Goraghanalarda gyş aýynyň aladalary.
86Goraghanalaryň ylmy iş meýilnamalaryna laýyklykda tebigy baýlyklary gorap saklamak maksady bilen biotehniki çäreler, ýagny güýz-gyş aýlary çeşmeleri arassalamak, ýangyna garşy sürüm zolaklaryny geçirmek, zyýanly çekirtgeleriň ýaýran ojaklaryny anyklamak we olara garşy çäreler toplumyny işläp düzmek, tomus aýlary ýabany haýwanlar üçin suw üpjünçiligini döretmek hem-de gyş aýlary gar ýaganda meýdanlara bede ýa-da başga otlary ýaýratmak bilen goşmaça iýmitlendirmek boýunça işler ýerine ýetirilýär. 2025-nji ýylyň 9-njy fewralynda ýagan gar daglara aýratyn gözellik berýär. Garyň ýagan galyňlygyny barlamak, şeýle hem ýabany haýwanlar boýunça gözegçilikleri geçirmek maksady bilen Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri T.Täşliýewiň, A.Hommadowyň, H.Döwletmyradowyň, K.Hajyýewiň gatnaşmagynda Akbugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynyň töwerekleri bilen Halaç dagynyň aralygyndaky giňişlikde ylmy barlag işleri geçirildi we gulanlar üçin goraghananyň Gäwers bölüminde taýýarlanan otlar meýdanlara goýuldy. “Türkmeniň ak öýi” binasynyň daş-töwereklerinde ekilen sazak tokaýlyklaryň içinde guşlaryň dürli görnüşi, towşan we tilki gabat geldi. Gulanlaryň ýaýran meýdanlaryna barlanda ilki bilen olary uzak aralyklardan dürbi bilen görýäris, soňra surata almak üçin golaý baranymyzda hem olary ynjytmaz ýaly howpsuzlyk düzgünleri berjaý edilýär. Eger-de awtoulagda olaryň ýanyna golaýlasaň olar uzak aralyklara gitmek bilen bolýar. Ýöne bu täsin jandarlar şol ýerde bakylýan goýundyr-geçileriň sürüsine golaý gezýärler hem-de çopanlara hem öwrenişipdirler. Gulan – Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sanawuna girizilen görnüş. Bu görnüşiň sanyny tebigatda dikeltmek wajyp işleriň biridir. Şonuň üçin hem çopanlaryň we çöl tokaýlary dikeltmek boýunça işleri ýerine ýetirýän edara-kärhanalaryň işgärleriniň arasynda gulanlary gorap saklamak barada söhbetdeşlikleri geçirýäris. Ýagny ýabany haýwanlary gorap saklamak babatda ýerli ilatyň we ýerden peýdalanýanyjylaryň arasynda häli-şindi jedelli meseleler hem ýüze çykýar. Gulanlaryň ýaýrawy Guryhowdan çäkli goraghanasynyň meýdanlarynyň çäginiň, esasan hem Halaç dagyna golaý ýerleri öz içine alýar, şeýle hem çäkli goraghananyň meýdanlaryna golaý Akbugdaý etrabynyň dagetek düzlükleri olaryň esasy ýaşaýan meýdanlarydyr. Bu ýerde sazak tokaýlyklary ekip ýetişdiren jogapkär edara-kärhanalar hem meýdanlarda tebigaty gorap saklamak babatda dürli düşündiriş tagtalaryny goýupdyrlar. Bu bolsa tebigaty gorap saklamak barada giň halk köpçüliginiň düşünjeleriniň kämilleşýändigini görkezýär. Gulanlary görenimizde bir ýerde 7 sanysynyň gabat gelendigini gündeliklerimizde belledik, ýene-de iki sany gulan sürüden aýratyn gezýär. 2024-nji ýylda gulanlaryň iki sanysy goduklady. Dürbiniň kömegi bilen 1 ýaşyna golaýlan goduklary synladyk, 2025-nji ýylda hem gulanlaryň köpelmegine garaşylýar. Guryhowdan çäkli goraghanasynyň inspektor topary gulanlary gorap saklamakda talabalaýyk işleri gurnaýarlar, her gün olaryň otlaýan meýdanlaryny gözegçilikde saklaýarlar. Daglarymyzyň ak dona bürenen gözelliklerini surata alyp, ylmy barlaglarymyzy dowam edenimizde Akbugdaý etrabynyň Bugdaýly daýhan birleşiginiň ýol ugurlarynda ekinçilikde hüýpüpik guşy hasaba alyndy. Hüýpüpik – uçup geçýän-höwürtgleýän, az mukdarda gyşlaýan görnüş. Bu guş mart aýynyň başynda uçup gelýär. Ýöne bu gören hüýpüpik gyşymyz bolsa biziň diýarymyzda gyşlamaga galandyr diýip çaklaýarys. Şeýle hem barlag geçirilen meýdanlarda sakgally garaguş, göwenek, syçançy, mollatorgaý, ekinçi garga gabat geldi.
Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň
Ylmy bölüminiň başlygy A.Potaýewa

