Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynda guşlaryň gyşky sanawy.

180
 Ekologiýa babatynda Türkmenistanda dünýä tejribeleri ornaşdyrylýar we halkara ylalaşyklaryna goşulýar. Birleşen Milletler Guramasynyň tebigaty goramak baradaky ylalaşyklaryny, şol sanda biologik köpdürlülik hakyndaky, çölleşmä garşy göreş hakyndaky, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri peýdalanmak hakyndaky konwensiýalaryny, suw-batgalyk ýerler hakyndaky Ramsar konwensiýasyny we beýleki daşky gurşawa degişli ylalaşyklary tassyklap, Türkmenistan öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär hem-de sebit we dünýä derejesindäki işler amala aşyrylýar.Ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsi goraghanalarda goralýar we ylmy taýdan öwrenilýär, şol sanda guşlary öwrenmek boýunça degerli işler alnyp barylýar.
Guşlar tebigatymyzyň bezegidir. Olar tebigatyň deňagramlygyny saklamakda janly tebigatyň esasy toparynyň biri bolup durýar.Şol sebäpli, bütin dünýäde bolşy ýaly, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem guşlaryň ýaýraýşyny, sanyny, görnüş düzümini, gyşlaýyş ýagdaýyny öwrenmeklige uly üns berilýär.
Guşlar görnüş sany boýunça ýurdumyzyň haýwanat dünýäsiniň iň baý toparydyr. Görnüşleriň umumy sany boýunça olaryň esasyny serçeşekilliler, çulukşekilliler, laçynşekilliler we gazşekilliler düzýär.
Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynda guşlaryň 218 görnüşi duşýar. Guşlaryň 32 görnüşi çölde we 26 görnüşi suwuň ýakasynda höwürtgeleýär, galanlary – uçup geçýän, düşläp geçýän we gyşlaýan guşlardyr. Goraghanada suw-batgalyk guşlary içgin öwrenilýär.Bu ugurda 2021-2025-nji ýyllar üçin “Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň we oňa ýanaşyk meýdanlarynyň suw-batgalyk  guşlary (düzümi, ekologiýasy, biologiýasy)” atly ylmy-barlag işleri boýunça tema ýerine ýetirilýär. Bu işiň dowamynda goraghananyň çägindäki we oňa golaý ýerleşýän Sarygamyş, Zeňňibaba, Uzynşor, Atabaýşor we “Altyn asyr” Türkmen kölleriniň suw-batgalyk guşlarynyň görnüş düzümi, sany, migrasiýasy, köpelişi, gyşlaýyş ýagdaýy öwrenilýär.Gyşlan döwründe suw-batgalyk guşlarynyň köp bölegi Sarygamyş kölünde jemlenýär.
Sarygamyş köli Merkezi Aziýada iň uly kölleriň biridir, onuň döreýiş taryhy mundan öňki birnäçe asyrlara degişli bolup durýar. Aral deňzi kiçelenden ýa-da gurandan soň bu ýeri guşlaryň has köp toplanýan meýdanyna öwrüldi, ýagny Aral deňziniň üstünden uçup geçýän, gyşlaýan guşlaryň köp bölegi Türkmenistanyň çägine aralaşýarlar, şonuň bilen bir hatarda Sarygamyş kölünde hem düşläp iýmitlenýärler, dynç alýarlar, guşlaryň bir bölegi gyşlamaga galýarlar.Gyzylçüňk guw, almabaş ördek, ýaşylbaş, gyzylbaş garamtyl ördek, sakarbarak we başga-da birnäçe guşlar bu meýdanyň esasy ýaşaýjylarydyr.
Zeňňibaba, Uzynşor, Atabaýşor kölleri “Altyn asyr” Türkmen kölüniň Daşoguz akabasynyň ugrunda, ýazyna we güýzüne uçup geçýän guşlaryň ýolunda ýerleşýärler we guşlaryň iýmitlenmegi, dynç almagy, höwürtgeläp köpelmegi hem-de gyşlamagy üçin amatly suw aýtymlary bolup hyzmat edýärler.
