Hazar döwlet tebigy goraghanasy
190 Türkmenistanda bar bolan 9 sany goraghananyň içinde Hazar döwlet tebigy goraghanasy ýeketäk deňiz goraghanasydyr. Beýle diýmegiň sebäbi onuň tutýan meýdanynyň 70 göterimden köprägini deňiz suwunyň akwatoriýalary eýeleýärler. Goraghananyň ylmy bölüminiň işgärleri tarapyndan ençeme ylmy temalar boýunça ylmy barlag işleri alnyp barylýar.Ol temalar goraghananyň meýdanlarynda bar bolan ösümlik we haýwanat dünýäsi barada maglumatlar toplap ylmy taýdan öwrenmekden ybaratdyr. Hazar deňziniň gözelligi onuň ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen üzülmez baglanşyklydyr. Hazar ýakasynyň tebigaty haýran galdyryjy köpdürlidir. Goraghanada dürli ösümlikleriniň 419 görnüşi bellige alnyp, onuň köp bölegi Etrek derýasynyň aşaky akymlarynda ýerleşendir. Hazar suwotulary barada aýdylanda bolsa, ýurdumyzyň çägindäki böleginde onuň dürli görnüşleri duş gelýär. Olaryň arasynda ýaşyl, gyzyl, goňur suwotulary agdyklyk edýärler. Suwotular bedende ýaşaýyş möhüm bolup durýan hem-de oňaýly täsirleri arkaly tapawutlanýan maddalaryň baý çeşmesi bar diýip hasaplanylýar. Deňizde ýaşaýan dürli jandarlar üçin gymmatly iýmit bolmak bilen birwagtda, suwotularyň birnäçe görnüşlerini derman serişdelerini öndürmekde giňden peýdalanmak mümkindir. Alymlar suwotularynyň möhüm aýratynlyklarynyň biri hökmünde öz düzümlerinde ýokary malikulýar doýgun däl ýag kislatalaryny saklaýandyklaryny nygtaýarlar. Şeýle ýag kislatalary ynsan bedeniniň sagdynlygyna wajyp orny eýeleýär.
Hazar goraghanasynyň haýwanat dünýäsi hem özüne mahsus bolan aýratynlyklary bardyr. Deňzi mesgen edinen haýwanlaryň hem-de ösümlikleriň esasy aýratynlyklarynyň biride, olaryň käbirleriniň ýokary derejede endemikler hasaplanmagydyr. Ylymda endemikler diýip, şol bir ýerde ýaşaýan, başga ýerlerde asla duş gelmeýän ösümlikleriň we haýwanlaryň görnüşlerine aýdylýar. Şonuň üçin hem onlarça görnüşleri kenar ýaka döwletleriň gyzyl kitaplaryna, şeýlede halkara Gyzyl kitabyna girizilendir.
Ihtiýologlaryň maglumatlaryna salgylanyp aýtsaň Hazarda balyklaryň dürli görnüşi duş gelýär. Balyklaryň köp dürlüligi babatda taý geljek başga bir deňiz ýok diýerlikdir. Hazaryň türkmen böleginde balyklaryň 61 görnüşi duş gelýär. Aglabasy bekreleriň, kifallaryň, azatmahylaryň, karplaryň, takgazlaryň we beýleki gymmat bahaly balyklaryň maşgalasyna degişlidir. Soňky ýyllarda azyk bolçulugyny döretmegiň maksatnamasyna laýyklykda Hazarda balyk önümçiligini has giňeltmek esasy wezipeleriniň birine öwrülýär.
Deňiz biodürlüliginiň esasylarynyň ýene biri bolan guşlar barada aýdylanda, goraghananyň ylmy işgärleriň ylmy-barlag maglumatlaryna görä , bu ýerde guşlaryň 300 golaý görnüşüniň duş gelip, her ýylda Hazar deňziniň çäklerinde dürli guşlar uçup geçýärler. Guşlaryň köp sanlysy bolsa bol iýmitli deňziň ajaýyp kenarlarynda, aýlaglarynda, adalarynda gyşlamaga galýarlar. Şonuň üçinem Hazaryň türkmen böleginiň ýerlerine ,,guşlaryň şalygy“ diýip, şahyrana teswirlenmegi tötänden däldir. Olaryň täsin owazy, şirinden- şirin saýramalary deňiz kenarynyň täsinligini artdyryp, ynsan-keýipiçaglygyna täze röwüş çaýar. Hazar deňzine guşlaryň ummasyz köp üýşmeginiň deňziň biologik, gidrohimik we gidrologik düzgünini kemala getirmekde uly ähmiýeti bardyr. Şoňa görä hem, deňziň Türkmenbaşy we Demirgazyk Çeleken aýlaglary ulgamy halkara ähmiýetli suw –batgaly haýyrlanýan ýerler höküminde Ramsar Konwensiýasynyň aýratyn sanawyna girizildi. Goraghanada alnyp barylýan ylymy-barlag işlerinden başga-da, goraghananyň meýdanlaryny goramak, ekologik taýdan arassa saklamak, adatdan daşary ýagdaýlardan aýap saklamak, biotehniki işleri geçirmek, ilat arasynda wagyz-nesihat etmek we beýleki möhüm bolan çäreleri amala aşyrmak goraghananyň işgärleriniň hemişe üns merkezinde durýar.
Elmira Rozumowa
Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň laboranty
