Goraghanalaryň ähmiýeti.
78Ýurdumyzda deňiziň, çöldir sähralaryň, dagdyr düzlikleriň, tokaýlaryň bolmagy diýarmyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrýar. Şeýle gözel tebigatymyzy gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek, ony geljekki nesillermize tebigy durkunda ýetirmek maksady bilen ýurdumyzda 9 sany goraghana döredilen. Bir söz bilen aýtsak Goraghana öz çäginde tebigaty goramak, gözellik, aň-bilim babatda aýratyn ähmiýetli bolan, adamyň hojalyk işiniň täsirinden kanun tarapyndan bellenen tertipde ýörite bölünip aýrylyp goralýan asudalyk mekanydyr. Onuň meýdanlarynda islendik gurluşyk işleri, aw etmek, mal bakmak, ot ýatyrmak, ýollary çekmek, ekin ekmek, birugsat onuň meýdanlaryna girmek hat-da pyýada-da girmek gadagan. Asudalyk mekany birnäçe görnüşlere bölünip biler: jansyz botaniki, janly-ýabany haýwanlaryň ýaşaýan ýerleri. Bizde Türkmenistanda botaniki asudalyk mekany aýratyn çäklerde bölünip berilmedik.
Ýokarda belleýşimiz ýaly Türkmenistanda goraghanalaryň 9 (dokuz) sanysy bar. Olaryň umumy meýdany 2152360 ga ýa-da ýurdumyzyň meýdanynyň 4,38% tutýär. Şol sanda goraghanalaryň meýdanlary 925157ga , çäkli goraghanalaryň meýdanlary – 1070560ga, goraghana ýanaşyk gorag ýerleri – 114660ga, tebigy ýadygärlikler -2020ga, ekologiki geçelgeler – 40017ga.
Çäkli goraghanalarda , tebigy ýadygärliklerde-de asudalyk döwlet tarapyndan goralýan ýerlere degişlidir.
Asudalyk meýdanlaryna- goraghanalara ýöne, bir gabat gelen ýerler bölünip berilmeýär. Tebigatyň adam tarapyndan özleşdirilmedik ýa-da az özleşdirilen ýerleri saýlanyp alynýar. Türkmenistandaky goraghanalaryň her biri belli bir maksatly tebigatyň özleşdirilmedik , ilki başky ýagdaýyny saklamak, meýdanlarda bar bolan ýabany haýwanlary we ösümlik örtügini goramak hem-de olaryň sanyny artdyrmak, olary ylmy esasda öwrenmek maksatly döredilen.
Bathyz döwlet tebigy goraghanasy 1941-nji ýylyň 3-nji dekabrynda döredildi. Onuň ilki başdaky meýdany 800000ga deň. Beýle köp meýdanyň goraghana bölünip berilmegi ilki bilen gulanlaryň sanynyň we gezýän örüsiniň anyklanman – günbatarda Tejen, gündogarda Guşgy derýalarynyň aralygy, demirgazykda Bathyz belentliginiň garagum çöli bilen sepgidi, günortada bolsa döwlet serhedi bilen çäklendirilen.
Biziň ýurdumyzda tebigaty goramak we tebigy serişdelerden ýerlikli peýdalanmak syýasaty ýokary derejede alynyp barylýar. Ýabany toýnakly haýwanlar her günde 50-70 km ýol geçen halatynda özüni erkin duýýarlar. Ýabany toýnakly haýwanlaryň gije-gündizki we pasyllar boýunça migrasiýasyny ylmy esasda göz öňünde tutulyp, Bathyz tebigy döwlet goraghanasynyň asudalyk meýdanlary 87680 ga-dan 140430 ga çenli artdyryldy. 52750 ga ýerler oba hojalygyndan bölünip goraghana berildi. Şonuň ýaly hem gorag zolaklary hem-de ekologik geçelgeler döredildi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tebigat ulgamynda bu äden ädimi biz tebigaty goraýjylar üçin, geljek nesil üçin eden Atalyk aladasydyr.
Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň direktory geografiýa ylymlaryň kandidaty
Çaryýarguly Akynyýazow