Arkadag şäheriniň Oba hojalyk toplumynda “Ekologiýa medeniýeti-tebigatyň gözelligi” atly maslahaty geçirildi.
57 Şu gün Arkadag şäheriniň häkimligi, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti, Arkadag şäheriniň Daşky gurşawy goramak müdirliginiň guramagynda Arkadag şäheriniň Oba hojalyk toplumynda “Ekologiýa medeniýeti-tebigatyň gözelligi” atly maslahaty geçirildi.
Bu maslahata Arkadag şäheriniň Daşky gurşawy goramak müdirliginiň başlygy G.Ýagşygeldiýew, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty S.Begmyradow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşiniň baş hünärmeni M.Orazalyýew şeýle hem Arkadag şäheriniň Maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň esasy hünärmeni P. Meretliýewler we birnäçe pudak edaralarynda dürli ugurda zähmet çekýän ildeşlerimiz gatnaşdylar. Arkadag şäheri sebitde ilkinji akylly şäher bolmak bilen ýurdumyzyň ösüşlerini, ykdysady kuwwatyny dünýä ýaýýar. Gurlup ulanylmaga berlen döwrebap binalar bilen bir hatarda, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, ýaşyl zolaklary we köp sanly bag nahallaryny oturtmaklyk we yzygiderli köpeltmek, arassa howa gurşawyny döretmek bilen bagly dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Bu işleri yzygiderli dowam etmek we ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak bilen bagly işler hem ýokary derejede alnyp barylýar. Bu işleri dowam etmek maksady bilen Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda möhüm ähmiýetli ekologiýa syýasaty halkara ekologiýa hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alýan, ösen milli kanunçylyk binýada esaslanýar. Ösüp gelýän ýaş nesillerde tebigaty goramak, onuň gymmatlyklaryna aýawly çemeleşmek we hormat goýmak ýörelgelerinde terbiýe bermek, ýaş nesilleriň arasynda ekologik medeniýetiň derejesini ýokarlandyrmak döwletimiziň ileri tutýan esasy ugurlarynyň biridir. Çünki, häzirki döwürde älem giňişliginde iň çylşyrymly meseleleri bilen öňe çykýan ekologiýa çuňňur öwrenmegi, ähli meseleleri düýpli seljermegi we netijeli baş alyp çykarmagy talap edýär. Şeýle döwürde ekologik düşünjeleri we bu babatdaky maglumatlary ýakyndan bilmek, akyl ýetirmek, ekologik nukdaýnazaryndan sowatly çemeleşmäni gazanmak möhüm wezipeleriň hatarynda ileri tutulýar.
Şeýle belent wezipäni amala aşyrmakda ýaşlaryň ekologik çärelere gatnaşmagyny üpjün etmek möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şu ýyl Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda, ýurdumyzda ýazky bag ekişlik möwsümine badalga berilmegi, geljekde ekilen baglar ösüp, boý alyp, ajaýyp bir gözelligi we iň esasysy tebigatymyzyň howa sazlaşygynyň arassa ulgamyny döretmekde berk esas bolar. Çünki, tebigat biziň öýümizdir, ýaşaýyş gurşawymyzdyr. Bu gurşawda özboluşly medeniýet kemala gelip, edil adamlaryň birek-birek bilen mähirli gatnaşyşy ýaly, adam bilen tebigatyň arasynda hem hormat goýmak, goramak we aýawly çemeleşmek ýaly ýörelgelere utgaşyp gidýän ekologik medeniýet kemala gelýär.
Diýarymyzyň tebigatyny goramak we baýlyklaryny aýawly hem-de rejeli ulanmak barada Kanunçylygy berkitmek boýunça möhüm işler amala aşyrylýar. Hususan-da, “Tebigaty goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Balyk tutmak we suw biologik serişdelerini goramak hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň, Tokaý kodeksiniň ähmiýeti juda uludyr. Ýaşlara berilýän ekologik bilimleriň hatarynda kanunçylyk we medeniýet düşünjeleriniň baglanyşygyny döretmek bu ugurdaky bilimleriň artmagyna kuwwatly binýat bolup durýar.
Daşky gurşawy goramak ählumumy meseledir. Halkara derejede uly üns-alada bilen gurşalan bu meseläniň iň ygtybarly çözgüdi bolsa, her bir ýurt öz gezeginde, her bir raýat öz gezeginde daşky gurşawa mähirli garamalydyr, goramalydyr.
Ekologik medeniýetiň ýokarlandyrylmagy ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Arkadagly Serdarymyza çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris. Döwletli başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Arkadag şäheriniň Daşky gurşawy
goramak müdirliginiň bölüm müdiri
Amangül Arabaliýewa.