REPETEK DÖWLET BIOSFERA GORAGHANASYNDA KÄBIR ÝER ATLARYNYŇ DÜŞÜNDIRLIŞI

152
  Ata Watanymyz Türkmenistanda dünýä derejesinde öwrenilýän BMG-nyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna ady girizilen, güneşli Diýarymyzyň aýratyn goralýan täsin meýdanlarynyň biri bolan Repetek döwlet biosfera goraghanasynda we Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň geografiki ýerleriniň we guýularynyň atlarynyň gelip çykyşy, bu atlaryň düşündirişi, aňladýan manylary her bir ynsan üçin gyzykly bolsa gerek. Soltanşa Atanyýazowyň “Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi” kitabyndan we internet sahypalaryndan, meýdanlarda mal bakýan çopandyr-çoluklaryň maglumatlaryndan, goraghanada öňden bäri zähmet çekip gelýän hünärmenleriň aýtmagyndan taýýarlanan şu maglumatlary okyjylaryň dykgatyna ýetirmegi makul bildik.
“Repetek” –  Garagumuň jümmüşinde iň bir owadan ýerleriň biri.  1927-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Repetek döwlet goraghanasy döredilýär.  Bu goraghana köp ylmy çeşmelerde “Sähra öwreniji alymlaryň ylmy mekgesi” ady bilen bellidir.  Goraghananyň “Repetek” ady “rabatek” sözüniň üýtgän görnüşi.  “Rabatek” söziniň haýsy dilden gelip çykandygy barada ylmy çeşmelerde hiç hili maglumat berilmeýär, ýöne ol türkmençä terjime edilende “rabatjyk”, “kiçijik kerwensaraý” diýmegi aňladýar. Bir wagtlar Repetek çäge-çöl bekedinden 18 kilometr demirgazyk tarapda Işanrabat atly kiçijik kerwensaraý bolupdyr. Muňa häzirki wagtda ylym we ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini goramak bölümlerinde zähmet çekýän hünärmenleriň ylmy-meýdan we meýdan-gözegçilik işleriniň netijesinde  häli-şindi tapylýan taryhy tapyndylar şaýatlyk edýärler. Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň meýdanlary Beýik Ýüpek Ýolunyň ugruna ýakyn ýerde ýerleşýär.
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň garamagyndaky meýdany 30 müň gektar bolan Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň “Ýerajy” ady çäginde ajy suwly guýularyň ýerleşýändigi bilen baglanyşdyrylýar. “Ýerajy” –  ajy suwly guýunyň ady. Ýerajy – ýerasty suwlary ajy bolan ýer. Çäkli goraghananyň meýdanylarynda Bäşimajy, Rozybaý, Dörtguduk, Halyk, Ýerajy ýaly guýular bar. 
 Balguýy – suwunyň bal ýaly süýji bolanlygy sebäpli goraghananyň çägindäki bu guýuny “Balguýy” diýip atlandyrypdyrlar.
 Çarlak – goraghananyň meýdanynda ajaýyp tebigy meýdan. “Çarlak” sözi “şarlak”, “şaglawuk” diýen sözlerinden gelip çykypdyr. “Çarlak” meýdanynyň ady çarlak guşunyň ady bilen hem baglanyşdyrylýar. 
 Demirgazyk jülge – goraghananyň çäginde ýerleşen jülge görnüşli peslik ýer. Bu jülgäniň demirgazyk tarapy “Demirgazyk jülge”, günorta tarapy “Günorta jülge” diýlip atlandyrylýar.
 Repetek Saharasy – goraghana meýdanynda belentli-pesli aklaňlary öz içine alýan, ösümlik örtügi juda seýrek bolan ýer. Bu meýdanyň üsti boş çäge depeleri dünýäde iň uly çöl hasaplanylýan “Saharany” ýada salýandygy sebäpli, “Repetek Saharasy” diýlip atlandyrylýar.
“Ýaman tokaý” gara sazakly jülgesi – goraghananyň bu ajaýyp tebigy meýdanynyň “ýaman” ady äpet, uly, deňi-taýy bolmadyk tokaý diýlip düşündirilýär. Goraghananyň bu meýdany “Hakyky çöl tokaýydyr”.
 Watanymyzyň ajaýyp tebigy ýerlerini dünýä derejesinde öwrenmeklige uly mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!
 Aziza FURKATŽANOWA
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň 
ylym bölüminiň başlygy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04