Sülgünler Sumbar jülgesiniň bezegidir.
152 Guşlaryň özboluşly toparynyň biri hem sülgündir. Sülgünler öý towugyna çalymdaş, emme guýrugy inçeden uzyn guşdyr. Sülgünleriň Türkmenistanda 4 aşaky görnüşi bar. Olar murgap sülgüni, amyderýa, hywa hem-de pars sülgünleri. Olar ýelek örtüginiň, ýumurtgalarynyň reňkleriniň dürlüligi, köpelýän wagtlary we ýaşaýan ýerleri boýunça tapawutlanýar.
Sülgünleriň ýaýran ýerleri: Günbatar Köpetdagda we Tejen, Murgap, Garagum derýada, Çendirde, Amyderýada hem-de dag eteklerinde gabat gelýär.
Ýaýraýşy: Oturymly guş, jeňňelliklerde gamyşlyklarda, ýylgynlyklarda, ösgün otlyk we ekerançylyk ýerlerde,şor suw akabalarda, suwly ýaplaryň kenarýakalarynda ýaşaýar,martyň ortasynda kuruk bolýar. Günortada guşlaryň ilkinji jüýjeleri apreliň birinji ýarymynda jüýje çykýar. Jüýjeleri 10-12 gün 1 aý töweregi bolanda oňat uçmaga ukyply bolýar 5 aý bolanda doly tapawutlanýar, ýerde gezip iýmitlenýär,örän seýrek hal-da gyrymsy agaçlaň üstüne çykyp iýmitlenýär.
Mör-möjekleriň 50 görnüşi bilen, ösümlikleriň bolsa 170 görnüşi bilen iýmitlenýär,ösümlikleriň tohumy miwesi bilen iýmitlenýär. Pars sülgüni oba hojalyk ekinlerinde hiç zat zyýan ýetirmedik ýagdaýynda ýaşap bilýär. Höwürtgesi ýerde,içine ösümlikleriň çybyklary, baldaklary ýa-da otlaryň çüýrän galyndylary we öz ýelekleri gatyşdyrylyp düşelen oýtajyk bolýar. Sülgünler 4-19 ýumurtga gullaýarlar. Mäkiýany 23-24 gün ýumurtga basýar. Iýýän iýmiti örän dürli ösümlikleriň miweleri we tohumlary,tut kömelekleri we gurçuklary iýýärler. Alahekek, garga hüwi, şagal, tilki,ýabany we öý pişikleri, sülgünleriň tebigatdaky duşmanlarydyr. Türkmenistanda pars sülgüni sumbar jülgesiniň kenarlarynda Galalygözde, ýolderede, melliderede, Hasarda, Irmede az sanly toparlary gabat gelýär. Sülgünler dag tokaýlarynda we gyrymsylyklarda ýaşamany gowy görýär.
Hanmeňli Hojamämmedowa
Sünt-Hasardag tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri