Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Ilatly nokatlar boyunça Maksatnamasynyň (UN-Habitat) wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
63 2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazowyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasynyň (UN-Habitat) wekilleri bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen “UN-Habitat” arasynda daşky gurşawy goramak we şäher ösüşi babatda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Hazar deňziniň sebitinde howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak maksady bilen işlenip taýýarlanylýan taslamalara üns çekildi. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP) bilen utgaşykly işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy.
Duşuşykda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde şähergurluşygynyň öňdebaryjy tejribeleriniň üstünlikli ornaşdyrylýandygy bellenip, bu işleriň durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda amala aşyrylýandygy nygtaldy. Şeýle hyzmatdaşlyklar Türkmenistandaky şäherleriň ekologiýa taýdan durnuklylygyny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.