TÜRKMENISTANYŇ DAŞKY GURŞAWY GORAMAK MINISTRI BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK WEKILI BILEN DUŞUŞDY

229
  2025-nji ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili hanym Narine Saakýan bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanda alnyp barylýan daşky gurşawy goramak bilen bagly taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada pikir alyşdylar hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, taraplar täze «Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini ösdürmek: kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek arkaly energiýa tygşytly we durnukly gurluşyk pudagyny ösdürmek» atly taslamanyň ähmiýetini belläp geçdiler.
Duşuşykda geljekde ekologiýa, tebigaty goramak we durnukly ösüş ugurlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça özara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýeti belkenip geçildi.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we BMGÖM geljekde hem ýurt üçin möhüm ekologiýa meselelerini çözmek ugrunda tagallalaryny birleşdirmegi maksat edinýärler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04