Türkmenistan boýunça 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 20-26-sy aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty.

26
Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-12-den 13-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1...-3°С sowukdan +2...+4°С aralygynda maýyl, gündizlerine +6...+8°С-dan +12...+14°С aralygynda maýyl bolar.

 Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-11-dan 12-14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2...-4°С sowukdan +1...+3°С aralygynda maýyl, gündizlerine +5...+7°С-dan +11...+13°С aralygynda maýyl bolar.

 Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda           gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3...+2°С-dan +2...+7°С aralygynda maýyl, gündizlerine +10...+15°С, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +5...+10°С maýyl bolar.

 Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4...+1°С-dan 0...+5°С aralygynda maýyl, gündizlerine +5...+10°С-dan +12...+17°С aralygynda maýyl bolar.

 Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine    0...-5°С sowukdan 0...+5°С aralygynda maýyl, gündizlerine +4...+9°С-dan +12...+17°С aralygynda maýyl bolar.

 Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine       -2...-7°С sowukdan -1...+4°С aralygynda maýyl, gündizlerine +2...+7°-dan +10...+15°С aralygynda maýyl bolar.

 Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3...-8°С sowukdan   -2...+3°С aralygynda maýyl, gündizlerine -1...+4°С-dan +5...+10°С aralygynda maýyl bolar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04