Amyderýa kenarýaka tokaýlarynyň ösümlik baýlygy.

35
Amyderýa iňňän gadymy, taryhy uly, süýji suwly derýadyr. Ol Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň çäginden akyp geçýär. Onuň bol suwy, kenarlarynda dürli görnüşli ösümlikleriň bilelikde ösýän tokaýlarynyň döremegini üpjün edýär. Amyderýanyň kenary uzaboý, bölek-bölek ululy-kiçili tokaýlardan ybaratdyr. Tokaýlaryň has giň meýdanlary eýeleýänleri Nargyz, Gabakly we Göreldedir. Olar özleriniň tebigy özboluşly ösümlik düzümi, haýwanat dünýasi bilen bir-birinden tapawutlanýarlar.
Tokaýlaryň aglabasy köne, gadymydyr, ýöne Kendirli, Miçurin, Buýanly ýaş tokaýlar hasaplanýar, olaryň döränine 55-75 ýyl bolan diýip kesgitlenilýär. Bu tokaýlarda ýaş ösüntgi köp, pette, toraňňy, igde we beýleki agaçlaryň esasy sütüniniň diametri 0,5-0,75 metre barabardyr. Olar güýçli ösýän tokaýlardyr.
Nargyz gadymy tokaý hasaplanýar, onuň dörän döwrüni anyk bilýan ýok, ýöne onuň çäginde ösýän gojaman pette, toraňňy we beýleki agaçlar, tokaýyň 1,5-2 asyra golaý döwür ýaşanlygyna şaýatlyk edýär.
Tokaýlaryň aglabasy garyşyk. Beýik sütünli agaçlaryň arasynda gyrymsy ösümlikler ýylgyn, çemiş we başgalar, şeýlede birýyllyk we köpýyllyk otlar – ýandak, buýan, çaýyr, hyşa duş gelýär.
Amyderýanyň kenarýaka tokaýlary Diýarymyzda ýeke-täk relikt (gadymy döwür) saklanyp galan tokaýlar hasaplanýar. Olar Diýarymyzyň ösümlik genofondunyň goralyp saklanmagyny, köpelmegini üpjün edýär. Tokaýlarda ösümlik görnüşleriniň, şeýlede umumy biodürlülügiň köpelmegi olaryň ähmiýetiniň artýandygynyň alamatydyr. Tokaýlaryň derýanyň joşýan döwürlerinde duzlardan arassalanýan mes çygly topragy, dürli ösümlikleriň ösmegi we ýylsaýyn köpelmegine şert döredýär.
Geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde, tokaýlarda 86 görnüşli ösümlikleriň duş gelýänligi, häzire çenli olaryň ýarymyndan gowrak görnüşleriniň, ýagny 47 görnüşinde dermanlyk häsiýetleriniň barlygy anyklandy. Tokaýlarda olaryň has ýaýranlary barada aşakda gysgarak maglumatlar berilýär.
 Pette - Populus pruinosa Screnk - Тополь сизолистный. Petdä dünýä möçberinde ýitip gitmek howpunyň abanýanlygy göz öňünde tutulyp, ol Tebigaty Goramagyň Halkara Birleşiginiň Gyzyl sanawyna (2007 ý.) girizildi. Ol beýik sütünli agaçdyr. Onuň boýy 3-5 m, aýratyn ösýänleriniň sütüniniň diametri 1,5-2,0 m, boýy 12-14 m ýetýär. Agajynyň gabygy galyň, çalymtyl reňkli. Onuň atalyk we enelik gülleri aýratyn ösümliklerde ýerleşýär, ýapraklar ösüp başlamazdan öň, güller açylýar. Tozanlanma ýeliň güýji bilen amala aşyrylýar. Pette mart-aprel aýlarynda gülleýär, iýulda miweleýär. Miwesi goza şekilli. Dermanlyk ösümlik hökmünde petdäniň gabygy, pyntygy we ýapraklary peýdalanylýar. 
 Toraňňy - Populus euphratica (Oliver) - Тополь евфратский. Ol boýy 4-8 m ýetýän agaçdyr. Ýaşajyk şahalary silindrik, agymtyl-goňur reňkde ýa-da samanyň reňkinde. Pyntyklary ak reňkli tüýlüje. Toraňňynyň atalyk we enelik gülleri aýry-aýry agaçlarda ýerleşýär. Atalyk ysyrgalary gowşak, tüýlüje. Gülüň aşagyndaky ýaprajyklary has ir gaçýar. Enelik gülleriň gülýany alty kepjeli ýa-da tas alty ýaprakly, atalyk gülleriň gülýany takmynan on bäş dişlije. Tyçinkalaryň sany 20-30. Güller ýapraklar çykmazdan öň mart-aprel aýlarynda açylýar, tozanlanma şemalda dargamak netijesinde amala aşýar, iýun aýynda miweleýär. Tohumlar özboluşly ýelekli, şemalda uçup köp meýdanlara dargaýar. Bir enelik agaç ýylda million tohum emele getirýär.
