Arkadag şäheri – akylly hem “ýaşyl” tehnologiýalar şäheri
164 Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ykdysadyýetiň pudaklaryny okgunly ösdürmek boýunça çäreler hem yzygiderli amala aşyrylýar. Döwrebap şäherler, şäherçeler, obalar, ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň desgalary, ekologiki taýdan arassa senagat kärhanalary gurlup ulanmaga berilýär.
Köpetdagyň eteginde ajaýyp künjekde ýerleşen “akylly” Arkadag şäheriniň öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalar giňden ornaşdyryldy. Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm ugurlara aýratyn üns berilendigini aýratyn bellemek gerek. Tebigy gözellikleri gorap saklamak üçin bu şäheriň gurluşygynda “ýaşyl” tehnologiýalar giňden ulanyldy. Şäheriň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulmagy, şeýle hem degişli güwänamanyň berilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň anyk subutnamasydyr. Şeýlelikde Arkadag şäheri dünýäniň şähergurluşyk we inžener-tehniki ösüşiniň iň täze nusgalaryny özünde jemleýär.
Geljekde Arkadag şäheriniň «akylly» tehnologiýalaryny ýurdumyzyň beýleki sebitlerindäki şähergurluşyk işlerinde hem netijeli ulanmak göz öňünde tutulýar. «Akylly» şäherleri kemala getirmekde uly üstünlikleri gazanmak maksady bilen, daşary ýurtly IT hünärmenler, inženerler, alymlar, professor-mugallymlar bilen bilelikde «akylly» öý, şäher we internet enjamlaryna, olaryň dolandyrylmagyna, kiberhowpsuzlygynyň üpjün edilmegine degişli häzirki zaman tejribeleri yzygiderli öwrenilýär.
Bu täze şäheriň keşbinde milli binagärligiň däpleri binagärlik hem-de bezeg babatda häzirki zaman islegleri bilen sazlaşykly utgaşdyrylypdyr. Bu ýerde halkara ölçeglerine, şol sanda tebigaty goramak ulgamyndaky ölçeglere laýyk gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi şäher ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär. Şäher köçelerinde jemgyýetçilik ulagynyň ekologiýa taýdan arassa görnüşleri – elektrobuslar we elektrotaksilar hereket edýär.
Halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary, ýokary tehnologiýaly önümçilikdäki tejribeler, sebit we ählumumy derejedäki ylmy-tehniki wezipeler häzirki döwrüň esasy ugurlarynyň biridir.
Ýurtda innowasion tehnologiýalary ösdürmekde halkara barlaglaryň netijelerine, ylmyň, önümçiligiň we senagatyň ileri tutulýan ugurlaryna, nano, bio, maglumat, sanly, “akylly” tehnologiýalaryň işlenip taýýarlanylyşyna, kiberhowpsuzlyga, emeli aň, kompýuter, ykjam programmalara, ylmy gazanylanlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek ýaly işlere ýaşlary çekmeklik meseleleri hem örän ähmiýetlidir.
Suraý GELDIÝEWA,
Ekologiýa gözegçilik gullugynyň tehnologiýa
we innowasiýa bölüminiň baş hünärmeni.