TÜRKMENISTANYŇ DAŞKY GURŞAWY GORAMAK MINISTRLIGINIŇ WEKILLERI TOKIODA GEÇIRILEN HALKARA MASLAHATA GATNAŞDY.

123
  Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri 2025-nji ýylyň 3-4-nji fewralynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen GOSAT emeli hemrasynyň kömegi bilen parnik gazlarynyň mukdaryna baha bermek boýunça halkara maslahatyň işine gatnaşdylar. 
Maslahatyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň, Ýaponiýanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Mongoliýanyň wekilleri parnik gazlarynyň tükellemesini geçirmek hem-de bu işlerde emeli hemradan alynýan maglumatlardan peýdalanmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Halkara ekologiýa hyzmatdaşlygy we taslamalary utgaşdyryjy müdirliginiň başlygynyň orunbasary Mergen Ýusupow Türkmenistanyň döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlary, şol sanda Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýasyna laýyklykda durmuşa geçirilýän işler barada çykyş etdi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň çykyşynda howanyň üýtgemegi babatda ýurtda durmuşa geçirilýän çäreler we Hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky halkara başlangyçlary barada bellenip geçdi.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri beýleki gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri bilen tejribe alyşdylar we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şeýle hem, parnik gazlarynyň tükellemesini geçirmekde ulanylýan usullar we bu işlerde sanly tehnologiýalardan peýdalanmagyň ähmiýeti nygtaldy.
Türkmenistanyň wekilleriniň maslahata gatnaşmagy, ýurduň halkara ekologik hyzmatdaşlygyny giňeltmek babatdaky ygrarlylygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04