Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginde Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi.
752025-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda, Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazowyň Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kristopher Daggan bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda taraplar daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Global we sebitara ekologiýa meseleleri, şol sanda howanyň üýtgemegi, biologik dürlüligi gorap saklamak hem-de tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Ilçi Kanada tarapyndan Türkmenistanyň ekologiýa başlangyçlaryny goldamak hem-de bilelikdäki taslamalary ösdürmek ugrundaky gyzyklanmalaryny beýan etdi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar bu möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň zerurdygyny tassykladylar.