NOWRUZDA TEBIGATYŇ GÖZELLIKLERI

196
   Häzirki wagtda tebigatymyzy bahar aýynyň buşlukçy gülleri, şeýle hem dürli guşlaryň owazlary bezeýär. Ynha ilkinji ir bahar gülleriniň güllemegi fewral aýynyň  ikinji ongünlüginde başlady. Tebigata gezelenje çykýan raýatlarymyzyň köpüsi  ”podsnežnik (подснежник)“ gülläpdir  diýýärler. Ýagny bu ösümligiň türkmen dilindäki ady “Däligöjele”, ýagny ösümlikleriň  Sogsanlar (Liliaceae) maşgalasyna degişlidir. Ýurdumyzda bu ösümligiň üç görnüşi ösýär: berk däligöjele (Merendera  robusta), pyntykly däligöjele (M.sobolifera) we endemik görnüş - Iolantyň däligöjelesi (M.jolantae). Berk däligöjele we Iolantyň  däligöjelesi Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda ýaýrandyr.  Her ýylda geçirilýän gözegçiliklerde bu ösümlikleriň  ýaýran ýerleri, ösüş ýagdaýy boýunça ylmy maglumatlar toplanýar. 2025-nji ýylyň ýylyň fewral aýynyň birinji ongünlüginde Gündogar Köpetdagyň dag eteklerinde we 13-nji fewralda Merkezi Köpetdagyň pes dag guşaklyklarynda, Bakjada, Germap ýol ugurlarda dälijegöjeläniň ilkinji gülleri bellendi. Guryhowdan çäkli goraghanasynyň meýdanlarynda  mart aýynyň birinji ongünlüginde  ýaşyl dona bürenen dag baýyrlyklarda  köpçülikleýin gülleýän tapgyry hasaba alyndy. 20-22-nji martda Mürzedagynda güllemegiň ahyrky tapgyry we  tohum emele getiren düýpleri hasaba alyndy. Ýaşaýyş dowamlylygy gysga wagtyň içinde bolsa-da bu täsin ösümlik tebigata öz gözelligini paýlaýar. Şeýle hem ýene-de tebigatymyzda raýatlarymyzyň arasynda   ”podsnežnik (подснежник)“ ady bilen tanalýan ösümlik bar. Ol  ýurdymyzyň daglyk ýerlerinde  Köpetdagda we Köýtendagda ýaýran zagpyran ösümligidir. Köýtendagynda ösýän Korolkowyň zagpyrany (Crocus korolkovii) Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşirine girizildi.   Köpetdag  döwlet tebigy goraghanasynyň orta we beýik dag belentliklerinde   Köpetdagyň endemigi  Mihelsonyň zagpyrany (Crocus michelsonii)  ösýär.  Mart aýynda  Nowruzyň – baharyň buşlukçy gülleriniň arasynda goraghananyň meýdanlarynda zagpyranly meýdanlary synlamak has hem täsin. Her ýylda  çapdan çykýan “Tebigat ýyl ýazgylarda” zagpyran ösümliginiň ösüş ýagdaýy barada hem maglumatlar berilýär. 2024-nji ýylda zagpyranyň ilkinji güllan düýpleri deňiz derejesinden 2488 metr belentlikde ýerleşýän Duşakerekdagynda 6-njy fewralda surata düşürildi, 2025-nji ýylyň mart aýynyň 15-ine Mürzedagynda köpçülikleýin gülleýän pursady  bellendi. Zagpyran ösümlikleriň Tekesakgallylar (Iridaceae) maşgalasyna degişli, onuň boýy 10-20 sm ýetýär, köpýyllyk ösümlik. Ol klubensoganlygy bilen köpelýär.  Bu ösümlikde, ýagny gülünde efir ýagy, kalsiý, witaminler, glikozidler we boýag maddasy krosin bar.  Zagpyrany dermanlyk  we iýmite tagam beriji hem-de boýag serişdesi üçin gadymdan peýdalanypdyrlar. Häzirki wagtda hem birnäçe ýurtlarda zagpyran ösümligini ösdürip ýetişdirmegiň usulyýetleri özleşdirilýär. Tebigaty gysga wagtyň içinde täsin  gülleri bilen bezeýän  zagpyranyň ýaýran meýdanlarynda çigildemleriň hem dürli görnüşiniň ösüş ýagdaýy başlady. Ýaşyl donly dag baýyrlyklary özleriniň sary gülleri bilen bezeýän gaz soganlary hem Nowruz baýramçylygyna  aýratyn gözellik berýär. 
Nowruz bahar baýramyňyz gutly bolsun!
Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň
Ylmy bölüminiň başlygy 
A.POTAÝEWA 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04