HAZARÝAKA ÇÖLLÜKLERINIŇ ÖSÜMLIK ÖRTÜGI

209
  Türkmenistanyň Prezidenti Gahryman Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ylmy ösdürmek we ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň gerimli ekologiýa syýasatynyň çäklerinde türkmen alymlary hem-de hünärmenleri tarapyndan Hazar deňziniň kenar ýakasynda ylmy barlaglar alnyp barylýar.
Dünýäniň biologiýa taýdan dürlüliginiň aýrylmaz bölegini düzýän ösümlikleriň taksonomik düzümini anyklamak, dürli sebitlerde ýaýran ýabany ösýän ösümlikleriň has peýdaly görnüşlerini, olaryň tebigy gorlaryny ýüze çykarmak, görnüşleriň ýaşaýyş aýratynlyklaryny öwrenmek, seýrek, ýitmek howpy abanýan görnüşleriň gorag çärelerini işläp düzmek, sebite häsiýetli bolan endemik we gadymy (relikt) ösümlik görnüşlerini, şeýle hem medeni ösümlikleriň ýabany kowumdaşlaryny öwrenip, ýurdumyzyň milli baýlyklary bolan tebigy ösümlik gymmatlyklarymyzy gorap saklamak alnyp barylýan ylmy barlaglaryň esasyny düzýär.
Ülkämiziň dürli künjeklerinde ösýän ösűmlikler özboluşly, gaýtalanmajak häsiýetleri, olaryň görnűş düzümi bilen, ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsini emele getirýär. Daglara, düzlüklere, kenarýakalaryna,
çöllere mahsus bolan, şol ýerleriň topragynyň düzümine, yzgarlylygyna, gün şöhlesiniň bollugyna, howanyň temperaturasyna we birnäçe tebigy hadysalaryna bagly bolan ösümlik örtügi bardyr. Giň düzlükleriň ösümlikleri dürli-dürli görnüşli bolup, biri-birlerinden topragyna (düzümine, gurluşyna, dykyzlygyna, çyglylygyna we ş.m.) hem-de ýeriň relýefine baglylykda tapawutlanýarlar.
Hazarýaka sebiti dürli ugurlar boýunça türkmen alymlary tarapyndan öwrenilýär. Esasy mesele diňe deňiz gurşawy dälde, Hazar deňziniň kenarlarynyň ýakyn ýerleriniň hem biodürlüligini gorap saklamak we ol ýerleriň dürli topraklarynda ösýän ösümlikleri, ýaşaýan haýwanlary ylmy taýdan düýpli öwrenmek, olary gorap saklamak, baýlaşdyrmak hem-de dikeltmek türkmen alymlarynyň öňünde durýan wajyp meseleleriň biridir. Her ýylda tassyklanan meýilnamalaryň çäklerinde Demirgazyk-Günbatar Türkmenistanyň Hazarýaka çöllükleriniň ösümlik örtügini we ösümlikleriň görnüş düzümini öwrenmekde ylmybarlag işleri geçirilýär. Bu ýerde ösýän ösümlikler sebitiň yssy-gurak we şor, çägeli, toýunly toprakly ýerlerine uýgunlaşan görnüşlerdir. Ösümlikleriň görnüş düzümi kawkaz-eýran, günortaorta aziýa we ortaýerdeňiz görnüşlerini saklaýar. Goňşy ýurtlaryň florasyndan tapawutlylykda, bu sebitiň florasyny köp halatlarda kserofit we mezokserofit görnüşler düzýärler. 
Hazarýaka çöllüklerinde geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde we edebiýat maglumatlaryna laýyklykda, bu ýerlerde 58 maşgala, 223 uruga degişli 441 görnüş hasaba alyndy. Hazarýaka çöllükleriniň florasynda ösümlikleriň esasy 5 sany maşgalasy agdyklyk edýär. Bular selmeler (Chenopodiaceae), astragüllüler (Asteraceae), däneliler (Poaceae), kösükliler (Fabaceae) we kelemler (Brassicaceae) maşgalalarydyr. Bu maşgalalaryň degişli görnüşleri sebitiň çölleşen bölegine häsiýetlidir we ösümlik örtüginiň 40 – 50% düzýärler. Ösümlik örtüginiň 20 – 30% bolsa, ýene-de 5 maşgalanyň wekilleri emele getirýär, olara: kyrkbogunlar (Polygonaceae), buraçnikler (Boraginaceae), sogsanlar (Liliaceae), ýylgynlar (Tamaricaceae) we düýedabanlar (Zygophyllaceae) maşgalalary degişlidir. Bu maşgalalaryň wekilleri sebitiň ösümlik örtüginde  esasy orny eýelemeýär, ýöne, olaryň ösüşi howa şertlerine berk bagly bolýar. Ýokarda görkezilen maşgalalara degişli bolan görnüşler sebitiň florasynyň düýp özeni bolup, onuň ösümlik örtügini emele getirýär. Hazarýaka sebitiniň florasynyň dürli ýaşaýyş şekillerini öz içine alýan ösümlikler: agaçlar, gyrymsylar, ýarymgyrymsylar, ýarymgyrymsyjalar, köpýyllyk, ikiýyllyk we birýyllyk otjumak ösümlikler düzýärler. Hazarýaka çöllükleriniň edifikatorlary (ösümlik örtüginiň gurujylary) 12 sany maşgalany we 40 sany görnüşleri öz içine alýar. Bu ösümlikler sebitiň ösümlik örtüginiň düýbüni tutujylary bolup hyzmat edýär. Hazarýaka çöllükleriniň ösümlik örtügi, esasan hem ýowşanly-şoraly, ujypsyz sanda otjumak ýarymsawanna toparlanmalaryndan düzülendir. Bu gönüşleriň toparlanmalary tekiz belentlikleriň ähli ýerlerinde agdyklyk edýärler we olaryň esasyny düzýär. Sebitiň ösümlikleri we ösümlik toparlanmalary dürli topraklary eýeleýärler. Krasnowodsk tekiz belentlikleriniň, gyrlaryň melegoňur we çägesöw topraklarynda ýarymgyrymsyjalardan kemrud (Artemisia kem-rudica), santolin (A.santolina), turan (A.turanica) ýowşanlary toparlanmalary emele getirýärler. Olaryň arasynda pes boýly gara sazak ýa-da gyr ojary (Haloxylon ammodendron), çerkez (Salsola richteri), boýalyç (Xylosalsola), çogan (Halothamnus subaphylla), tetir (Salsola gemmascens) we ýere ýazylyp ösýän ýaman borjak (Ephedra intermedia)
