DAŞKY GURŞAWY GORAMAK – MUKADDES BORJUMYZ

66

   Gün-günden gözelleşýän eziz Diýarymyzyň dag ýerinde dagy, sähra ýerinde sähralary, ajaýyp suw gurşawlary görenleri haýrana goýýar. Türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak gözelligi islendik bir ynsanyň ylhamyny joşa getirýär.
   Aýratyn goralýan tebigy meýdanlar ýurdumyzda özboluşly tebigy aýratynlyklary bilen beýleki meýdanlardan tapawutlanýar. Türkmenistanyň çäginde 9 sany goraghana bolup, olar öz içinde ýerüsti gurluşy, howa we suw şertleri, topragy, ösümlik hem-de haýwanat dünýäsi boýunça özboluşlydyrlar. Repetek döwlet biosfera goraghanasy biziň ýurdumyzyň iň “ýaşuly” goraghanasydyr. Goraghananyň çäginde soňky ýygnanan maglumatlaryň esasynda süýdemdirijileriň 29, süýrenijileriň 22, guşlaryň 200-den gowrak we mör-möjekleriň 1343 görnüşiniň bardygy hasaba alyndy. 
 Her ýylyň gyş we ýaz aýlarynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan goraghana üçin tassyklanan iş meýilnamany amala aşyrmak maksady bilen ylym hem-de ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak bölüminiň hünärmenleri bilelikde seýrek duş gelýän, göçüp-gonup ýörän haýwanlaryň ýerüsti sanawyny geçirýärler. Goraghananyň we onuň garamagyndaky Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň meýdanlarynda duş gelýän janly-jandarlar seslerini eşitmek, meýdanlarda, hinlerinde, höwürtgelerinde özlerini görmek, dürbüde uzakdan görmek, aýak yzlaryny hasaba almak bilen sanaw edilýär. Sanaw pyýada ýöremek, awtoulagda we gaýykda hereket etmek arkaly geçirilýär. Geçen ýylyň dekabr aýynda goraghanada zähmet çekýän hünärmenler tarapyndan iň soňky gezek haýwanlaryň sanawy geçirildi. Birnäçe günüň dowamynda geçirilen meýdan-gözegçilikleriniň netijesinde  goraghananyň we çäkli goraghananyň meýdanlarynda garagulagyň 9, bürgüdiň 4, ýylançy gyrgynyň 9, togdarynyň 4, çöl serçesiniň 14, buýraly gotanyň 32, gyzgylt gotanyň 16, gyzylinjigiň 4, gyzylgazyň 19, oklukirpiniň 4 osobyna duş gelindi.
  Goraghananyň ylym bölüminiň hünärmenleri tarapyndan “Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň meýdanlarynda gara sazak tokaý ekoulgamlarynyň häzirki ýagdaýyny ylmy esasda öwrenmek” atly ylmy işiň çäginde gara sazak tokaýlarynda haýwanat dünýäsiniň ýagdaýy öwrenilýär. Haýwanat dünýäsini öwrenmek ýörite usulyýetleriň esasynda amala aşyrylýar. Meýdanlarda ýaýran janly-jandarlaryň gürlügini, hinleriň we höwürtgeleriň sanawyny, mör-möjekleriň belli bir meýdanda duş gelijiligini hasaba almak boýunça ylmy-meýdan işleri geçirilýär. Meýdanlarda zyýanly çekirtgeleriň we mör-möjekleriň ýaýran ojaklaryny anyklamak boýunça gözegçilik işleri hem alnyp barylýar. Janly-jandarlarda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň weterinariýa gullugynyň hünärmenleri bilen bilelikde işler amala aşyrylýar.
Daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary aýawly saklamak biziň her birimiz üçin mukaddes borç bolup durýar!
Hudaýberdi NARMÄMEDOW
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň
ylym bölüminiň uly ylmy işgäri

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04