REPETEGIŇ AJAÝYP TEBIGY ÝERLERI.

63
          Ýurdumyzyň çägindäki ajaýyp aýratyn goralýan tebigy ülkeleriň biri bolan Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň meýdanlary Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinden 70 kilometr günorta-günbatar tarapda ýerleşýär. Goraghananyň tutýan meýdany 34600 gektardan ybaratdyr. Repetek döwlet biosfera goraghanasy Türkmenistan, Gazagystan we Özbegistan tarapyndan “Aram guşaklykdaky Turan çölleri” ady bilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen goraghana bolup durýar. Şeýle hem, Repetek döwlet biosfera goraghanasyna 1979-njy ýylda ÝUNESKO-nyň „Adam we biosfera“ Maksatnamasynyň Halkara sazlaşdyryjy geňeşiniň  karary bilen „biosfera“ halkara derejesi berildi we ol biosfera goraghanalaryň bütindünýä ulgamyna girizilendir. Şonuň bilen baglylykda ÝUNESKO-nyň talaplaryna laýyklykda 3 zolakdan ybaratdyr: goraghana düzgüniniň zolagy, ýagny ýadrosy, bufer zolagy (gorag) hem-de daşky geçiş zolagy. 
        Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň özboluşly aýratyn şertlere eýe bolan tebigaty bar. Ýerüsti gurluşy çägeli-sähralyk landşaft keşbine eýe. Meýdanlarda hiç hili ot bitmeýän, göçüp gonup ýören çäge aklaňlar, berkleşen ak sazakly we gara sazakly tokaýlar, ýarym berkleşen selinli gandymlyklar giňden ýaýrandyr. 
         Goraghananyň meýdanlary öz içinde 4 aýlaw meýdana bölünýär. Bu aýlaw meýdanlaryň çäginde biri-birinden ýerüsti gurluşy, toprak, howa we relýef şertleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi boýunça düýpli tapawutlanýan ajaýyp tebigy meýdanlardan ybaratdyr. Şeýle ajaýyp tebigy ýerleriň biri bolan “Çarlak” tokaýy Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň merkezi bagyndan 8-10 kilometr gündogar tarapda ýerleşendir. “Çarlak” tokaýy özüniň örän ajaýyp sazak tokaýlary bilen tapawutlanýar. Bu tokaýyň meýdany 450 gektardan gowrakdyr. “Çarlak” tokaýynyň uly we orta ýaşly gara sazaklary biri-birine ýakyn ýerleşmek bilen, ösümlik dünýäsiniň üýtgeşik gürlügini emele getirýär. Sazak tokaýynyň käbir ýerlerinden ynsandyr haýwanlar hem geçip bilmeýär. Gyş döwründe dürli haýwanlaryň (tilki, towşan, sähra pişigi, köwük ýaly süýdemdirijileriň, şeýle hem dürli guşlaryň gaçybatalgasy bolup hyzmat edýär. 
        Goraghananyň ýene-de bir gözel ýerleriniň biri “Ýaman” tokaý atlandyrylýan gara sazakly jülgesidir. “Ýaman” tokaý jülgesiniň tutýan meýdany 1000 gektara golaýdyr. “Ýaman” tokaý jülgesinde süýrenijilerden sähra pyşdyly, gum patmasy, gyzardygulak, çal we Eremiýas urugyndan bolan suwulganlar, şeýle hem okýylan, alaýylan, alahöwren has köp duş gelýärler. Bu meýdan adyndan belli bolşy ýaly oýtum-peslik ýerde ýerleşen gara sazaklaryň agdyklyk edýän tokaýydyr.
       “Repetek Saharasy” Garagum çölüniň jümmüşinde ýerleşen goraghananyň iň bir ajaýyp ýerleriň biridir. “Repetek Saharasy” goraghananyň merkezi bagyndan 4 kilometr günbatar ugurda ýerleşýär. Onuň beýikli-pesli aklaň çäge depelikleriniň beýikligi 25-30 metr aralygyndadyr. Şeýle aklaň naýza görnüşli çäge ulgamlaryna uzakdan ser salnyňda, dünýäde iň uly çöl  bolan “Sahara” çöli ýadyňa salýar. Şonuň üçin hem bu ajaýyp meýdan “Repetek Saharasy” diýlip atlandyrlandyr. “Repetek Saharasy” seýrek duş gelýän ösümlik örtüginiň özboluşly tebigaty bilen görenleri haýrana goýýar.
Aýnur  Egemberdiýewa Repetek 
döwlet biosfera goraghanasynyň 
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04