Arkadag şäheriniň Daşky gurşawy goramak müdirligimizde zähmet çekýän zenan hünärmenimiz bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp boldy.

65
       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza, şöhratly ata-babalarymyza, mährem enelerimize  we gelin-gyzlarymyza goýulýan belent sarpa Milli Liderimiziň we Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan beýik işlerinde aýdyň duýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäheri owadanlygyň, gözelligiň, ekologiýa taýdan abadançylygyň şäheridir. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ata Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe barýar. Şeýle taryhy döwürde ýaşamagyň, zähmet çekmegiň, döretmegiň we gurmagyň özi hem tükeniksiz bagtdyr.
        Hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan sarpasyna jogap etmek we zenanlaryň başarnygyny hem-de ukybyny açyp görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan watanymyzyň hem halkymyzyň öňünde guwandyryjy işleri bitirýän, öňdebaryjy zenanlaryň arasynda “Ýylyň zenany” bäsleşigi yglan edilip, ýakynda şol bäsleşigiň Arkadag şäher tapgyry geçirildi.
         Bu bäsleşikde Arkadag şäheri boýunça ukyply, işeňňir gelin-gyzlarymyz öz aralarynda sekiz ugur boýunça bäsleşdiler. Bu bäsleşige Arkadag şäheriniň Daşky gurşawy goramak müdirliginiň zenanlary hem gatnaşyp, “Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin” diýen ugur boýunça üstünlikli çykyş etdiler. Müdirligiň bölüm müdiri Amangül Arabaliýewanyň Arkadag şäheriniň Daşky gurşawy goramak müdirliginde Arkadag şaheriniň çäginde we gurluşygy alnyp barylýan desgalarda ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryndan rejeli peýdalanylşyna hem-de howanyň, suwuň, topragyň hapalanmagyna garşy gözegçilik etmekde goşýan goşandy, baradaky wideo maglumatlary, häzirki wagta çenli alyp baran işleri baradaky fotosuratlary  we ýokary derejedäki çykyşy emin agzalar tarapyndan ýokary bahalandyryldy. Şeýlelikde, bäsleşikde baş baýraga we “Ýylyň öňdebaryjy oba zenany” adyna müdirligimiziň bölüm müdiri Amangül Arabaliýewa eýe boldy. 
        Biz hem kärdeşimiziň “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda üstünlikli çykyş edip müdirligimize baýrakly orny getirer diýip ynam edýäris. Zenanlaryň sarpasyny belentde tutup, olary bagtyýarlykda, bagtly ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan halk bähbitli döwletleri işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin.

Arkadag şäheriniň Daşky gurşawy 
goramak müdirligi baş buhgalteri                             B. Nurjanowa

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04