2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 15-20-i aralygynda “Köp sanly bähbitleriň alynmagy üçin Aral deňziniň giňişliginde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak” atly Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Ösüş maksatnamasynyň taslamasynyň goldaw bermeginde goraghananyň hünärmenleri tarapyndan guşlaryň gyşky sanawy Zeňňibaba, Uzynşor, Atabaýşor we Sarygamyş köllerinde, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň Daşoguz akabasynyň ugrunda hem-de goraghananyň beýleki ýerlerinde geçirildi.
Guşlaryň sanaw işi awtoulagda we pyýada alnyp baryldy. Biz toparymyz bolup Daşoguz şäheri we Ruhubelent etraby aralygynda medeni zolakda duşýan we ýaşaýan depe syçançysy, gögerçin, halkaly gumry, alahekek, ekinçi garga, zakyja garga, mollatorgaý ýaly oturymly guşlary we gyşlaýan guşlara degişli ýyrtyjy görnüş bolan turlutaýy, serçeşekilli guşlara degişli alatogany, ala gargany hasaba aldyk. Ýolumyzy dowam edip Zeňňibaba kölüne bardyk. Sebitde Zeňňibaba kölüniň tebigaty gözel ýerlere baýlygy bilen tapawutlanýar. Bu meýdanda Zeňňibaaba döwlet tebigy çäkli goraghanasyny döretmek Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynda bellenen. 
Zeňňibaba köli özara akabalar bilen birleşýän dört bölekden durýar. Kölleriň daş-töweregi Ýurşlyja, Gaňňagyr, Goýungyrlan ýaly belentlikler bilen gabalan. Şonuň üçin kölüň guşlaryny dürbi bilen synlamak we hasaba almak ýeňilleşýär, surata almak üçin bolsa gamyşlaryň arasy bilen kenara has golaýlaşmaly bolýar. Zeňňibaba kölünde sakarbarak, almabaş ördek, ýaşylbaş, gyzylbaş garamtyl ördek, tauty (ýa-da gyzylçüňk guw), akguýruk suw bürgüdi, gamyş gulatysy, tamdyra ördegi, gülegen çarlak, jygaly ördek, Zeňňibaba kölünden Uzynşor kölüne we Uzynşordan Atabaýşor kölüne çenli aralykda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň akabasynyň ugrunda kiçi tersaýak, uly tersaýak, garaboýun tersaýak, tauty, almabaş ördek, gara ördek, kekilli garamtyl ördek, sakarbarak, gamyş gulatysy, gülegen çarlak, ýaşyl tiltil, Uzynşor kölünde almabaş ördek, ýaşylbaş, akguýruk suw bürgüdi, gamyş gulatysy, sakarbarak, garabaş gülegen çarlak, Atabaýşor kölünde uly garajagaz, tauty, çal ördek, uly jüptün ördek, gamyş gulatysy, sakarbarak, Sarygamyş kölünde tauty, almabaş ördek, ýaşylbaş, kekilli garamtyl ördek, akguýruk suw bürgüdi, sakarbarak, gülegen çarlak, ak çarlak ýaly suw-batgalyk we ýaşaýşy suw-batgalyk ýerler bilen baglanyşykly guşlar hasaba alyndy.
Geçirilen barlag işleriniň netijesinde guşlaryň 18191 sanysy hasaba alyndy. Suw-batgalyk guşlary, ýaşaýşy suw-batgalyk ýerler bilen bagly bolan laçynşekillilere degişli akguýruk suw bürgüdi we gamyş gulatysy bilen bilelikde 90,4 %-i eýeledi. Guşlaryň köp bölegi (57,0 % ýa-da 10374 sany) Sarygamyş kölünde hasaba alyndy, ondan soň sany boýunça Uzynşor köli durýar (3812 sany), “Altyn asyr” Türkmen kölüniň akabasynyň ugrunda 2081 sany guş hasaba alyndy. 
Sanaw döwründe Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşirine girizilen guşlardan 5 görnüş (gyzylbaş garamtyl ördek, gara ördek, bürgüt, toklutaý we garabaş gülegen çarlak) hasaba alyndy, olaryň 3-si suw-batgalyk guşlarydyr.

Arazmyrat Amanow,
Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04