duş gelýärler.
Garabogazköl aýlagynyň töwerekleriniň toýunsow we mele-goňur topraklarynda gara sazak (Haloxylon ammodendron), boýalyç (Xylosalsola), köwreýik (S.orientalis) we çogan (Halotamnus subaphylla) bilen bilelikde toparlanmalary emele getirýärler. Mundan başga-da, bu ýerlerde tetir (Salsola gemmascens), porsyodun (Reamuriýa oxiana), daşbuýurgun (Nanophyton erinaceum) duş gelýär, ýowşanyň, buýurgunyň käbir görnüşleri arassa we garyşyk toparlanmalary emele getirýärler. Deňziň we aýlagyň kenarlarynyň şorlaşan ýerlerini şoraly çöller eýeleýär. Şoraly çölleriň ösümlik toparlanmalary, köpdürli şorluklaryň ýowuz şertlerinde ýaşamaga uýgunlaşan ýöriteleşen çäkli görnüşlerden düzülendir. Bu ýerde esasy orny galofitler eýeleýär we dürli
şorlaşan topraklarda ýaýramagy bilen baglanyşykly fitosenozlar (ösümlik toparlanmalary), galofil ösümlik örtügine (Halophyta) degişlidir. Bu fitosenozlary şoratan (Halocnemum strobilaceae), Komarowyň aktikeni (Nitraria komarovii), ýylgyn (Tamarix sp.), yarymgyrymsyly kermek (Limonium suffruticosum), adaty ýata (Salicornia europeae), şoralaryň (Salsola sp.) we guşgözüň (Climacoptera sp.) käbir görnüşleri düzýärler.
Oktumgumda, Krasnowodsk tekiz belentliginde, Gündogar Garabogazköl
ýakada duşýan çägelikler ýel (şemal arkaly emele gelen) gelip çykyşlydyr. Bu ýerlerde ýaýran psammofitler (çägede ösýän ösümlikler) psammofil ösümlik örtügine degişli bolan fitosenozlary emele getirýärler. Olara sözen (Ammodendron conollyi), çerkez (Salsola richteri), gum borjagy (Ephedrastrobilaceae), gandymyň käbir görnüşleri (Calligonum sp.), Kelleriň ýowşany (Artemisia kelleri), agaç pisintli siňren (Astragalus ammodendron), erkek selin (Stipagrostis karelinii) degişlidir. Ir ýaz aýlary bu ýerlerde agaç şekilli siňren (Astragalus ammodendron), süýnük gyzyldüýp (Arnebia decumbens), egri çüňkli çerrik (Ceratocephala falcate), zakaspiý gyzyldüýbi (Arnebia transcaspica), ýaglyja düýedaban (Zygophyllum atriplicoides), çüňkli çymylgan (Hypecoum pendulum), ýalan torly gaz sogany (Gagea pseudoreticulata), goňurbaş gyrtyjy (Poa bulbosa), sogdian irisi (Iris sogdiana), iri gülli gyzylgozolak (Strigosella grandiflora), egreldilen çetir (Tetrasme recurvata), çöl sarysolmazy (Senecio subdentatus) ýaly görnüşleri duş gelýär. Bu görnüşler efemerler we efemeroidlerdir. Ýaz paslynda gögerip çykýan bu görnüşler (efemerler we efemeroidler) ýylyň ygally gelşine berk bagly bolýar. Gurak ýyllarda ösümlikler öz ösüş möwsümini tamamlaman, gurap galýarlar. Bu ýerleriň gazaply howa şertlerine uýgunlaşan görnüşler bolsa, yssy howanyň düşmegi bilen öz ösüşini haýallandyrýarlar ýa-da rahatlyk ýagdaýyna geçýärler. Diňe güýz paslynyň gelmegi bilen olar oýanyp, öz ösüş möwsümini tamamlaýarlar, ýagny, olar gülleýärler we tohumlaýarlar. Şeýle ösümliklere ýowşanlaryň hem dürli görnüşleri degişlidir. Sebitiň floristik düzüminiň we ösümlik örtüginiň öwrenilmeginiň uly hojalyk ähmiýeti bardyr. Çöllükler görnüş düzümi boýunça örän gymmatly, selmeler, kelemler, kösükliler, däneliler maşgalalaryndan ybarat öri meýdan ösümliklerine baýdyr. Selmeler we astralar (çylşyrymlygüllüler) maşgalasyndan bolan ösümlik-gurujylaryň dürli formasiýalary we olaryň tutýan meýdanlarynyň göwrümleri ýylyň dowamynda köp sanly mallary iýmit bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. 

Pirli Kepbanow,
Türkmenistanyň Daşky gurşawy
goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik
we haýwanat dünýäsi milli instituty,
biologiýa ylymlarynyň kandidaty
Maral Sahatowa,
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak
ministrliginiň Çöller, ösümlik we
haýwanat dünýäsi milli instituty
Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak žurnaly

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04