Türkmen selmeleginiň biologiýa taýdan aýratynlygy

43
Köpetdagda ösümlikleriň 1800 töweregi görnüşi ösýär, olaryň 400-den gowragy endemiklerdir. Ol köpdürlüligi boýunça Merkezi Aziýanyň daglyk ýerleriniň endemikleriniň iň ýokary derejesidir.
Günorta-Günbatar Köpetdagyň täsin tebigaty ajaýyp dag landşafty bilen gaýtalanmajak gözelligi düzýär. Geçen asyrda bu sebitde syýahat eden tebigaty öwreniji alymlar ol ýerleriň şeýle gymmatly baý ösümlik we haýwanat dünýäsine göz ýetirip, oňa Merkezi Aziýanyň göwheridir diýip belläp geçipdirler. Sebitde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2024ý.) girizilen 121 görnüşiniň 56 sanysynyň gabat gelmegi, ol ýeriň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar. 
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy   Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopedik kitabynda bellenilip geçilýän  dermanlyk ösümlikleriň aglaba köpüsiniň sebitde gabat gelýändigi buýsandyryjydyr. Bu ýerde ösýän ýabany miweli, däneli we kösükli ösümlikler gelejekde medeni nusgalarynyň seçgisi üçin ähmiýetlidir. Bu ýerde dag tokaýlaryny emele getirýän agaç we gyrymsy agaçlaryň 100-den gowrak görnüşi ösýär. Miwesi bihasap bakjalar, saýasyna gün düşmeýän baglar, geçip ötmesi hatarly kert gaýaly daglar, mydama gök öwsüp oturan arçalar, reňme-reň gül açýan ýaýlalar görenleri haýrana galdyrýan, görmedigi görsem diýip arzuw etdirýän jülgäniň syýahatçylary ýyl-ýyldan artýar. Bahar paslynda jülge has-da ajaýyp görke eýe bolýar. 
Günbatar Köpetdagda ösýän seýrek ösümlikleriň biri-de türkmen selmelegidir  (Mandragora turcomanica Mizg). Itüzümler maşgalasyna degişli, tretik (üçünji) döwrüniň  relikt ösümligidir. Selmelek üç müň ýyl töweregi ýaşap gelýän gadymy ösumlikleriň biridir. Selmelek (mandragora) Adamataň kellesi, erkeklik köki, söýgi almasy, mährigöýä ýaly atlar bilen tanalýar. 
Selmelek möhüm ylmy ähmiýetli endemik ösümlikdir. Görnüş Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň (2024ý.) dördünji neşirine girizilen. Selmelek 1942-nji ýylda alym O.F.Mizgirýewa tarapyndan ylymda belli bolup, ol türkmen florasynda görnükli orny eýeledi. Asyrlaryň dowamynda gizlin syrly we dürli rowaýatlara öwrülen mährigöýä adamy dertden halas etmekde kömek edýär diýlip bellenilýär. Belli rus arheology I.N.Hlopkin Günorta-Günbatar Türkmenistanyň ilatynyň arasynda bäş müň ýyl mundan öň hem mährigöýäniň ruhy medeniýetde uly ähmiýeti bolupdyr diýip belläpdir.   
Selmelegiň dünýä florasynda dört görnüşi belli bolup, iň ähmiýetlisiniň biri-de türkmen selmelegidir. Olaryň hemmesi-de dermanlyk häsiýete eýedir. Selmelegiň düzüminde atropin, skopolamin, giosiamin we mandragorin saklanýar. Selmelegi diş agyryda, onuň düýbünde döreýän çişi bejermekde irki döwürlerde hem peýdalanypdyrlar. Gadymy grek alymy Feofrast selmelek ýaranyň bitmeginde, gyzyl ýele, ýanyga we ukusyzlyk keselini bejermekde kömek edýär diýip belläpdir.