Halk lukmançylygynda toraňňynyň gabygynyň peti ysytmada, çalgy dermany - gaýtalanyp durýan bogun agyryda, piodermiýada, babasilde, bogun we deri kesellerinde ulanylýar.
 Jungar söwüdi - Salix songarica Anderss - Ива джунгарская. Söwütler maşgalasyna degişli, boýy 8-10 m ýetýän, togalak sütünli, tiz ösýän agaç. Daragtyň gabygy gara-çal reňkli, jaýrykly.
Ýapraklary gök, gyralary abat, neşter görnüşinde, ujy çowly, ýylpyldawuk, nobatlaýyn ýerleşen, uzynlygy 3,0-7,5 sm, ini 6,0-10,0 mm. Tal ir gülleýär. Güli ýapragy bilen bir döwürde emele gelýär. Bir jynsly, iki öýli, ysyrgajyklary silindr şekilli, uzynlygy 3,0-10,0 sm, tyçinkasy üç. Tal maý aýynda gülleýär, iýun aýynda miweleýär. Miweleri goza, bir orunly, iki eňekli, köp sanly ownuk tohumly.
Ösümligiň ýapraklary, gül toplumy we gabygy dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýär.
Halk lukmançylygynda daragt gakylyk goparyjy, sowuklamanyň we soguljanyň garşysyna, gyzgyny peseldiji derman serişde hökmünde ulanylýar.
Türkmen halk lukmançylygynda ösümligiň gabygyndan, ýapragyndan we gül toplumyndan taýýarlanylan petidir jöwheri we şerbedi deri kesellerinde: çybanda, gabarçykda; ýokanç kesellerinde: öýken inçekeselinde, ganly iсgeçmede, gijilewükde; ýürek-damar ulgamynyň kesellerinde: wenanyň warikoz giňelmesinde; ýaralarda ýapykda peýdalanylýar.
Inçe ýaprakly igde - Elaeagnus angustifolia L. - Лох узколистный. Ol boýy 3-7 m ýetýän köpýyllyk agaçdyr. Ol howanyň yssysyna, gurakçylyga we şor topraga çydamly ösümlik. Onuň gabygy gyzlymtyl-goňur reňkli, şahalary ýiti tikenli, 0,7-3,0 sm ýa-da tikensiz. Ýaşajyk şahalarynyň we ýapraklarynyň iki tarapy hem kümüşsowult ak reňkli. Iki öýli ösümlik, ýapraklary çykandan soň gülläp başlaýar. Gülleri hoşboý ysly. Miwesi togalak ýa-da uzynrak, bişen döwründe sarylymtyl-goňur, goňur reňkli. 
Onuň miwesinde 60% çenli fruktoza we glýukoza bar. 
Inçe ýaprakly igde aprel-maý aýlarynda gülleýär, miwesi iýul-sentýabr aýlarynda bişip ýetişýär. Onuň köki sütüniniň gabygy, ýapragy, güli, miwesi we tohumy dermanlyk çig mal hasaplanýar. Halk lukmançylygynda igde içgeçmede we içegeleriň katarynda gamaşdyryjy serişde hökmünde, sowuklamanyň garşysyna, antigelmint, çişleriň garşysyna, kolitde, diş agyryda, dem alyş ýollaryň kesellerinde ulanylýar. Igdäniň miwesi iýmek üçin ýaramly.
 Tüýlek ýylgyn - Tamarix hispida Willd. - Гребенщик щетинистоволосый. Boýy 1,5-5,0 m ýetýän gyrymsy agaç. Onuň sütüni goňur-gyzyl reňkli gabykly. Ýapraklary giň, ýumurtga şekilli, uzynlygy 0,5-2,0 mm we ini 0,5-0,7 mm. 
Tüýlek ýylgyn iýul-sentýabr aýlarynda gülleýär we awgust-oktýabr aýlarynda miweleýär. Onuň ýapraklary, inçe baldaklary we şiresi dermanlyk çig mal hökmünde, gülleýän döwründe iýul-sentýabr aýlarynda ýygnamaly.
