Arkadag şäheriniň ekologik taýdan arassalygy nobatdaky güwänama bilen tassyklanyldy.

25
  Häzirki zaman binagärlik aýratynlyklaryny özünde jemleýän Arkadag şäherinde Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou Dýanszi uniwersitetiniň bu şäheriň ekologik taýdan arassalygyny alamatlandyrýan Üstünlik güwänamasynyň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan täze şäheriň binagärlik çözgüdi, ekologik derejesi boýunça halkara giňişlikde ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Dabara şäheriň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşlar gatnaşdylar.
Amatly ýaşaýyş üçin ýokary derejeli şertleri özünde jemleýän, milli binagärlik bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine dürli ugurlar boýunça halkara güwänamalaryň, degişli diplomlaryň we şahadatnamalaryň gowşurylmagy ýurdumyzda binagärlik ýörelgeleriniň ösüşiň täze derejesine çykandygyny görkezýär.
Aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam eden dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň baş binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Onda Arkadag şäheriniň häzirki zaman binagärlik keşbine, şäherde ornaşdyrylan sanly ulgamyň we innowasion tehnologiýalaryň aýratynlyklaryna bagyşlanan dürli maglumatlar, fotosuratlar görkezildi. Sergide şäheriň dürli ugurlar boýunça mynasyp bolan halkara güwänamalary, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň zehininden dörän kitaplar möhüm orun eýeledi. Şeýle hem bu ýerde hytaý tarapynyň wekilleriniň bölüminiň guralandygyny bellemek gerek.
Dabarada edilen çykyşlarda Milli Liderimiziň başyny başlan beýik işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda şähergurluşyk maksatnamasynyň talabalaýyk berjaý edilýändigi barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheri milli binagärligiň özboluşly nusgasyna öwrüldi.
Soňra HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçene söz berildi. Ol bu ähmiýetli çäräniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan etdi. Hytaýyň Hançžou şäheri innowasion senagaty ösdürmekde, häzirki zaman sanly ulgamyň, emeli aňyň mümkinçiliklerini işjeň özleşdirmekde öňdebaryjylaryň biri hasaplanýar. Bu şäheriň Dýanszi uniwersiteti dünýäniň dürli ýurtlary bilen tehnologiýalar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürip, halkara giňişlikde bina edilýän şäherleriň derejesine baha bermek bilen meşgullanýar. Şeýle hem diplomat çykyşynyň dowamynda 2014-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň Hançžou şäherine amala aşyran saparyny ýatlap, onuň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny nygtady.
Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň dürli maksatly desgalarynyň binagärlik aýratynlyklary dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Munuň özi ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurduň kuwwatyny we derejesini görkezýär. Ilçi Arkadag şäherine Hançžou Dýanszi uniwersitetiniň Üstünlik güwänamasyny gowşurmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa güwänamany gowşurdy. Pursatdan peýdalanyp, ol Arkadag şäheriniň ýolbaşçylaryny we ähli ilatyny “akylly” şäheriň ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýandygy hakyndaky bu ykrarnama bilen gutlady.
Çykyşlarda Arkadag şäherinde durmuşa geçirilýän we täzeçil usullary esasy ugur edinýän işleriň oňyn netijeleri berýändigi bellenildi. Munuň özi, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäherinde amala aşyrylýan innowasion çözgütleriň hem şäheriň hemmetaraplaýyn ösüşine, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine üýtgetmeler girizmek hakynda degişli karary kabul edendigi barada aýdyldy. Resminama bilen, Aşgabat şäheriniň 65 ga ýerini Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirmek baradaky çözgüt kabul edildi. Dabara gatnaşyjylar munuň üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza täze şäheriň ähli ilatynyň adyndan sagbolsun aýtdylar.
Soňra Arkadag şäherinde ulanylýan innowasion tehnologiýalara hem-de sanly ulgam üpjünçiligine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Onda şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalarda, medeni-durmuş maksatly binalarda ornaşdyrylan tehnologiýalaryň netijeleri beýan edilýär.
Çykyşlarda häzirki döwürde gurluşyk-senagat düzümleri we beýleki ugurlar üçin hünärmenleriň taýýarlanylmagyna uly ähmiýet berilýändigine üns çekildi. Munuň özi ähli ugurlar boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleriň ýokary derejede amala aşyrylmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki zaman bilim ulgamyna çuňňur aralaşmagy babatda zerur tagallalar edilýär. Dabarada çykyş eden ýaşlar dünýä ylmyny ýokary derejede özleşdirmek ugrunda döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.Belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlarda ýurdumyzyň ähli ugurlarda ýeten derejesi, Arkadag şäherinde gazanylýan üstünlikler, halkymyzyň bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapdy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edilýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04