GUŞLAR BOÝUNÇA YLMY GÖZEGÇILIKLER
320 Ýurdumyzyň döwlet tebigy goraghanalarynda gyş paslynda guşlar boýunça yzygiderli gözegçilikler geçirilýär. Häzirki wagtda gonup-göçýän guşlaryň ýaýran ýerlerini, görnüş düzümini we olaryň sanyny anyklamak boýunça ylmy maglumatlary toplamak babatda meýdan gözegçilik işleri gurnalýar. 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 31-ne we 1-nji fewralda Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgärleri Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäklerinde ýerleşýän köllerde, suw-batgalyk ýerlerde, suw howdanlaryň hem-de zeýakabalaryň ugurlarynda ylmy gözegçilikleri geçirdiler. Ylmy gözegçiliklere goraghananyň uly ylmy işgäri T.Täşliýew, gorag bölümiň II-derejeli gözegçisi N.Ataýew, sürüji A.Hommadow, şeýle hem “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” žurnalynyň suratçysy I.Lomow gatnaşdy. Bäherden etrabynyň Arçman şäheriniň ýaşaýjysy Begenç Jumanyýazow bize guşlaryň mesgen tutýan köllerine barmaga ýolbelet hökmünde ýardam berdi. Ol çagalygyndan tebigaty synlamagy gowy görändigini hem-de köllere gelip ýörite guşlary görýändigini gürrüň berdi. Guşlaryň görnüşleriniň atlaryny sanap başlanda onuň hakykatdan hem tebigatyň täsinliklerine gyzyklanýandygyny görmek bolýardy. Biz gözegçiliklerimizi Arçman şäherçesiniň demirgazygynda ýerleşýän suw batgalyk ýerlerde, köllerde başladyk. “Bozoganly” we “Ýylma” diýilýän ýerlerdäki köllerde guşlary görüp, gamyşlykda bukurak ýerlerde durup, olary dürbi bilen synladyk we surata düşürdik. Gözegçiligimizde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen Gyzylbaş garamtyl ördek (Aythya ferina), Almabaş ördek (Netta rufina), Sakarbarak (Fulica atra), Sykylykçy jünekeý ördek (Anas crecca), Tamdyra ördek (Anas clypeata), Ýaşylbaş (Anas platyrhynchos) Garaboýun tersaýak (Podiseps nigricollis), Alagaz (Tadorna tadorna) we başga görnüşler gabat geldi. Al-asmanda ördekleriň uly sürürsiniň uçup ýene-de suwa gonýan pursadyny surata düşürmek bolsa örän täsindi. “Ýylma” boýunça geçiren gözegçiligimizde sakarabalagyň uly sürüsini anykladyk, şeýle hem uzak aralyklarda gazlara gözümiz düşdi. Ýol ugurdaky barlaglarymyzda meýdan gulatysyny we göwenegi, ak hokgary, gara jokjokyny, ekinçi gargany, depe syçançyny hasaba aldyk. Täsin tebigatymyzda guşlar dünýäsiniň birnäçe görnüşiniň esasy ýaşaýyş mesgeni hasaplanýan kölleri, suw howdanlary, derýalary ylmy tarapdan öwrenmek boýunça biziň ylmy gözegçiliklerimiz dowam edýär. Dünýä ýüzüniň köp ýurtlarynda her ýylda 2-nji fewral “Suw-batgalyk ýerleriň halkara güni” mynasybetli dürli çäreler gurnalýar. Biziň ýurdumyzda guşlaryň migarsiaýasyny öwrenmek boýunça goraghanalarda geçirilýän ylmy-barlaglaryň ähmiýeti hem bu ekologiýa senenamasynda uly gymmatlyga eýe bolup suw-batgalyk ýerlerde ýaşaýan guşlaryň biodürlüligini ylmy tarapdan öwrenmekde we gorap saklamakda dünýä ýüzünde geçirilýän ylmy barlagalaryň ylmy maglumatlar gory üçin uly ähmiýete eýedir. “Suw-batgalyk ýerleriň halkara güni” mynasybetli ýurdumyzda guşlary öwreniji alymlary, hünärmenleri, şeýle hem daşary ýurtly ornitolog alymlary we bilermenleri gutlaýarys we olaryň işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris!
Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň
Ylmy bölüminiň başlygy A.Potaýewa