Halk lukmançylygynda ýylgynyň gabygy we kökleri - aşgazan, içege kesellerinde, ýapraklary - rewmatizmde ulanylýar. 
Adatky çemiş - Halimodendron halodendron (Pall.) Voss. - Чингил серебристый. Kösükliler maşgalasyna degişli, boýy 1-2 m ýetýän gyrymsy ösümlik. Baldagy şahalanan, tikenli, gabygy sarymtyl-goňur reňkli. Ýapragynyň oky ýiti, olar köpýyllyk gaty tikene öwrülýär. Ýaprajyklary 1-3 jübütden, süýrümtik ýumurtga görnüşli. Miwesi ters ýumurtga görnüşli. Ol uzyn sapakly, gaty, açylýan, 2-8 tohumly. Tohumy güberçek ýa-da böwrek pisintli, ýylmanak, sarymtyl-goňur reňkli.
Çemiş aprel-iýul aýlarynda gülleýär we iýul-sentýabr aýlarynda miweleýär. Onuň oty dermanlyk çig mal hasaplanylýar.
Halk lukmançylygynda çemişiň otundan taýýarlanylan peti bilen jöwheri beden sowuklamasynda ulanylýar.
 Günorta gamyşy - Phragmites australis (Cav.) Trin. ex Steud - Тростник южный. Goraghananyň ähli bölümlerinde has köp ýaýran, köpýyllyk ot ösümligi, boýy 4,0-5,0 m, däneliler maşgalasynyň agzasy. Ýeriň aşagyndaky porrugy uzyn. Baldagy ýokarysyna çenli ýaprakly. Ýapraklary uzyn we ýasy, gyralary ýiti, kesiji. Gülleri sübselik şekilli gül çogdamynda ýerleşýär, uzynlygy 20,0-50,0 sm. 
Gamyşyň ýaşajyk baldaklary we ýapraklary gülläp başlan döwründe ýygnalýar, olar dermanlyk çig mal hasaplanylýar. Onuň porrugyndan taýýarlanylan peti, ýaşajyk baldak we ýapraklaryndan taýýarlanan jöwheri peşew we der çykaryjy serişde hökmünde ulanylýar. 
 Süýji buýan - Glycyrrhyza glabra L - Солодка голая. Kösükliler maşgalasyna degişli, boýy 60-100 sm ýetýän köpýyllyk otjumak ösümlik. Baldagy dikligine ösýär, köpşahaly, gyzlymtyl reňkli. Ýapragy baldaklarynda nobatlaýyn ýerleşen, ýelek şekilli, uzynlygy 5-20 sm bolup, ýapraklarynyň ýüzüne ýelim çalnan ýalydyr.
Buýanyň ýeriň ýüzündäki baldagy her ýyl güýzde guraýar, indiki  ýylyň baharynda täzesi çykýar. Ýeriň aşagynda güýçli ösen kök ulgamy bar, olar 35-50 sm çuňlukda, ýogyn, dürli tarapa ösýär, köküň ujundaky pyntyklaryndan täze ösümlikler ösüp ýetişýär. Kökleri goňur, döwlende sarymtyl reňkde, örän süýji. Gülleri melewşe reňkli, ýapragynyň goltugynda ýerleşýär. Miwesi kösük, goňur reňkli. Gülleýiş döwri maý-iýul aýlary, miwesi awgust-sentýabr aýlary ýetişýär. Tohumy we kök ulgamyndaky pyntyklaryndan köpelýär. 
Buýan gurakçylyga has çydamlydyr. Onuň köklerinde ýaşaýan bakteriýalar howadaky azody topraga geçirip, ýeri baýlaşdyrýar. Ähmiýeti boýunça ženşene deňelýän buýan köki türkmen halkynyň milli baýlygydyr. Buýan halk hojalygynyň 20-den gowrak pudagynda ulanylýar. Kökünde gliserizin, efir ýagy, C witamini, şeker, krahmal we başga peýdaly maddalar bolup, süýjüligi şekeriňkiden 40 esse ýokarydyr. 
Buýanyň köki we ýerasty baldagy dermanlyk çig mal hasaplanylýar. Halk lukmançylygynda buýan köki içdäki ýaraly keselleriň, üsgülewigiň böwrek, ýokary dem alyş, onikibarmak içegäniň sökellerinde, sürgi hökmünde we başga keselleri bejermekde ulanylýar.
