Bathyz pisse agajynyň mekanydyr.
250 Pisse tokaýlygy Bathyzyň belentliginiň günbatar çäginde ýerleşýän pes daglyk we dag etek mekandyr. Pisse tokaýlygy deňiz derejesinden 700-1200 metr belentlikde ýerleşýär. Pisse agajy ösümlik dünýäsiniň iň gadymy wekilleriniň biri bolup, ol özüniň daş keşbi we ýaşaýyşynyň özboluşly tebigy aýratynlygy kyn şertlerine uýgunlaşanlygy, gurakçylyga, suwsyzlyga çydamlylygy bilen görenleri haýrana galdyrýar. Bathyzda goraghana döredilmänkä geçen asyryň 1930-1940-njy ýyllarda el bilen kiçi meýdanlarda soňra 1950-nji ýylda tehnikalaryň kömegi uly 500 ga meýdanlarda, soňra 1979-njy ýyla çenli her ýylda ekilipdir. Pisse agajy örän haýal ösýär. Ekilenden soň gögerip çykan ýaş nahal 1 ýylda 10 sm. ýokaryk, köki bolsa 100 sm aşak ösýär. Kyrk ýaşyndaky agaç adam boýyna deňleşýär. Pisse agajynyň boýy 7 metr, agaçlaryň aralary 8 metre çenli bolýar. Kepele gözegçilik jaýynyň töwereginde hasyllylygy diametri 2-3 metr, boýy 8 metre çenli agaçlaryň ýüzlerçesi bar. Pisse agajynyň beýleki ösümliklerden esasy tapawudy gurak, yssy howa we suwsuzlyga çydamlylygydyr. Ony 46-50 derejede yssy, gurak şertlerde ösdürip ýetişdirmek, baglyk döretmek mümkinçiligi bardyr. Ol yssa çydamly bolşy ýaly 41 derejä çenli sowuga hem çydamlydyr. Pissäniň kök ulgamy güýçli bolup, 12-13 metr ýeriň çuňlugyna gitse, gapdal kökleri 1,5- 1,7 metre çenli ösýär we ony güýçli öwüsýän epgek ýellerden, ýagýan ýagyşlardan topragyň üstki gatlagynyň ýuwulmalaryndan gorap saklaýar. Pisse hoz miweli agaçlaryň hataryna degişli bolup, beýleki agaçlar bilen garyşman, özbaşdak tokaý bolup ösýär. Pisse agajy uzak ýaşaýar, 300 ýyl ýaşandan soň hem hasyl bermäge ukyby bolýar. Olaryň hatda 700 ýyla çenli ýaşaýanlaryna duş gelmek bolýar. Pisse agajynyň ençeme peýdaly taraplary bar. Onuň hasyly diňe bir iýmit höküminde ulanylman, onuň dermanlyk häsiýetleri hem diýseň derwaýysdyr. Pisse maňzynyň 100 gram möçberiniň ýokumlylygy 642 kilokaloriýa deňdir. Onuň maňzy örän ýakymly we tagamly, iýmit üçin ýokumlydyr. Maňzynyň düzüminde 60-68 göterim ýag, 22,6 göterim belok, 13 göterim uglewodlar we beýleki ýokumly biologiki işjeň maddalar bardyr. Pisse hozunyň düzüminde mineral serişdeler, aminokislotalar ýeterlikdir. Süýjüligi 3,5 göterime barabar bolan pisse hozunyň maňzynda witaminleriň ägirt köp mukdary toplanýar.
Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň „Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri“ atly ensiklopedik eserinde pisse hozunyň ynsan saglygyna ýetirýän nep-peýdasy dogrusynda berilýän giňişleýin maglumatlara görä pisse hozunyň maňzyny yzygiderli ulanýan adamlaryň ganynyň çökündigli azalýar, E witaminiň köp mukdarynyň bolmagy adam bedeniniň garramak derejesini peseldýär. Pissäniň maňzyny akyl zähmeti bilen yzygiderli meşgullanýan adamalara köpräk iýmek maslahat berilýär. Onuň aşgazan-içege ýollarynyň kadaly işlemegini üpjün edýän häsiýetli aýratynlygy bardyr.
Ibn Sina öz döwründe pisse hozunyň maňzynyň kesel bejerjilik ukyby barada aýtmak bilen, onuň sowuklama garşy, peşew çykaryjy, işdäni açyjy, iýmit siňdiriji ukyba eýedigini aýratyn nygtaýar. Mundan başga-da konditer önümlerini öndürmekde giňden ulanylýar. Onuň şepbiginden gymmat bahaly reňk we lak öndürilýär. Ýapragyndan, baldagyndan alynýan şirelerden ýüň, pagta ýüpek matalary reňklemek üçin reňk alynýar.
Pisse agajy iki öýli ösümlik hasap edilýär, ýagny bir agaçda diňe erkek, ýa-da diňe urkaçy gül bolýar we tozanlaşyk geçirýärler. Bathyz döwlet tebigy goraghanasyndaky pisse tokaýynda geçirilýän gözegçilikleriň netijelerine görä ilkinji bolup erkek agaçlar mart aýynyň ahyrlarynda, aprel aýynyň başlarynda gülleýärler, 2-3 günden soň bolsa enelik agaçlar gülleýärler. Tozanlama şemal arkaly geçýär, çalşykly tozanlanma netijesinde pisse agajy birentek görnüşli bolýar, şonuň üçinem dürli agaçlardaky miweleriň dürli hili, dürli göwrümi bolýar. Ýapraklar diňe güllemäniň soňunda görünip başlanýarlar we agaçlar derrew ýaşyl mahmal bürenen ýaly bolýarlar. Iýul aýynyň aýaklarynda, awgust aýynyň başlarynda miweleri bişip ýetişýär. Emma miwesiniň bişişi yzygiderli bolýar, özem dürli-dürli agaçda şeýle bolman, eýsem bir agajyň özündäki miweler hem bir wagtda bişmeýärler, munuň özi miwäniň şahada ýerleşişine, günüň düşüşine bagly bolýar. Geçirilen gözegçiliklere görä pisse agajynyň demirgazyk tarapy, ýagny sowuk şemal öwüsýän tarapynyň hasyly pesiräk bolýar. Pisse agajynyň miwesi şänikli bolup, şänigiň daşynda gabyk, gabygyň içinde-de maňyz ýerleşýär. Miwesi 15 mm, käte 23 mm ululykda bolýar, üzümiňky ýaly hoşajygynda 3-den 50-ä çenli däne ýerleşýär. Şahalary kül reňk bolup, ýapraklary ýumurtga şekilli, açyk ýaşyl reňkli bolýar.
Pisse agajy ekilenden soňra 12-13 ýyldan hasyl berip başlaýar. Tebigy ýagdaýda suwarymsyz şertlerinde 20 ýyldan soň hasyla durýar. Onuň hasyly diňe bir ynsana däl, ýokumly maňzy goraghananyň ýabany haýwanlaryň hem köpüsine iýmit ätiýaçlygy bolup hyzmat edýär. Bişen pisse hozyny gemrijilere, guşlara, tilki ýaly jandarlarda iýmit bolýar.
Nurmuhammet Hudaýgulyýew
Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň
Ylmy bölüminiň başlygy
