Bathyz belentligi.
72 Gadymyýete siňip giden baý taryhly, özboluşly gözelligi bilen görenleri haýran edýän Bathyz türkmen tebigatynyň ýedi hazynasynyň biridir. Geliň munyň şeýledigine suratlandyrmalaryň üsti bilen göz ýetirjek bolalyň. Deňiz derejesinden 1200 m. belentde, Bathyzyň günbatar tarapynda Köpetdagyň gündogar, belkide Gindikuş daglarynyň Gissar gerşiniň iň soňky günbatar şahasy bolan Gezgädik il arasynda Gyzgädik diýip atlandyrylýan gerşiniň, Bathyzyň merkezinde bolsa deňiz derejesinden 311 m. ýokarda Ýeroýlanduz çöketliginiň ýerleşmegi, iň belent nokady bilen iň pes nokadynyň ara tapawudynyň 900 m. bolmagy bu ýeriň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, toprak örtüginiň, ýer üstüniň dürli görnüşliligi bilen tapawutlanyp, içki wertikal guşaklygyň alamatlarynyň bardygyny ýüze çykarýar. Çöllüklerden dag etegine, dag eteginden pes daglyklara geçip gidýändigi mese-mälim göze görünýär. Megerem, şonuň üçin bu ýerde düwürtikli asjagaz, Çernowyň ýylan şekilli suwulgany, horosan hažžygy, uzyn aýakly as, Guşgy çigildemi ýaly başga ýerde duş gelmeýän endemik görnüşleriň ýaýramagyna tebigy şertler dörändir. Gezgädik- Gyzgädik gerşini mel, hek çökündileri düzýän bolsa, dag etegindäki çil-çil bolup, başlary bir bolup ýaýylyp açylyp gidýän gerişleri Tetis deňziniň düýbi bolan gyzyl reňkli toýunsöw çökündiler, geologiki taýdan has gadymyýet çökündileri bolan paleogen çökündileri bilen utgaşýar. Deňiz derejesinden 311 m. ýokarda, daş töwerekden 600 m. pesde ýerleşýän Ýeroýlanduz çöketligiň ýer üstüni gurşap alýan geologiki jynslar welin ertekilerdäki ýaly örän täsin. Iň pes ýerini dürli reňkler bilen öwüşgin atýan duzly köl örtýär. Onuň daş-töweregini Tetis deňziniň düýbünde ýaşap daşa öwrülen dürli görnüşli balykgulaklar, daşa öwrülen ösümlikleriň we agaçlaryň galyndylary ýaýrandyr. Bu ýerden tapylan arhiologiki gymmatlyklary goraghananyň merkezinde ýerleşýän müzeýde ýakyndan synlamaga şertler döredilen. Şol duzly kölüň daş töweregini ýarym aý şekilli Tetis deňziniň düýbünde atylyp bilmän galan wulkaniki jynslardan ybarat bolan beýikligi 30-40 m. ýetýän diňleri bolup, duzly köle kölege salýar. Ýeroýlanduz çöketliginiň gündogar bölegini şorlar eýeleýär. Şor bilen duzly köli bolsa duzly ýap birleşdirýär. Duzly ýap wulkaniki jynslaryň üstünden akyp geçýändigi sebäpli onuň suwy ýylyň dowamynda ýylydyr. Duzly ýabyň suwunyň ýene-de bir tapawutly tarapy, onuň suwynyň üstki gatlagy sowuk bolup, aşaky gatlagynyň bolsa jana ýakymly mylaýymdan-da gyzgyn suwynyň saklanýanlygydyr. Ýeroýlanduz çöketliginiň demirazyk tarapyny beýikligi 15-20 m. gyzyl gaýalar ýarym aý görnüşinde gurşaýarlar. Bu gaýalaryň toýnakly haýwanlar bolan türkmen dag goçlary, keýikler hat-da ýyrtyjylar üçin ähmiýeti örän ulydyr. Olara gyşyň aýazyndan, tomusyň yssy jöwzasyndan goranmaga şertleri döredýär. Ýeroýlanduzyň günorta – gündogar, günorta – günbatar ugurlaryny çöle mahsus bolan çöl ösümlikleri, çerkezdir – gandym, ekzotiki görnüşli çomüçdyr – porsy gamaklar gözüňi gamaşdyrýar täsinligi döredýär.
Geliň Bathyz belentliginiň iň pes ýeri bolan Ýeroýlanduz çöketliginden Gyzgädik gerşine çenli toprak örtügine syýahat edeliň. Iň pesde şorluklar.Onda-da üsti gaýmakly şorluklar. Gaýmakly şorlüklar tomusyň jokrama yssysyndan gurap nahar duzyna öwrülýär. Geçmişde ýüpek ýolundan geçýän kerwenler Merwe, Hyrada, Eýrany şäherlerine nahar duzuny çekilenlgi barada maglumatlar bar.
Ýeroýlanduzda Türkmenistanyň iň günortasynda ýerleşýän çäge massiwi bar. Diýmek bu ýerde çöl-çäge topragy ýaýrandyr. Ýeroýlanduzdan 600 m. deňiz derejesinden ýokaryk düzlüge, baýyrlyklara çykarsyň welin, ähli ýerini mele toprak örtýär. Mele topragam düzümindäki çägäniň, toýunyň we çüýrüntginiň mukdaryna görä görnüşlere bolünip, bu ýerde baý ösümlik dünýäsini emele getirýär. Şonuň ýaly hem ýer üstüniň keşbiniň biri pisse tokaýlygydyr. Ýurdumyzyň tebigatynyň täsinliklerini, ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek örän gyzyklydyr, gorap saklamak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň
direktory,geografiýa ylymlaryň kandidaty
Çaryýarguly Akynyýazow
