«Ýabany tebigatyň Bütindünýä güni» - mynasybetli geçirilen çäreler.

219
    Daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary gorap saklamak bilen bagly birnäçe Bütindünýä ekologiýa seneler ýylyň dowamynda bellenilýär. 2025-nji ýylyň 3-nji martynda hem «Ýabany tebigatyň Bütindünýä güni» mynasybetli köp çäreler köp ýurtlarda gurnalýar, ýagny ekologiýa aksiýalary, okuw-maslahatlary geçirilýär we tebigata gezelençler gurnalýar. 2025-nji ýylyň 1-nji martynda «Ýabany tebigatyň Bütindünýä güni» mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Biologiýa fakultetiniň Zoologiýa kafedarsynyň gurnamagynda «Türkmenistanyň  haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligi hem-de olary gorap saklamagyň ylmy esaslary» atly onlaýyn maslahaty geçirildi. Bu onlaýn ylmy maslahatyna Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň, Aşgabat şäher häkimligini Janly tebigatyň milli muzeýiniň işgärleriniň we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hem-de  Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Biologiýa fakultetiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Onlaýn okuw-maslahatynda ýurdumyzyň döwlet tebigy goraghanalarynda Türkmenistanyň ösümlik we haýwanat dünýäsini ylmy tarapdan öwrenmekde  hem-de gorap saklamakda ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdyryldy we  “Türkmenistanyň biodürlüligini gorap saklamagyň ähmiýeti”  barasynda giňişleýin çykyş edildi. Türkmenistan döwletimizde Birleşen Milletler Guramasynyň Biologik dürlülik hakyndaky konwensiýasynyň 1996-njy ýylda tassyklanmagy we gazanylan sepgitler hem-de meýilnamalar bilen tanyşdyryldy.  Şeýle hem Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ýabany haýwanlaryň, esasan hem alajagaplaňyň, garagulagyň, syrtlanyň, dag goçunyň, dag tekesiniň we başga-da ýabany haýwanlaryň biologiýasyny we ekologiýasyny  ylmy tarapdan öwrenmekde geçirilýän usulyýetler bilen tanyşdyryldy. Ýabany haýwanlaryň Bathyz, Sünt-Hasardag, Köpetdag, Gaplaňgyr, Köýtendag we başga goraghanalarda düşürilen wideo şekilleri görkezildi. Aşgabat şäher häkimliginiň Janly tebigatyň milli muzeýiniň uly ylmy işgäri D.Annamämmedowyň “Ýabany jandarlary goramak we olaryň ähmiýeti”,  Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary Ç.Kulyýewanyň we N,Guldurdyýewiň “Turajy (Francolinus francolinus) goramagyň ylmy esaslary” hem-de “Merkezi Köpetdagyň ornitofaunasynyň goralyşynyň aýratynlyklary”,  Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy H.Muhammetgulyýewanyň “Tenebrio molitor tomzagyny plastiki galyndylary zyýansyzlandyrmakda ulanmak”,  Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň  mugallymy E.Öwezgeldiýewanyň “Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň Dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy ensiklopediki eserinde beýan edilýän dermanlyk ösümlikleriniň käbir görnüşleriniň atçylykda  ulanylyşy” baradaky  çykyşlaryny talyplar uly gyzyklanma bilen diňlediler hem-de tejribeli mugallymlar bilen gürrüňdeşlik geçirdiler. Şeýle hem bu ekologiýa senesi bilen baglylykda Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgärleri we Germap meýdançasynyň döwlet gözegçileri Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň meýilnamasynyň esasynda goraghananyň ylmy-tejribe meýdançasynda ösdürilip ýetişdirilen türkmen arçasynyň  we pisse agajynyň nahallaryny goraghananyň Mürzedag meýdanyna golaý ýerlerde  ekdiler. Germap meýdançasynyň bölüm başlygy G.Gulbatyrow  ýabany  haýwanlary gorap saklamakda we olaryň sanyny dikeltmekde Bakja meýdanynda ekilen arpalaryň käkilikleriň we aýraklaryň sanyny dikeltmekde uly ähmiýet berýändigini gürrüň berdi. 
Tebigaty gorap saklamakda türkmen halkynyň gadymyýetden gözbaşyny alyp gaýdýan pähimleri dowam edýär.  Hormatly Prezidentimiz her bir çykyşlarynda  “Ýurdumyzyň obalarynyň we şäherleriniň daş-töwereklerinde tokaý zolaklaryny, gök guşaklary döredýäris. Çöl, dag, derýa we köl ekoulgamlarynyň hususan-da, haýwanlaryň hem-de ösümlikleriň seýrek görnüşleriniň goralyp saklanmagyna, aýratyn goralýan çäkleriň giňeldilmegine  gönükdirilen   işleri alyp barýarys. Biz geljekde hem halkara we sebit guramalarynyň, hususan-da  Birleşen Milletler Guramasynyň  degişli konwensiýalary esasynda bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam ederis – diýip belleýär.  
Gözel ýurdumyzyň täsin tebigatyny ylmy tarapdan öwrenmäge we gorap saklamaga döredip berýän mümkinçiliklerine Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly sag bolsun aýdýarys. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw edýäris!
Ýabany tebigatyň Bütindünýä güni mynasybetli türkmen tebigatyny ylmy tarapdan öwrenmekde, gorap saklamakda we dikeltmekde zähmet çekýän işgärleri, şeýle hem Daşky gurşawy goramak babatda Türkmenistan döwletimiz bilen  hyzmatdaşlykda işleýän halkara bilermenleri we ylmy işgärleri gutlaýarys hem-de işlerinde uly üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw edýäris!
 Aknabat Potaýewa,
Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň
Ylmy bölüminiň başlygy
 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04