Lebap welaýatynda gyşlaýan guşlaryň gözegçiligi geçirildi.

154
  2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň alym sekretary, biologiýa ylymlarynyň kandidaty, ornitolog J.S. Saparmyradowyň ýolbaşçylygynda Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgärleri A. Sadykowyň, Ýe. Agryzkowyň gatnaşmagynda suwda ýüzýän hem-de suwuň gyrasynda duş gelýän suw batgalyk guşlaryň gyşky hasaplamalary geçirildi. Bu çäre “Köp sanly bähbitler üçin Aral deňziniň giňişliginde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak” atly taslamasynyň hemaýat etmeginde ýerine ýetirildi.
Bu hasaplamalar guşlaryň oňat gyşlamagy üçin amatly ýerler hasaplanylýan sebitiň ähli möhüm ornitologik meýdanlarynda her ýyl yzygiderli gyş aýlary geçirilýär.
Guşlaryň belli bir görnüşleri sebitde hemişelik ýaşaýar. Beýlekileri möwsümlerde amatly ýaşaýyş şert, iýmit gözläp dürli ýurtlarda, sebitlerde uçup-gonup, gyşlap, höwürtgeläp ýaşaýarlar. Amyderýanyň orta akymynyň çäginde duş gelýän guşlar ýaşaýyş häsiýetleri boýunça: hemişelik ýaşaýan, uçup gelip höwürtgeleýän, gyşlaýan, tomusda gelip ýaşaýanlar, uçup geçýän, tötänlikde dürli sebäplere görä uçup gelýän görnüşlerinden ybaratdyr. Olaryň görnüşlerini anyklamak möwsümleýin sanyny, gürlügini kesgitlemek, iýmitleniş, gyşlaýyş, köpeliş şertlerini yzygiderli we toplumlaýyn öwrenmek babatda ylmy-barlag işleri Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda 1983-nji ýyldan başlandy.
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň döredilen döwründen başlap, Amyderýanyň orta akymynda duş gelýän guşlaryň biologiýasyny, migrasiýasyny, iýmitlenýän, gyşlaýan, köpçülikleýin toplanýan ulgamlaryny öwrenmäge uly üns berilýär. Guşlaryň görnüşleri boýunça dürli ulgamlarda hasaba almak pyýada, awtoulaglarda, gaýykda amala aşyrylýar.
Geçirilen ylmy-barlaglaryň netijesinde Amyderýanyň orta akymynda, şol sanda Türkmenistanyň 15 ýyllygy adyndaky suw howdanynda, Soltandag, Gyzylburun, Soltansanjar, Ketteşor suw howdanlarynda alty häsiýetli guşlaryň duş gelýänligi anyklanan. Olar: hemişelik ýaşaýan, uçup gelip höwürtgeleýän, gyşlaýan, tomusda gelip ýaşaýanlar, uçup geçýän, tötänlikde dürli sebäplere görä, uçup gelýän görnüşlerdir. Guşlaryň höwürtge, ýumurtga sany, jüýje janlanylyşyna gözegçilik edilip, olaryň köpeliş we kemeliş ýagdaýlary seljerilen, sebäpleri ýüze çykarylan. 
Yzygiderli geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde, Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň hem-de Kelif çäkli goraghanasynyň çäklerinde we olaryň meýdanlaryna ýanaşýan ýerlerde duş gelýän guşlar anyk öwrenilip, sanawy düzülen, olar 18 topar, 52 maşgala degişli 265 görnüşlerden ybaratdyr.
Guşlaryň sany, görnüşleri, hemişelik ýaşaýanlary, uçup-gonup geçýani, höwürtgeleýäni we beýleki maglumatlary toplamak, öwrenmek üçin bellenen stasionarlarda pyýada, ulagly, Amyderýada gaýykda ornitologik barlaglar geçirilýär. 
Guşlary hasaba almagyň usulynyň maksady ähli göze görünýän guşlary, olaryň ýakyn ýada uzak aralygyna seretmezden, hasaba almak göz öňünde tutulýar.
Goraghananyň çäginde duş gelýän guşlaryň 28 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Olar seýrek duş gelýän, goraga mätäç görnüşli guşlardyr. Olaryň arasynda gyrgylar maşgalasyna degişli 6 görnüş: ýylançy gyrgy (Circaetus gallicus), sähra garaguşy (Aquila rapax), mazar garaguşy (Aquila heliaca), bürgüt (Aquila chrysaetos), uzynguýruk suw bürgüdi (Haliaeetus leucoryphus), gajar (Aegypius monachus); laçynlar maşgalasyna degişli 3 görnüş: ütelgi (Falco cherrug), laçyn (Falco peregrinus), sähra göwenegi (Falco naumanni); toklutaýlar maşgalasyndan 3 görnüş: toklutaý (Otis tarda), bezbeltek (Tetrax tetrax), togdary (Chlamydotis undulata) bardyr.
Kelif döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň uly tebigy baýlygy guşlardyr. Bu ýerde guşlaryň 220-den gowrak görnüşleri duş gelýär. Guşlaryň beýle köp görnüşleriniň bolmagyna çäkli goraghananyň göçüş döwründe uçup geçýän guşlaryň ýolunda ýerleşmegidir. Ol suwda ýüzýän we suwly-batgaly ýerde ösüp örňeýän guşlaryň müňlerçesi üçin migrasiýa döwründe düşläp geçýän, gyşlaýan, höwürtgeleýän döwürlerinde dynç alýan we iýmitlenýän ýeri bolup hyzmat edýär. 
Kelifiň köllerinde dürli häsiýetli guşlar duş gelýär. Göçüş döwründe uçup geçýän guşlaryň 74 görnüşlisi bu suwlarda düşläp, dynç alyp, iýmitlenip geçýärler. Olardan gyzylgaz, sähra garaguşy, sähra göwenegi, togdary, toklutaý Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. 
Çäkli goraghananyň çäginde 97 görnüşli guşlar gyşlaýarlar. Olardan gyzgylt gotan, buýraly gotan, kaşykburun, mermer ördek, gatybaş ördek, balykçy bürgüt, uzynguýruk suw bürgüdi, syçansy, depe garaguşy, bürgüt, gajar, ütelgi, hüwi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Çäkli goraghanada gyşlaýan suwda ýüzýän we suwuň töwereginde ýaşaýan guşlaryň görnüşleri we olaryň sany her ýyl üýtgäp durýar. Kä ýyllarda guşlaryň umumy sany 75-80 müňe ýetýär, kä ýyllar azalýar. Olaryň arasynda ördekleriň dürli görnüşleri, sakarbaraklar, çarlaklar, uly jüptünler, gogurlar, gazlar köp sanlydyr.
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň
Ylmy bölüminiň başlygy A.Sadykow
Uly ylmy işgäri  Ýe.Agryzkow

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04