DAG EKOULGAMYNY ÖWRENMEGIŇ ÄHMIÝETI.

121
   Ýurdumyzyň ekologiýa syýasatyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen  2025-nji - “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ulgamynda hem döwlet we halkara ähmiýetli işler yzygiderli gurnalýar. 2025-nji ýylyň 21-nji 25-nji ýanwarynda Balkan welaýat daşky gurşawy goramak müdirliginiň edara binasynda ýerli hünärmenleriň we halkara bilermenleriň gatnaşmagynda Uly we Kiçi Balkan daglarynyň ýabany haýwanlarynyň biodürlüligini, esasan hem Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen alajagaplaňy, ýabany manul pişigini, dag goçuny, dag tekesini we başga görnüşleri gorap saklamak we ylmy tarapdan öwrenmek boýunça iş maslahaty geçirildi. Iş maslahatynda Balkan welaýat daşky gurşawy goramak müdirliginiň başlygy E.Taňrygulyýewiň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak müdirliginiň başlygynyň orunbasary M.Dosowyň, Bathyz we Köpetdag döwlet tebigy goraghanalaryň ylmy hünärmenleri N.Hudaýkulyýewiň, A.Potaýewanyň ýurdumyzyň tebigatyny gorap saklamakda we tebigy baýlyklary dikeltmekde ýerine ýetirilýän işler barada çykyşlary diňlenildi. Şeýle hem maslahatda Daşky gurşawy gorap saklamakda halkara guramalaryň tejribeleri baradaky maglumatlary  BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň (UNEP)  dag ekoulgamy boýunça bilermeni Martin Hofman hem-de Merkezi Aziýa boýunça bilermen Azamat Isakow “Ýitip barýan görnüşler hem-de howanyň üýtgeýän şertlerinde biologik dürlüligi gorap saklamak” babatda dünýä ýüzünde we Merkezi Aziýada ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdyrdylar. Türkmenistanyň faunasynda Dünýä ýüzünde ýitmek howpy abanýan görnüş bolan alajagaplaňy hem-de ýabany  haýwanlary gorap saklamak babatda Türkmenistanyň dünýä derejesindäki goşandy barada Tatýana Rozen öz çykyşlarynda belledi. Soňra iş saparynyň dowamynda ylmy gözegçilikler  Uly Balkan, Kiçi Balkan daglarynda we Garabogazyň kenar ýakasyna golaý Gyzylgüp belentliklerinde geçirildi. Ylmy barlaglara hünärmenler bilen bilelikde müdirligiň işgärleri, tebigaty söýüji raýatlar, meýletinçiler gatnaşyp  Uly Balkan dagynyň  beýikligi bolan Arlan dag belentligine dag ýodalary bilen çykyldy. Uly Balkan dagynyň gary dag gözelligine has-da aýratyn täsinlik berýär. Garyň üstünde alajagaplaňyň, aýraklaryň yzlary görüldi hem-de ýabany haýwanlary ylmy tarapdan öwrenmek maksady bilen hereket duýujy surat gapanlary dag gerişlerinde goýuldy. Gyzylgüp beletliklerinde bolsa Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen itaýynyň we garagulagyň ýaşaýan ýerleri hasaba alyndy. Kiçi Balkan dagynyň täsin dag landşafty bar, bu ýerde ýaşaýan dag tekeleri we dag goçlary öwrenmek boýunça geçilýän ylmy işler barada ylmy barlaga gatnaşan tebigaty söýüji hünärmen H.Hojamyradow myhmanlara gürrüň berdi. Daglyk ýerlerde ýurdumyzyň alpnistleri hemişe ýörite ýörişleri gurnaýar. Balkanabadyň ýaşaýjysy Begenç Mämmedow hem hemişe dag ýodalary bilen Balkan dagynyň belentliklerine gezelençleri gurnaýandygy barada hünärmenler bilen söhbetdeşlik geçirdi. Ylmy barlaga gatnaşan tebigaty söýüji meýletinçiler S.Fateýew, A.Weýisow, A.Kurbanow gyş paslynyň gözelliklerini synlamak bilen özleriniň  tebigat baradaky suratlarynyň gorlaryna maglumatlary topladylar. Meýdan gözegçiliklerinde çopanlar bilen hem duşuşyklar gurnaldy. Şeýle hem türkmen halkynyň däp dessurlarynyň arasynda tebigat barada aýdylan pähimler barada çopanlaryň gürrüňleri olarda has uly täsir galdyrdy. Meýdan ylmy gözegçiliklerde daşary ýurtly hünärmenler türkmen tebigatynyň täsinligi hem-de Balkan daglarynyň biodürlüliginiň goralyp saklanmagynyň wajypdygyny bellediler. 
                               Balkan welaýat daşky gurawy goramak müdirliginiň başlygynyň orunbasary Weli Nasyrow
                               Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň Ylmy bölüminiň başlygy Aknabat Potaýewa

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04