“TEBIGATYŇ ÝYL ÝAZGYSY” TAÝÝARLANYLÝAR

136
    Türkmen tebigatynyň üýtgeşik ýerleri, özboluşly florasy we faunasy diňe bir döwlet derejesinde däl, eýsem dünýä derejesinde öwrenilmäge mynasypdyr. Tebigatda ýylyň-ýylna bolup geçýän möwsümlere görä hadysalar, üýtgeýän ýagdaýlar özboluşly aýratynlyklara eýe.
“Tebigat ýyl ýazgysy – bu ýeke-täk usulyýet boýunça geçirilýän, ekologik ulgamlaryň we tebigy obýektleriň ýagdaýy üçin döwlet tebigy goraghanalarynyň, döwlet biosfera goraghanalarynyň we milli tebigy seýilgähleriň ylmy düzüm birlikleri tarapyndan amala aşyrylýan ulgamlaýyn syn etmeleriň maglumatlarynyň jemidir” diýlip, Türkmenistanyň Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakyndaky kanunynda beýan edilýär. “Tebigat ýyl ýazgylary”  bu goraghanalaryň ylmy barlaglarynyň esasy netijeleriniň jemidir, başgaça aýdanymyzda goraghanalaryň ylmy hasabatydyr. “Tebigatyň ýyl ýazgysy”– goraghananyň tebigy toplumlarynda bolup geçýän hadysalara gözegçiliginiň esasy baş mowzugydyr.
Repetek döwlet biosfera goraghanasynda goraghanalaryň öňünde goýan maksadyny we wezipelerini amala aşyrmak üçin her ýylda Tebigatyň ýyl ýazgylar kitaby taýýarlanylýar. 2024-nji ýyl üçin “Tebigatyň ýyl” ýazgysy kitaby häzirki wagtda ýyl ýazgylary taýýarlamagyň ýeke-täk usulyýeti boýunça täze  nusgada taýýarlanylýar. Bu kitapda berilýän maglumatlar tekst ýazgylary, tablisalar, suratlar görnüşinde beýan edilýär.
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň 2024-nji ýyl üçin “Tebigat ýyl ýazgylary” kitabynda diňe bir ylmy barlaglar esasynda toplanan maglumatlar däl-de, beýleki ähli meseleler boýunça maglumatlar hem girizildi. Goraghananyň ösümlikleriniň we haýwanlarynyň görnüşleriniň düzümi, olaryň sany, sanynyň azalmagy ýa-da  üstüniň doldurylmagy, dikelmegi baradaky maglumatlar, dürli kartalar, goraghananyň ýerleşýän sebitindäki hojalyk işleri baradaky maglumatlar beýan edildi.
Goraghananyň toprak, relýef, howa we suw şertleri, olardaky üýtgeýän ýagdaýlar aýry-aýrylykda bölümlerde ýazgy edildi. Howa şertleri baradaky maglumatlar Repetek meteobekedinden alyndy. Alnan maglumatlar esasynda howanyň we topragyň temperaturasy, şeýle hem howanyň otnositel deňeşdirme çyglylygy, ygalyň düşmegi, topragyň temperaturasy boýunça maglumatlar tablisalar görnüşinde taýýarlanylýar. Suw şertleri barada beýan edilýän aýratyn bölümde guýular, ýagýan ygallar, suwlaryň minerallaşyş derejesi barada ýazyldy. Relýef we toprak şertleri baradaky bölümde goraghananyň meýdanlarynda topraklaryň ýaýran görnüşleri, relýefiň ýyllar boýunça üýtgeýiş ýagdaýlary barada durlup geçildi.
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň ösümlik dünýäsini öwrenmek, oňa gözegçilik etmek, möwsümlerde gerbariýleri toplamak boýunça ýerine ýetirilen işler jikme-jik görkezildi. Belli bir meýdanlarda ösümlikleriň gürlügi, fenologik hadysalar, ösümlikleriň tohumlanma derejesi boýunça maglumatlar ýazyldy. Ösümlikleri öwrenmek boýunça peýdalanylan usulyýetler görkezildi.
Goraghanada haýwanat dünýäsi barada giňişleýin maglumatlar beýan edildi. Haýwanlaryň aýry-aýry görnüşleri, olaryň goraghanada duş gelşi, sanynyň üýtgeýän ýagdaýlary ýazyldy. Belli bir meýdanlarda ýaýran haýwan görnüşleriniň duş gelijiligi, hinleriň we höwürtgeleriň gürlügi barada maglumatlar beýan edildi.
Tebigatyň ýyl ýazgylar kitabynda goraghana meýdanlaryna ýetirilýän tebigy we antropogen täsirler barada maglumatlar hem girizildi. Bu maglumatlaryň ählisi öňki ýyllardaky alnan maglumatlar bilen deňeşdirilýär we seljerme işleri geçirilýär.

Umit ÇARYÝEW
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň
ylym bölüminiň ylmy işgäri

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04