Arkadag şäherini 2024–2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasynyň maksatlarynda bellenen wezipelerden «Arkadag şäherinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek» boýunça maslahat
164Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen gurulan Arkadag şäheri gözelligiň, owadanlygyň, ekologiýa taýdan abadançylygyň şäheridir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň 24 – däki №448 belgili permanyna laýyklykda Arkadag şäherini 2024-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň konsepsiýasyny tassyklamak hakynda Arkadag şäheriniň ähli ulgamlaryny sazlaşykly we durnukly ösdürmek, ilatyň ýaşamagyna we zähmet çekmegine, dynç almagyna gönükdirilen amatlyklary yzygiderli üpjün etmek, ýaşaýyş durmuş derejesini hasda ýokarlandyrmak maksady bilen karar kabul edildi.
Ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek Daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylşyna gözegçilik etmek biziň esasy wezipämiz bolup durýar. Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda tebigaty goramak, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmek barada edilýän taýsyz aladalary hem-de ýadawsyz tagallalary, Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynda wajyp ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmenistanda gurulýan binadyr desgalarda we taslamalarda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi esasy talaplaryň hataryndadyr.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäheriniň ýerleşýän ýeriniň tebigy aýratynlyklary, bu taslamada ulanylýan innowasion çözgütler, täzeçil çemeleşmeler, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen düzümler adamyň ýaşaýşy we zähmet çekmegi üçin iň oňat şertleri we mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir.
Ýurdumyzyň çäklerinde amala aşyrylýan taslamalarda tebigat bilen sazlaşygy saklamaga, daşky gurşawy goramaga berilýän ünsüň halkara derejede ykrar edilmegi bolsa Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň umumy adamzat ähmiýetli asylly işleriniň aýdyň we anyk mysalydyr. Muňa Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada alyp barýan ekologiýa syýasaty esasynda her ýylda döwlet derejesinde geçirilýän ählihalk bag ekilşik dabaralarynyň ýokary derejede geçirilmegi tebigaty, daşky gurşawy goramakda edilýän aladalaryň nyşanydyr. Arkadag şäheriniň Daşky gurşawy goramak müdirligi hem öz gezeginde Arkadag şäheriniň çäginde we gurluşygy alnyp barylýan desgalarda ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryndan rejeli peýdalanylşyna hem-de howanyň, suwuň we topragyň hapalanmagyna garşy gözegçilik etmek hem-de Arkadag şäheriniň çägindäki edara-kärhanalarda, guramalarda tebigaty, daşky gurşawy goramaklyga degişli durmuşa geçirilmeli çäreleriň ýyllyk meýilnama laýyklykda ýerine ýetirilşine gözegçilik işlerini ýokary derejede alyp barýar. Arkadag şäherinde «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek, ekologiýa howpsuzlygyny berkitmek, tebigatdan rejeli peýdalanmak, galyndylary dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça degişli işleri alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndaky ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesi barada ýazan gymmatly sözlerinden we Konsepsiýadan ugur alyp, ilatyň ekologiýa biliminiň we ekologiýa medeniýetiniň derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly işleri wagyz etmek ýaly meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Demokratik, hukuk we dünýewi, Garaşsyz Hemişelik Bitarap ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek we gözel tebigatymyzy hem daşky gurşawy goramak babatda taýsyz tagallalary we ýadawsyz aladalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarmyza tüýs ýürekden sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, ýurdumyzda beýik özgertmeleriniň durmuşa geçirilýän döwründe ähli amala aşyrylýan taryhy işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Arkadag şäheriniň Daşky gurşawy
goramak müdirliginiň başlygy: G.Ýagşygeldiýew
