“Howanyň üýtgemegi, bilim, maglumat alyş-çalyş we tehnologiýalary geçirmek boýunça milli hünärmenlerimiziň ukyplaryny kämilleşdirmek” atly okuw maslahaty
86 2025-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň gurnamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabat şäherinde ýerleşýän edara binasynda “Türkmenistanda uýgunlaşmagyň meýilnamalaşdyrlyşynyň milli prosesiniň ösüşi” atly taslamasynyň “Howanyň üýtgemegi, bilim, maglumat alyş-çalyş we tehnologiýalary geçirmek boýunça milli hünärmenlerimiziň ukyplaryny kämilleşdirmek” atly okuw maslahaty geçirildi.
Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Daşary işler, Daşky gurşawy goramak, Maliýe we ykdysadyýet, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Medeniýet, Bilim ministrlikleriniň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň, Ylymlar akademiýasynyň, Zenanlar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekillerini gatnaşdylar. Okuw maslahatynda bu taslamanyň iş meýilnamasy boýunça ýerine ýetirilen işler hem-de ýurdumyzda howanyň üýtgemegi, bilim, maglumat alyş-çalyş we tehnologiýalary kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan giň göwrümli işler barada maslahata gatnaşýan milli bilermenlerimiziň hem-de gatnaşýan daşary ýurt bilermenleriniň çykyşlary diňlenildi.
Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak žurnalynyň baş redaktory
Myratberdi Akyýew
![](https://216.250.8.42/download/20250202/679f76dbdc3a7697.jpg)