 Galyň ýaprakly ýeken - Typha elephantina Roxb. - Рогоз слоновый – ýekenler maşgalasyna degişli, boýy 100-250 sm ýetýän, köpýyllyk ot ösümligidir. Baldagy dik bogunsyz ösen, ujundaky dykyz, silindrik gül toplumynyň ýokary böleginde atalyk gülleri (tyçinkalar), aşak ülüşinde enelik gülleri ýerleşýär. Ýapraklary göni çyzykly, üçgranly, aşagy inli ýokarsy insiz uçly. Ýeriň aşagynda güýçli ösen kök we porruklary bardyr.
Ýeken iýun-sentýabr aýlarynda gülleýär we miweleýär. Ösümligiň porrugy, ýapraklary, şärikli miweleri, tozanlygy dermanlyk çig mal hasaplanýar. 
Halk lukmançylygynda galyň ýaprakly ýeken ýara bitiriji, antiseptiki, diuretiki, gamaşdyryjy, sowuklamanyň garşysyna, ýumşadyjy, tonizirleýji, sedatiw derman serişde hökmünde ulanylýar. 
Ösümligiň ýerasty we ýerüsti böleginden taýýarlanylan pet bilen jöwher ýokanç kesellerinde: ganly içgeçmede, absesde, weneriki kesellerinde, süňk inçesinde, çüýremede; şikeslerde: ýanykda, ýaralarda, şol sanda iriňli ýaralarda, sowuk almada, dürli gan gitmede. Şeýle-de, ol göwüs çişmesinde, leýkoreýada, täze döremelerde, ysytmada, gusmada, siňňilde, ekzemada we başgalarda ulanylýar.
Adatky kyrkbogun - Polygonum aviculare L. - Горец птичий. Boýy 10,0-60,0 sm ýetýän birýyllyk otjumak, tiz ösýän dermanlyk ösümlikdir. Baldagy dik ýokary galyp ösýär, ýapraklary ýaýbaň, çal ýaşyl reňkli. Gülleri 1-5-den ýapragyň goltugynda ýerleşýär. Kyrkbogun maý aýyndan tä oktýabr aýyna çenli gülleýär hem miweleýär. Miwesi üç granly, gara reňkli. Onuň gülleýän oty dermanlyk çig mal hasaplanýar.
Halk lukmançylygynda kyrkbogun bagryň, böwregiň, aşgazanyň we madda çalşygy bilen baglynyşykly keselleriň dürli görnüşlerini bejermekde ulanylýar. Şeýle-de böwrek we peşeň haltasynda emele gelen çägä meňzeş çökündini, daşy aýyrmakda, öt keselinde, öýken inçekeselinde, başly ýaralarda, gyzdyrmada, guragyryda peýdalanylýar. Ösümlik fosfora baý. Garry adamlara kuwwat bermekde peýdaly.
Adatky kendir – Trachomitum scabrum (Russan.) Pobed. – Кендырь шероховатый. Boýy 1,5-2,0 metr, köpýyllyk, ötjumak ösümlik. Baldagy beýik, gyzyl-göňur reňkli, tüýsüz, ýygyrt-ýygyrt, bol şahalanan, ýapraklary süýrümtik.
Gül çogdamy baldagyň ujunda ýaýran sübsejik görnüşinde ýerleşýär. Miwesi ýapraga meňzeş, uzynlygy 14-17 sm, tohumynyň uzynlygy 3 mm. Ösümlik iýun, awguzt aýlary gülleýär, awgust-oktýabr aýlarynda miweleýär. 
Adatky kendir Amyderýa kenarýaka tokaýlarynda bölek-bölek beýleki otjumak ösümlikleriň arasynda duş gelýär. Ösümligiň kökleri we porrugy dermanlyk maksady üçin çig mal hasaplanýar.
Halk lukmançylygynda ösümligiň kökleri we porrugy tultuklykda, ýiti ýürek ýetmezçiliginde we ýüregiň beýleki kesellerinde, şeýlede böwrek kesellerinde, dowamly içgatmada ulanylýar. 
Olardan derman serişdelerini taýýarlamak we ulanmagyň usullary Hormatly Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynda giňden beýan edilen.
Tokaýlarda tebigy ýagdaýda ösýän dermanlyk öümlikleri irki döwürlerden bäri halk lukmançylygynda ulanylyp gelinýär, aýratyn hem süýji buýanyň kök ulgamlary. Olary geljekde hem giňden ulanmaklyga mümkinçilikler bar.
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri dermanlyk ösümlikleriň goragyny güýçlendirmek, duş gelýän meýdanlaryny anyklamak, gorlaryny öwrenmek ugrunda yzyzgiderli iş alyp barýarlar.
Ahmetjan Sadykow,
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy
Umytjan Hüseýinow, 
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ymy bölüminiň ylmy işgäri

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04