Daşky gurşawy goramagyň kanunçylyk binýady ösýär.
137 Daşky gurşawy goramak häzirki zaman jemgyýetiniň esasy meseleleriniň biridir, çünki ol tebigy baýlyklary gorap saklamak, olaryň durnukly ösüşi üpjün etmek we ilatyň saglygyny we abadançylygyny goramak zerurlygy bilen içgin baglanyşyklydyr. Soňky ýyllarda antropogen faktorlary ekosistemalara köp täsir edýär we tebigatyň öz-özüni kadalaşdyrmak işine düýpli zyýan ýetirýär. Howanyň üýtgemegi, ekosistemanyň zaýalanmagy, tokaýlaryň, biodürlüligiň ýitmegi, howanyň, suwuň we topragyň hapalanmagy ýaly häzirki zaman daşky gurşaw meseleleri milli kanunçylygy kämilleşdirmegi talap edýär.
Şu nukdaý nazardan, 2025-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministriniň 30-Ö belgili buýrugy bilen “Tokaýdan esasy däl görnüşde peýdalanmagyň tertibi” tassyklandy we 2025-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 1867 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.
“Tokaýdan esasy däl görnüşde peýdalanmagyň tertibi” Türkmenistanyň tokaý gaznasynyň çäginde tokaýdan esasy däl görnüşde peýdalanmagy amala aşyrmak bilen bagly ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Tokaýdan esasy däl görnüşde peýdalanmaga - ot ýatyrmak, mal bakmak, balary maşgalalaryny we balary gapyrjaklaryny ýerleşdirmek, mellek, bakjaçylyk we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, dermanlyk ösümliklerini we tehniki çig maly, ýabany ösýän miweleri, hozlary, kömelekleri, iýmişleri we beýleki tokaý baýlyklaryny taýýarlamak-ýygnamak degişlidir. Döwlet belligine alnan kadalaşdyryjy hukuk namasynda tokaý gaznasynyň ýerlerini tokaý petegi esasynda, şeýle hem uzak möhletli ýa-da gysga möhletli peýdalanmagyň kärende şertnamasy esasynda ulanmagyň düzgünleri, möhleti, şertleri, tokaýdan peýdalanyjylaryň hukuklary we borçlary jikme-jik beýan edildi.
Şeýle hem, 2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministriniň 35-Ö belgili buýrugy bilen “Aw baýlyklaryna gözegçiligi alyp barmagyň tertibi” tassyklandy we 2025-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 1868 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.
Aw baýlyklarynyň ýagdaýynyň we aw obýektleriniň ýaşaýyş gurşawlarynyň üýtgemelerini öz wagtynda ýüze çykarmak, olara baha bermek, şeýle hem ýaramaz hadysalaryň we olaryň zyýanly netijeleriniň öňüni almak hem-de aradan aýyrmak boýunça aw baýlyklaryna geçirilýän gözegçilik işlerini düzgünleşdirmek - şu Tertibiň maksady bolup durýar.
Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministriniň 29-Ö belgili buýrugy bilen “Ekologiýa taýdan howply işleriň görnüşleri we ekologiýa taýdan howply obýektleriň Sanawy” tassyklandy we 2025-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 1871 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.
Sanawda:
işiň gidiş döwründe tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň bolmagy mümkin bolan hojalyk we beýleki işiň ýerine ýetirilmegi daşky gurşawyň heläkçilikli ýagdaýda hapalanmagyna, ilatyň durmuşynyň we saglygynyň goraglylygyna, daşky gurşawa uzak wagtyň dowamynda täsirini ýetirýän zyýanyň (zeleliň) ýetirilmegine getirýän - Ekologiýa taýdan howply işe;
hojalyk we beýleki işiniň görnüşi, hili we netijeleri daşky gurşawyň heläkçilikli ýagdaýda hapalanmagyna, tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna, heläkçilikleriň bolmagyna, ilatyň durmuşynyň we saglygynyň goraglylygyna we (ýa-da) daşky gurşawa zyýanyň (zeleliň) ýetirilmegine getirip biljek - Ekologiýa taýdan howply obýekte düşündiriş berildi.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Baş ýuristy
J.Halbaýewa