Syrtlanlar barada.

29
      Türkmenistanyň biologiki köpdürlüliginiň baýlygy, ýurduň geografik ýerleşişi we ýerüstüniň aýratynlygy, onuň haýwanat dünýäsiniň taryhy ösüşiniň özboluşlylygy bilen şertlendirilýär. Ýurdumyzda häzirki wagtda oňurgaly haýwanlaryň jemi 704 görnüşiniň ýaýrandygy anyklanan. Olar dürli klaslara, toparlara, uruga we görnüşlere bölünýärler. Şolaryň biri hem süýdemdirijiler klasyna, ýyrtyjylar toparyna, syrtlanlar maşgalasyna degişli bolan syrtlandyr.
      Syrtlan daşky görnüşi boýunça uly ite meňzeş. Göwresiniň öň böleginiň has deşli we yzyndan beýik bolany sebäpli, syrtlanyň yz tarapy pes bolup görünýär. Kellesi uly, maňlaýy ýasy, dim-dik uly gulakly. Tüý örtügi irimçik, gerşiniň tüýleri syh-syh bolýar. Sütüginiň reňki  garamtyl-goňur, böwürleri-garamtyl kese zolakly. Guýrugy gysga we aşak sallanýar. Bar bolan maglumatlara görä, agramy 25-55 kg. çenli bolýar.
    Syrtlanlar deňiz derejesinden 300-400 metr beýiklikdäki çölleşen baýyrlarda we daglaryň arasyndaky düzlük sähralarda, selçeň gyrymsy ösümlikli, beýikli-pesli derelerde, şeýle-de derýalaryň jülgelerinde ýaşaýarlar. Olaryň tebigy gaçybatalgalary çukurlar, gowaklar, köwekler. Köplenç, oklukirpiniň köne hinini hem ulanýar.
    Syrtlanlar maşgala bolup (3-8sany) ýaşaýarlar. Olar köp halatda jübüt, seýrek halatda ýekebara ýaşaýarlar. Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň Gyzyljar, Ýeroýulanduz, Kepele, Agarçeşme, Pyhançeşme diýen ýerlerinde ýyrtyjy haýwanlaryň gije-gündüziň dowamyndaky işjeňligini,sany,jynsaýratynlyklaryny öwrenmek maksady bilen gurnalan fotogapanlardan alynan maglumatlara görä syrtlanlaryň ýaşaýan maşgalasynda dürli ýaşly çagalarynyň bolmagy olaryň uly maşgala bolup ýaşaýandygyna şaýatlyk edýär. Iňrik garalanda we gijesine işjeňleşýär, bularyň esasy iýmiti ýabany we öý haýwanlarynyň maslyklarydyr. Şonuň üçin syrtlanlara tebigatyň sanitarlary diýsek ýalňyşmasak gerek. Olaryň äňiniň çeýe bolmagy beýleki haýwanlara eýgertmeýän süňkleri arkaýyn çeýnäp bilýär.  Kähalatlarda itleri, zemzenleri, pyşdyllary, ownuk suwulganlary awlaýarlar.  Syrtlanlaryň bakja ekinlerine darap, garpyzy iýýändigi hem anyklanan. Olar endiklerine görä alajagaplaň, möjek ýaly aw etmäge ussat ýyrtyjylaryň aýak yzlaryny yzarlap gezýärler. Olaryň awlan jandarlarynyň galyndylaryny zaýa etmän iýýärler. 
      Syrtlanlar ýylyň islendik döwründe jübütleşýärler we ene syrtlanyň göwrelilik döwri 90-92 güne çenli dowam edýär. Adatça 1-3 sany güjükleri bolýar. Täze doglan güjükleriniň gözleri 5-8 günde açylýar. Olar 4-5 aýa çenli enesini emip, iki aýdan soň et iýmäge başlaýarlar. Çagalaryny ösdürip ýetişdirmäge syrtlanlaryň ikisi hem gatnaşýar.
     Syrtlanlaryň tebigatdaky ähmiýeti örän uludyr. Olar dürli sebäplere görä ölen ýabany we öý haýwanlaryň maslyklaryny iýmek bilen ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni alýarlar. Bu bolsa beýleki haýwanlaryň sagdyn köpelmegine ýardam berýär.Hojalyk mallaryna zyýany ýetmeýänligine garamazdan, olar kä halatlarda möjek üçin gurnalan gapana düşýärler. Olaryň tebigatdaky sanyny köpeltmek maksady bilen syrtlan ýitip barýan görnüş höküminde tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň Gyzyl sanawyna we Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Her bir jandary goramak we goramaga yardam bermek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
        
                                  
  Nurmuhammet Hudaýgulyýew 
  Bathyz  döwlet  tebigy  goraghanasyň ylmy bölüminiň başlygy.
 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04