Sähranyň bezegi bolan jerenler
152 Tebigatymyzyň jandarlarynyň iň bir owadan, ýyndam, gelşikli süýdemdirijisi, goşatoýnaklylar maşgalasyna degişli sähra gözeli keýikler ýurdumyzyň dykyz we çägesöw toprakly çöllüklerinde, ýarym çöllüklerinde, şeýle-de dag etek baýyrlyklarynda mesgen tutýarlar.
Keýikleriň bedeni gelşikli gurluşy, uzyn, inçe aýaklary bolup, erkekleriniň bedeniniň uzynlygy - 105-126sm, urkaçylarynyňky 101-109sm, agramy degişlilikde 24-34 we 20-33kg deňdir. Çöl ekoulgamyna uýgunlaşandyr. Buny biz käbir alamatlarynda görüp bilýäris. Mysal üçin, arkasy çäge öwüşginli, garny ak reňkde bolýar. Erkekleriniň uzynlygy 40 sm-e barabar bolan, egrelip duran şahalarynyň reňki çal-garamtyl bolýar. Olaryň ýürekşekilli toýnaklarynyň uçlary örän ýiti bolup, yzyndan kowýan duşmanlaryna artky toýnaklary degende, duşmanynyň bedenini ýaralaýar. Ýitip barýan görnüş bolup, ol 1985-nji ýyldan şu günki günümize çenli Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sanawyndadyr. Keýikleri goramak üçin çäreleri görmek, esasy çäklendiriji sebäplerini öwrenmek, ylmy taýdan köpeldilşini we ideg edilişini berk üns merkezinde saklamak “Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghanasynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Häzirki wagtda keýikleriň baş sanyny köpeltmek boýunça degişli işler geçirilýär. Keýikleriň daşky ölçeglerine we bedeniniň sagdynlygyna seredilýär. Keýikleriň sagdyn genofondyny kadaly derejede saklamak üçin, onuň iýmitine ýatagyna, doglan keýik owlaklarynyň idedilişine aýratyn üns berilýär. Bedeninde dörän şikesleri anyklamak maksady bilen weterinariýa barlaghanasyna ugradylýar. Keýikler örän näzik jandar bolup, gyşyň gazaply garyndan, doňaklykdan we tomsuň gurakçylygyndan, yssysyndan goramalydyr. Tebigy şertlerde olar galyň örtükli garly meýdanlardan ýyly ýerlere migrasiýa hem etýärler. Ýaz aýlary bolsa tersine. Şeýle döwürleýin migrasiýa gurakçylyk sebäp bolýar. Diňe bir ugra migrasiýa ýolunyň uzaklygy 450-700 km. Olar seýrek ýagdaýlarda uly süri bolup, kähalatlarda bolsa uly bolmadyk topar ýa-da ýekelikde hem ýaşaýarlar. Edil beýleki jandarlarda bolşy ýaly, nesil öndürmek, köpelmek adatdan daşary uly ähmiýete eýedir. Olaryň jübütleşýän döwri, esasan, noýabr-dekabr aýlary. Ene keýikler owlaklaryny göwresinde 5-5,5 aýlap göterýärler. Aprel - maý aýlarynda owlaklaýarlar. Ene keýikler owlajyklaryny günüň dowamynda 2-3 gezek emdirýärler we olar iki hepdelik ýaşynda enesiniň ýany bilen gezýärler. Bir ýaşyndaky keýikler, adaça, diňe bir owlak, ýaşy ýetenleri ekiz owlaklaýarlar.
Keýikler gündiz hereketde bolýan jandar. Yssy bolmadyk tomsuna daň atanda 10-11 sagat we gün ýaşmakada 17-18 sagat meýdanda gezmeleýärler. Gijelerine dynç alýarlar. Gyşyna bütin gün otlaýarlar. Iýmiti esasan efemer we efemeroidlar. Olar çöl ösümlikleriň 70-80 görnüşi bilen iýmitlenýärler. Litrde 20grama çenli duz bolan suw içýärler. Ýazyna ter ösümliklerden, tomsuna suw guýulardan, gyşyna bolsa ýagýan ygallardan suw bilen özüni üpjün etýärler. Ýazyna keýiklerde tüý örtüginiň çalşygy aprel we maý aýlarynda geçýär. Güýzüne tomusky tüýleri düşmeýär, olar diňe ösýär. Keýikler doly gyşky lybasynda oktýabr we noýabr aýlarynda geçýär. “Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghanasyna degişli bolan Gamyşly, Mürzeçyrla, Çalyş meýdaçlarynda gorag bölüminiň işgärleriniň hem berk gözegçiligi bilen keýikleriň awlanmazlygyna üns berilýär. Olary goramak barada wagyz-ündew işleri yzygiderli alnyp barylýar.
“Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghanasynyň Ylmy bölüminiň uly ylmy işgäri
Aýhanowa Jemal