Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginde Saud Arabystan Patyşalygynyň ilçisi Said Osman Ahmed Suweýd bilen duşuşyk geçirildi.

28
2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda, Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow bilen Saud Arabystan Patyşalygynyň ilçisi Said Osman Ahmed Suweýd bilen duşuşyk geçirildi.Duşuşygyň dowamynda daşky gurşawy we howanyň üýtgemegi meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we bu ugurda alynyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ugurlara aýratyn üns berildi.
Ilçi Saud Arabystan Patyşalygy tarapyndan Türkmenistanyň ekologiýa başlangyçlaryny goldamak hem-de bilelikdäki taslamalary ösdürmek ugrundaky gyzyklanmalaryny beýan etdi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar bu möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň zerurdygyny tassykladylar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04