“Hazaryň täsinligi Hazar düwleni”

28
    Düwlenler barada gysgaça aýdyp geçsek, dünýädäki suwlarda olaryň 30-dan gowrak görnüşi hasaba alnandyr. Olar ululygy, daşky görnüşi, reňki, häsiýeti boýunçä biri-birinden tapawutlanýarlar. Dünýäniň demirgazyk ýurtlaryndaky uly suwlarda düwlenleriň 6,5 metre, agramy 2,5 tonna çenli ýetýänleri hem bar. Äpetligi sebäpli, olary deňiz pilleri diýlibem atlandyrýarlar. Uly suwlardaky düwlenleriň käbiri öz awynyň gözleginde bolup, 600 metr çuňluga çenli çümüp, birnäçe wagt suwuň aşagynda hereket edip bilýär. Olar gury ýerde oňaýly hereket edip bilmeseler-de, suwda iň çalt ýüzýän Jandar hasaplanýar. Öň tarapky Ýüzgüçleri suwda diňe ugruny üýtgetmek üçin hyzmat edip, esasy yzky ýüzgüjiniň kömegi bilen hereket edýär. Düwlenleriň käbir görnüşleri suwda sagatda 25 km tizlik bilen hereket etmäge ukyplydyr. Emma kenara çykan wagty gury ýerde uzak ýol aşmak olara mahsus däldir. Yzky ýüzgüçlerine daýanyp bilmeýänligi  üçin olar gury ýerde diňe öňki ýüzgüçleriniň kömegi bilen hem-de göwrelerini iki tarapa oklamak arkaly öňe hereket edýär. Suwda ýaşaýan beýleki süýdemdirijilerden tapawutly tarapy olaryň kenara hem çykyp, öz wagtynyň belli bir bölegini gury ýerde geçirýärler.
Hazar düwlenleri barada aýdanymyzda, olar dünýä suwlarynda duş gelýän ençeme görnüşli düwlenleriň arasynda özüniň kiçiligi boýunça Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendir. Olar reňki boýunça ak düwlenler, gök düwlenler, ala düwlenler ýaly görnüşlere bölünýär. Hazar düwlenleriniň  iň ulusynyň uzynlygy 1 metr 20 santimetrden 1metr 40 santimetre çenli aralykda bolýar. Agramy 45-55 kilograma çenli bolup, olar 25-30 ýyl, hatda ondan hem uzak ýaşaýar. 
          Günbatar Türkmenistanda gyşyň ortaky aýlarynyň aýazyna düwlen sowugy diýilýär. Bu ýöne ýerden aýdylanok. Möwsümde howanyň derejesi has pese düşüp, köp suwlar, şol sanda Hazar deňziniň demirgazyk tarapynyň kenar ýakalary hem doňýar. Şol döwürde bolýan doňaklyga il arasynda düwlen doňagy diýilýär. Bu ýagdaý, adatça, fewral aýynyň ikinji ongünlüginiň başyndan ahyryna çenli dowam edýär. Şeýle sowuklarda düwlenler deňziň demirgazygyna tarap gidip, doňaklyk ýerlerde buzuň ýa-da kenardaky üsti doňak ýylmanak daşlaryň üstünde köpelýär. Bu jandarlaryň ýene-de bir üýtgeşik häsiýetli tarapy – olar öz çagasyny on-on bir aý töweregi göwresinde göterýär. Olar, köplenç halatda, bir çaga dogurýar. Emma seýrek ýagdaýda iki çaga dogurýanlary hem duş gelýär.
    Hazar düwlenleri, esasan, ownuk balyklary awlap oňňut edýär. Olar öz awyny gözläp, 80-100 metre çenli çuňlukda suwa çümüp, birnäçe minutlap suwuň aşagynda bolup bilýär.Hazar düwlenleri ýaz-tomus aýlary, esasan, deňziň günorta bölegindäki Ogurjaly adasynyň kenarlarynda mesgen tutýar. Howanyň ýyly döwründe adanyň bu asuda kenarynda köpelýän ownuk balyklary awlamak olar üçin amatly hasaplanýar.
     Ähli suwda ýaşaýan jandarlara mahsus bolşy ýaly,düwlenleriň hem uzakdan görüjiligi pesdir. Emma olaryň ys alyjylyk we eşidiş ukyby örän ýokary. Olar 300-400 metr aralykdan ys alyp, öz awuny awlap bilýärler.
    Hazar düwlenleriniň kiçileri bir günüň dowamynda, ortaça, 1-1,5 kilogram töweregi iýmit bilen oňňut etse, ulular 4-4,5 kilograma çenli iýmit iýýär. Düwlenleriň bu görnüşiniň  ýene-de bir aýratynlygy olar diňe Hazar deňzinde ýaşap köpelýär. Şeýle-de olar Hazar deňzindäki ýeke-täk endemik süýdemdirijiler hasaplanýar. 
    Soňky ýyllarda hazar düwlenleriniň sany azalyp, oňa ýitmek howpy abananlygy sebäpli ol Tebigaty Goramagyň halkara Birleşigniň Gyzyl sanawyna we Türkmenistanyň gyzyl kitabyna girizilendir.

Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň     
ylmy bölüminiň başlygy S.Mämmedow, 
kiçi ylmy işgäri G.Kömekowa.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04