Türkmen selmelegi köpýyllyk, baldaksyz, topragyň ýokary gatlagynda ösýän ösümlikdir. Onyň ýapraklarynyň uzynlygy tebigy şertlerde 45–50 santimetre, medeni ýagdaýda 55–60 santimetre çenli ösýär. Ýapraklarynyň sany 21-e çenli bolýan geň ösümlikdir. Türkmen selmeleginiň owadan, ýygy ýerleşen ýapraklary onuň ýaşyny kesgitlemekde uly ähmiýete eýedir. Türkmen selmeleginiň biologiýa taýdan aýratynlygynyň biri-de beýleki ösümlikler ösüşini bes edende onuň gögerip çykýandygyndadyr. 
Selmelek tebigatda güýz aýlary ygally gelen wagtlary sentýabr– oktýabr aýlarynda gögerip çykýar, fewral–mart aýlarynda gülleýär, aprel–maý aýlarynda miweleýär we iýun aýynyň 20-sine miwesi doly bişip ýetişýär. Selmelegiň bişen sarymtyl pomidora çalymdaş miwesiniň zamçaň ysyna meňzeş ajaýyp, ýakymly ysy bardyr. Türkmen selmeleginiň güli açyk benewşe-mämişi reňklidir, ol baklajanyň gülüni ýada salýar. Selmelek gyş wagtlary gulleýänligi üçin başga amatsyz ýerlerde miwe bermeýär. 
Türkmen selmelegi tebigatda Sünt-Hasardagyň günorta eňňitlerinde Altybaýda, Şeplide, Sarymsaklyda, Galalygözde, Beýliderede, Garasuwda saklanyp galandyr. Bu ýerler gyşyna mylaýym dag howasy bilen tapawutlanýar. Garatikenek (Palirus spina christi), garatiken (Rhamnus coriacea), haraçeken (Crataegus turkestanica), böwürslen (Rubus anatolicus) ýaly ösümlikleriň türkmen selmelegini zyýanly täsirlerden goramakda, mikroklimat döretmekde we onuň şu günlere çenli saklanyp galmagynda hyzmaty örän uludyr.
Türkmen selmeleginiň tohumyny sentýabr aýlary çygly topraga ekilende oňat gögeriş alynýar. Medeni şertlerde sentýabr aýynyň başynda selmelegi ekip suwarylýar. Selmelegiň şitilleri ir güýz aýlarynda gögerse, gyşyň sowugy täsir etmeýär. Selmelek tohumyndan ekilende 35–45 günden gögerip çykýar, noýabr aýyndan soň ekilse fewral–mart aýlary gögerip çykýar. Onuň köki bir ýylda 12–15 sm, ýapragynyň boýy 8–10 santimetre çenli ösýär. Geçirilen gözegçilikleriň netijesinde ömrüniň ikinji ýylynda köküniň uzynlygy 20–25 santimetre ýetýänligi anyklanyldy.
Köpýyllyk uly selmelekleriň 3 kilograma çenli hasyl berýändigini geçirilen tejribeler  görkezdi. Amatly howa şertlerinde tebigy ýagdaýda ösýän köpýyllyk 1 düýp selmelegiň 60 sany miwe beren wagtlaryna gabat gelindi. Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň biodürlüligi köpeldiş synag merkezinde ekilen türkmen selmeleginiň üçünji ýyl miwe berýändigine gözegçilik edildi. Selmelekler 3-nji ýyl birden ýedä çenli miwe berdi. Şu geçirilen synaglaryň netijesinde selmelegi tohumyndan ýa-da 1–2 ýyllyk şitilinden köpeldip, goraghananyň Merkezi bölüminiň günorta ýapgytlaryna ekip, öňki tebigy ösýän ýerlerine göçürmek onuň tebigatdaky sanyny dikeltmäge doly mümkinçilik berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen türkmen tebigatynyň gözelligini, daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamaga, ýokary bejerijilik ukyby bolan dermanlyk ösümliklerini ylmy taýdan öwrenmeklige, gaýtadan işlemeklige uly üns berilýär we şertler döredilýär. Türkmen tebigatynyň bu täsin hem seýrek ösümligi – selmelegi gorap saklamak we tebigatdaky sanyny baýlaşdyrmak biziň Watan öňündäki mukaddes borjumyzdyr.
Çaryýar Tagyýew,
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň 
Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasy.
Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak žurnaly.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04