdeşler arkalaşygy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary bilen höweslendirmeler döredilýär. Her gün ir bilen Hazar deňziniň kenar ýakasynda raýatlarymyzyň gezelenç edýänini görýäris. Deňziň kenar ýakasyndan ýöräp suwuň tolkunlaryny we dürli guşlary synlamak adamlar üçin has hem täsirli bolýar. Hazarda guşlaryň birnäçe görnüşi gyşlaýar, gonup-göçýär, höwürtgeleýär, şeýlelikde Hazar deňziniň türkmen böleginiň dünýä ýüzüniň guşlar dünýäsini goramakda, sanyny dikeltmekde hem-de deňziň başga tebigy baýlyklaryny gorap saklamakda ähmiýeti uludyr. Deňziň kenar ýakasynda täsinje guşlary ýakyndan synlamak has hem gyzykly.![]()
![]()
Serçeden sähel ulurak enaýyja, owadanja guşlar kebezler, olar Çulukşekillilere degişli bolup, Hazar deňzinde kiçi kebez, demirgazyk kebezi, ýogynçüňk kebezi, hazar kebezi duş gelýär. Guşjagazlar kenarda ylgap –ylgap iki ýana ýöreýärler, golaýlaşan ýagdaýyňda bolsa uçup göz salymda saklanýarlar. Surata düşürmäge bolsa amatly pursat döreýär, ynha adamalardan hiç hili howpuň ýokdugyny aňýan bu guşjagazlar meniň duran ýerime örän golaý geldi we ganatlaryny ýazyp çägäniň üstünde maňa özleriniň oýunlaryny görkezýän ýalydy, ýa-da şeýle hereketleri bilen haýbat atýarmy diýen sorag ýüze çykýar. Guşuň bu hereketleri örän gyzyklydy. Adatça guşlar haçanda golaýda höwürtgesi ýa-da jüýjeleri bolan ýagdaýynda şeýle hereketleri edýärler. ![]()
Çarlaklar hem golaý aralyklarda uçýardylar, deňziň kenaryna çykyp arasynda dynç alýardylar, has hem daşyň üstüne gonan iki sany çarlagyň öz aralaryndaky hereketini hem synlamak gyzyklydy. Çarlagyň ganatyny ýokary galdyrýan pursady bolsa ýoga sagaldyş hereketini edýän adamlaryň hereketine meňzeýärdi. Suwda, kenara golaý aralykda kiçi tersaýaklara we ördeklere gözümiz düşdi. “Daýanç sagaldyş merkeziniň” daş-röwereginde döredilen tokaý zolaklarynyň içinde hem serçe, hüýpüpik, geçiguş we başga guşlar gabat geldi, adam eli bilen döredilen bu tokaý zolaklarynyň hem ýurdymyzyň biodürlüligini gorap saklamakda aýratyn orny bardyr. Okuw maslahatynyň dowamynda kenaryň gyrasynda sport çäreleriň geçirilmegi, Hazar döwlet tebigy goraghanasyna gezelenç gurnalyp ylmy işgärleriniň Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny ylmy tarapdan öwrenmekde ýerine ýetirýän işleri, goraghananyň tebigat muzeýiniň işi bilen tanyşdyrylmagy, Awaza milli syýahatçylyk zolagyna syýahatçylygyň gurnalmagy we sagaldyş merkeziniň medeniýet öýünde medeni çäreleriň gurnalmagy ýaly birnäçe çäreleriň geçirilmegi has hem täsirli boldy. Okuw maslahatyna gatnaşanlar ýurdumyzda raýatlaryň saglygy hem-de zähmet çekmegi üçin döredilýän şertlere özleriniň minnetdarlygyny aýtdylar. Ýurdumyzda abadan durmuşda ýaşamaga we zähmet çekmäge döredip berýän mümkinçiliklerine Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, alyp barýan döwlet ähmiýetli işlerinde uly rowaçlyklary gazanmaklaryny arzuw edýäris.


Aknabat Potaýewa Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy
Kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy
