Türkmenistan boýunça 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 17-23-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty.
52Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-13-den 14-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0...-2°С sowukdan +3...+5°С aralygynda maýyl, gündizlerine +4...+6°С-dan +13...+15°С aralygynda maýyl bolar.
Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-12-den 12-14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1...-3°С sowukdan +1...+3°С aralygynda maýyl, gündizlerine +3...+5°С-dan +12...+14°С aralygynda maýyl bolar.
Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4...+1°С-dan +1...+6°С aralygynda maýyl, gündizlerine +10...+15°С, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +4...+9°С maýyl bolar.
Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3...+2°С-dan +1...+6°С aralygynda maýyl, gündizlerine +2...+7°С-dan +13...+18°С aralygynda maýyl bolar.
Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 10-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3...+2°С-dan +2...+7°С aralygynda maýyl, gündizlerine +5...+10°С-dan +14...+19°С aralygynda maýyl bolar.
Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0...-5°С sowukdan +1...+6°С aralygynda maýyl, gündizlerine +3...+8°-dan +13...+18°С aralygynda maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2...-7°С sowukdan -2...+3°С aralygynda maýyl, gündizlerine 0...+5°С-dan +8...+13°С aralygynda maýyl bolar.